AGLAMA GÖZEL GYZ
Aglama gözel gyz, göz ýaşyň döküp,
Seni söýýänleriň ýüregin ýakyp,
Ejiz ýüregiňe biraz erk edip,
Aglama gözel gyz, aý gyz aglama.
Aglama gözüňde gözýaş bolmasyn,
Gözýaşly gözleriň nury sönmesin,
Goý aglama güler ýüzüň solmasyn,
Aglama gözel gyz, aý gyz aglama.
Dogry durmuş ýoly agyrdyr emma,
Aglap geçilmeýär aglamasana,
Ejizläp aglamak gelişmez saňa,
Aglama gözel gyz, aý gyz aglama.
Bu çarhy pelegiň gurluşy şeýle,
Bagtyn gözleýänler gözýaş içinde,
Käşgä aglanyňa degse bu dünýe,
Aglama gözel gyz, aý gyz aglama.
Baýramgeldi Täçmyradow