bayramgeldi_tachmyradov
20.05.2023 14:42
SENI SÖÝÝÄN DIÝIP SÖÝGÜMI AÝTSAM

seni söýýän diýip, söýgimi aýtsam,
"bagyşla, senden öň biri bar" diýýäň.
meniň saňa berip biljek bagtymy,
bilmen, kimler saňa wada etdi eýýäm.

bilmen, kimler saňa wada etdi eýýäm,
bilmen, sen kimlere göwnüňi berdiň,
ýöne men şonda-da ýüregmi diňläp,
şol seniň yzyňda gezdimde ýördüm.

ah barybir meniň söýen ýüregmi,
duýmadyň, duýmagam iskemediň hiç,
bilmedim söýgümi duýansyň belki,
belki, duýdurmakda galandyryn giç.

Baýramgeldi Täçmyradow
22
132
bayramgeldi_tachmyradov
20 May 2023
myhman, name hakda düzmeli
Myhman
20 May 2023
Manada duzup berjekmi gosgy
bayramgeldi_tachmyradov
20 May 2023
myhman, sagboluň minnetdar
Myhman
20 May 2023
bravo👏👏👏👏👏👏👏👏
bayramgeldi_tachmyradov
20 May 2023
myhman, hawa özüm düzdüm gowy bolmandyrmy?
Myhman
20 May 2023
Ozun duzdinmi
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.