bayramgeldi_tachmyradov
05.05.2023 09:31

ÝAGYŞ ÝAGÝAR


al asmandan, damja damyp zemine,

ýagyş ýagýar, ýene seni ýatladyp.

sesin goşup meniň söýgi heňime,

ýagyş ýagýar, ýene seni ýatladyp.


ýagyş ýagsa sen şadyýan bolardyň,

şatlanardyň, ýylgyrardyň, gülerdiň,

sen ýagyşy, menem seni söýerdim,

ýagyş ýagýar, ýene seni ýatladyp.


goşgy ýazdym, söýen ýüregme dözmän,

bagyşla, bilmedim sen hakda ýazman,

gözýaşlarym deýin yzyny üzmän,

ýagyş ýagýar, ýene seni ýatladyp.


Baýramgeldi Täçmyradow


GIDERIN

eger-de bar bolsa özge söýeniň

seni söýgüň bilen goýar giderin

alawlaýan ot bolsada ýüregim

köz deýin sessizje söner giderin


açaryn men saňa ýürek syrlarym

söýgümi duýmasaň ýanar giderin

ýöne goşgularma gaty görmegin

ölünçäm sen hakda ýazar giderin


sen meni söýmeseň söýmän bilersiň

söýmeseňde seni söýer giderin

eger gitmegimi isleýän bolsaň

saňa mensiz dünýä goýar giderin


söýmeýändir öýtme giderin diýsem

seni söýýänligim üçin giderin

sen bagtly bol maňa seň bagtyň ýeter

seniň bagtyň üçin senden giderin


Baýramgeldi Täçmyradow

25
54
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.