bayramgeldi_tachmyradov
10.05.2023 15:34

ÝATLARYS SENI

             Ýatlama goşgusy

(Topardaşym M.Toýlyýewanyň

mähriban doganyna bagyşlanýar)


Ýyllar aşyp, ýene güýz pasly gelse,

Doganjan, Allanur! ýatlarys seni.

Adyň ýüregmizden çykarmy eýse,

Doganjan, Allanur! Ýatlarys seni.


Aňyndasyň, eneň-ataň, doganlaň,

Yzyň saklar, ýanýoldaşyň, çagalaň,

Unutmazlar, daýy, daýza, agalaň,

Doganjan, Allanur! Ýatlarys seni.


Güýz paslydy, oktýabryň sekizi,

Zalym pelek senden aýyrdy bizi,

Heý-de undyp bormy sen deý ezizi,

Doganjan, Allanur! Ýatlarys seni.


Ejemiz Ogulgerek, kakamyz Toýly,

Aýhan hem Alihan, Şemşat gelini,

Dogan garyndaşlaň bary gaýgyly,

Doganjan, Allanur! Ýatlarys seni.


Iň ulumyz sendiň, soňra Gahryman,

Onsoň Agamyrat, soň men, Mähriban,

Ýatan ýeriň, Jennet eýlesin Allam,

Doganjan, Allanur! Ýatlarys seni.


Körpe jigiň aglap, soňlaýar sözün,

Arkaýyn ýat, yzda galmasyn gözüň,

Diri wagtym, bolsun meň saňa sözüm,

Doganjan, Allanur! Ýatlarys seni.


                        Baýramgeldi Täçmyradow

17
59
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.