bayramgeldi_tachmyradov
23.05.2023 18:17
GOŞGULARYM SENIŇ BILEN  BAŞLANÝAR

goşgularym seniň bilen başlanýar,
seniň bilen tamamlanýar şygyrlam,
şeýdip aýan bolýar ýüregimdäki,
meniň sen hakdaky ählije syrlam.

sen bolsa  söýgümi duýmadyk bolup,
hem görmedik bolup geziip ýörşüňe,
özüňden sowatdyň söýen ýüregmi,
menem haýran galdym söýgüň sönşüne.

Baýramgeldi Täçmyradow
11
73
bayramgeldi_tachmyradov
22.05.2023 00:06
MEN SAŇA MENI SÖÝ DIÝMÄNDIM HIJEM

Men saňa meni söý diýmändim hijem
Diňe söýgüm duýmagyňy isledim
Öz-özümçe söýüp başagaý bolup
Ýüregimde kän-kän arzuw besledim

Men saňa meni söý diýmändim hijem
Öň diýmändi, indem söý diýmez dilim
Söýýäni söýmegä bir başarmadyň
Söýülmänem başarmadyň sen gülüm

Baýramgeldi Täçmyradow
22
119
bayramgeldi_tachmyradov
21.05.2023 08:55
AÝRALYK PURSADY

Seniň, "Hoşgal" diýip, giden şol günüň,
Ömürlik gitjegňi duýmandyr göwnüm.
Belki, ykbalymyz şeýledir biziň,
Belki muny özüň islänsiň gülüm.

Sen şonda gideňde  saçlaryň darap,
Synlap duran ýaly batyşyn Günüň,
Alaçsyz galypdym yzyňdan garap,
Ýöne sen bakmadyň yzyňa gülüm.

Eger wagty dolap bolsa yzyna,
Dolap, seni göýbermezdim şol günüm,
Gitseňde, o dünýäň dowzah oduna,
Giderdim bileje, seň bilen gülüm.

Baýramgeldi Täçmyradow
18
80
bayramgeldi_tachmyradov
20.05.2023 14:42
SENI SÖÝÝÄN DIÝIP SÖÝGÜMI AÝTSAM

seni söýýän diýip, söýgimi aýtsam,
"bagyşla, senden öň biri bar" diýýäň.
meniň saňa berip biljek bagtymy,
bilmen, kimler saňa wada etdi eýýäm.

bilmen, kimler saňa wada etdi eýýäm,
bilmen, sen kimlere göwnüňi berdiň,
ýöne men şonda-da ýüregmi diňläp,
şol seniň yzyňda gezdimde ýördüm.

ah barybir meniň söýen ýüregmi,
duýmadyň, duýmagam iskemediň hiç,
bilmedim söýgümi duýansyň belki,
belki, duýdurmakda galandyryn giç.

Baýramgeldi Täçmyradow
22
132
bayramgeldi_tachmyradov
19.05.2023 15:27
Gutlag goşgusy
Nowjuwan gyz bu gün seniň günüňä,
Atdyň ädimiňi ýigrim biriňe,
Bahar pasly gelipsiň sen bu dünýä,
Arzuwlar arzuwlap, doglan günüňe,
Telwas edip, bagt dileýän ömrüňe.

Nurana gözleriň ýylgyrsyn mydam,
Aý ýaly ýüzleriň bezesin edaň,
Bu dünýä şatlykdan ýaňlansyn sedaň,
Arzuwlar arzuwlap, doglan günüňe,
Telwas edip, bagt dileýän ömrüňe.

Nowça gül deý, gözel bolsun durmuşyň,
Ajaýyp arzuwlar ömre syrmyşyn,
Bu gün saňa ençe syrlar bermişem,
Arzuwlar arzuwlap, doglan günüňe,
Telwas edip, bagt dileýän ömrüňe.

Baýramgeldi Täçmyradow
17
127
bayramgeldi_tachmyradov
17.05.2023 15:01
DURMUŞ

Bu durmuş, şeýle bir elhenç ekeni,
Ilkinji nobatda, ýalan gep-gybat.
Gep-gürrüňden beter aýralyk diýseň,
Aýralykdan beter, elhenç hyýanat.

