bayramgeldi_tachmyradov
04.05.2023 02:25

ENE, ÝENE SENI GÖRESIM GELÝÄR

(Topardaşym A.Elaýasowanyň

mähriban enesine bagyşlanýar)


bu gün ýüregime erkim ýok meniň,

ene, ýene seni  göresim gelýär.

düýşümde görsemde keşbiňi seniň,

ene, ýene seni göresim gelýär.


mährem keşbiň, göz öňüme  getirsem,

ýüzüm, ýalanjykdan, ýylgyryp  gülýär.

ýüregime kine alyp otyrsam,

ene, ýene seni göresim gelýär.


ýada salsam ýoklygyňy jahanda,

gözüm ýaşa dolýar, bagrym dilinýär.

kalbym mähir küýsän wagty haçanda,

ene, ýene seni göresim gelýär.


seniň ýoklugyňy boýun alsamda,

suratyňy görsem içim  ýylynýar.

indi gaýdyp gelmejegňi bilsemde,

ene, ýene seni göresim gelýär.


ýüregmi gysdyrýar, sensiz ýaşaýyş,

muny bile-bile ýürek elenýär.

munda aýralykdan ýok eken gaçyş,

ene, ýene seni göresim gelýär.


bu dünýäden baky ýümdüň gözüňi,

diýip Aknur gyzyň ahyny sözlär.

aňda janlandyryp nurly ýüzüňi,

ene, ýene seni göresim gelýär.

25
74
okyjy dz
4 May 2023
eje-kakalar,ene-atalar naçe uzak ýaşasa gowy olardan doýma ýok,ýöne "öž balaňy eliň bn jaýlama" diýilýä,ol has beter
idealis kiz
4 May 2023
👍.....
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.