bayramgeldi_tachmyradov
17.05.2023 15:01
DURMUŞ

Bu durmuş, şeýle bir elhenç ekeni,
Ilkinji nobatda, ýalan gep-gybat.
Gep-gürrüňden beter aýralyk diýseň,
Aýralykdan beter, elhenç hyýanat.

Bu durmuş, şeýle bir hatarly eken,
Gezip bolmaz eken hatyrjem bolup,
Sen näçe goransan, goran barybir,
Arkaňdan urýalar, ýüzüňe gülüp.

Bu durmuş, şeýlebir zalym ekeni,
Munda söýmekligem jenaýat meger,
Ömür baky ýanyp, köýüp ýörmeli
Ýalňyşyp birini söýäýseň eger...

Baýramgeldi Täçmyradow
17
113
bayramgeldi_tachmyradov
17 May 2023
gulshatatayewa97, käşgä hemme kişi hemişe şeýle diýip bilsedi
gulshatayewa97
17 May 2023
Durmuş ýaşanyňa degýär,
Allaň beren ömrün söýüň.
Duşmany ýylgyryş ýeter,
Hemme zat gül ýaly diýiň🤗
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.