ÇYN SÖÝGI
munda adam aglamazdy, gülmezdi,
ýürek dar gursaga sygmadyk bolsa,
bu ýalançy beýle gözel bolmazdy,
eger-de çyn söýgi bolmadyk bolsa.
Mejnun Leýli diýip çöle çykmazdy,
derýada sandykly Garyp akmazdy,
Perhat dagy daşy ýaryp ýykmazdy,
eger-de çyn söýgi bolmadyk bolsa.
Mahym gyz Tahyra özün dözmezdi,
Züleýha nurana gözün oýmazdy,
Törebeg öz janyn özi almazdy,
eger-de çyn söýgi bolmadyk bolsa.
taryha däl, şugüne ser salsakda,
hakyky söýgi bar giden gursakda,
şahyrlar ýazmazdy päk duýgy hakda,
eger-de çyn söýgi bolmadyk bolsa.
muňa ynanmaýan bolmagňyz mümkin,
çyn söýgiň bardygna ynanmaklyk kyn,
hiç kim göreşmezdi ýar bagty üçin,
eger-de çyn söýgi bolmadyk bolsa.
Baýramgeldi Täçmyradow