Bu durmuş, şeýle bir hatarly eken,
Gezip bolmaz eken hatyrjem bolup,
Sen näçe goransan, goran barybir,
Arkaňdan urýalar, ýüzüňe gülüp.

Bu durmuş, şeýlebir zalym ekeni,
Munda söýmekligem jenaýat meger,
Ömür baky ýanyp, köýüp ýörmeli
Ýalňyşyp birini söýäýseň eger...

Baýramgeldi Täçmyradow
17
113
bayramgeldi_tachmyradov
16.05.2023 08:02
Men bir gyzda, gördüm gara gözüňi,
Men bir gyzda, duýdum şirin sözüňi,
Ýöne duýmadym men seniň sözüňde,
Asla görmedim men gara gözüňde,
Seni diňlänimde, seni göremde,
Görýän söýgä mätäç ýalňyz özümi.

Görernem öýdemok özge gözlerde,
Özge gözellerde, özge gyzlarda,
Men diňe görerin seniň gözüňde,
Men diňe duýaryn senoň sözüňde,
Söýgä mätäçdigňi gülüm seniňde,
Mätäçdigin ähli ynsanlaryňda.
Baýramgeldi Täçmyradow
20
85
bayramgeldi_tachmyradov
15.05.2023 06:52
GÖWÜN BERIPDIR
öz obamdan, saýlap seçip söýenim,
adyny kalbymda baky goýanym,
daşyndan guwanyp perwaz uranym,
başga bir oglana göwün beripdir.

ykbal maňa şeýle bagty bermedi,
söýgümi aýtmana pursat bolmady,
belki meniň söýenimi duýmady,
başga bir oglana göwün beripdir.

meňki bolmasaňda indi ezizim,
şonda-da men seni söýýän henizem,
ýüregimi berip söýen şol gyzym,
başga bir oglana göwün beripdir.
Baýramgeldi Täçmyradow
20
96
bayramgeldi_tachmyradov
14.05.2023 11:48
SOŇY BOLSUN

Gözlerim gapylsyn seni gözlese,
Dillerim tutulsyn adyň sözlese,
Ýüregim sen hakda bir zat gizlese,
Şol pursat, ömrümiň iň soňy bolsun.

Gulaklarym eştmesin seň sesiňi,
Almaýyn gül deýin kükän ysyňy,
Bir ýerde yzlaýsam seniň yzyňy,
Şol gün, gül ömrümiň iň soňy bolsun.

Jan tenimden çykan ýaly hamana,
Ynandym men, söýgi atly ýalana,
Indi sensiz ýaşajagym gumana,
Ýöne, senli günleň, iň soňy bolsun.

Sen dälmi ýüregmi alan talaňçy,
Diňe sen däl, goja dünýä ýalançy,
Durmuş sahna, bizem munda oýunçy,
Indi oýnumyzyň, iň soňy bolsun.

Aşyk oglan aýdar sözüm soňlaýyn,
Hemme gyzlar sen deý bolsa neýläýin,
Eger şeýle bolsa,  özge söýmäýin,
Söýsem, söýen günüm, soňky gün bolsun.

                    Baýramgeldi Täçmyradow
19
120
bayramgeldi_tachmyradov
13.05.2023 18:43
Durmuş, täsinlikden doludyr bilseň,
Başga biri aglar, eger sen gülseň,
Ýönekeýje zada begenýäň ýogsam,
Şol ýönekeý zadyň, görübi bardyr.

Pikir etme, hemme ýamandyr diýip,
Gezmegin hemmäni, özüň deý bilip,
Nadanlaň ýanynda, danalyk aýyp,
Kütekleň özüniň aryby bardyr.

Pul sowup gezseňde, baýlar mysaly,
Gezseňde jübüň boş, sergezdan ýaly,
Unutma, geçýändir. Bu dünýäň haly,
Pulsuz baýy, pully garyby bardyr.
                         Baýramgeldi Täçmyradow
26
122