bayramgeldi_tachmyradov
14.05.2023 11:48
SOŇY BOLSUN

Gözlerim gapylsyn seni gözlese,
Dillerim tutulsyn adyň sözlese,
Ýüregim sen hakda bir zat gizlese,
Şol pursat, ömrümiň iň soňy bolsun.

Gulaklarym eştmesin seň sesiňi,
Almaýyn gül deýin kükän ysyňy,
Bir ýerde yzlaýsam seniň yzyňy,
Şol gün, gül ömrümiň iň soňy bolsun.

Jan tenimden çykan ýaly hamana,
Ynandym men, söýgi atly ýalana,
Indi sensiz ýaşajagym gumana,
Ýöne, senli günleň, iň soňy bolsun.

Sen dälmi ýüregmi alan talaňçy,
Diňe sen däl, goja dünýä ýalançy,
Durmuş sahna, bizem munda oýunçy,
Indi oýnumyzyň, iň soňy bolsun.

Aşyk oglan aýdar sözüm soňlaýyn,
Hemme gyzlar sen deý bolsa neýläýin,
Eger şeýle bolsa,  özge söýmäýin,
Söýsem, söýen günüm, soňky gün bolsun.

                    Baýramgeldi Täçmyradow
19
120
Jasur Atadjanow
25 May 2023
👌👍Super
abat
14 May 2023
👍🏻........
mgm
14 May 2023
👍🏻👏🏻👍🏻👏🏻👍🏻👏🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.