barlagcy
01.07.2020 22:09
Günleñ biri elden gaçan käse deý Taýyp gitdiñ sabyr käsäm moý açdy Gör nije ýyl dymp etmedik ýüregim Edil şu gün jibir jibir dil açdy Iller ýaly diýmeseñde garaşgyn ...Garaşdym. Men bir göze ilen
10
1 201
12
barlagcy
29.06.2020 18:58
Teklip
Işleriňden sypyp bilseň gel,gülüm,
Bir ajap aýdymy öwretjek saňa. Sözlerinden aýralygyň agysy, Owazyndan päk söýginiň nalasy damyp duran bir aýdymy öwretjek, Aýtmak üçin ukyp-talant gerek däl. Yşgymyzyň çagşap duran gämisi, Hem sabyryň iň soňkuja dänesi Gutaranda, Ýitireňde sen meni,
Özüň hiňlenersiň meni gerekläp.
Şonda gözleriňden damjak ýaşyňda, Meniň şu gün çekýän hasratym bardyr
Ahym bardyr her sesinde aýdymyň. Meni tapjak bolsaň aýdym aýdarsyň- Men gelerin, hem köp zatlar aýdaryn. Düşünersiň gözleriňde gaçanda, Ýüregimiň bölek-bölek gussasy. Ýaňaklaň üstünden ýoda açar-da,
Aşak eger päk söýginiň kyssasy. Halym biljek bolsaň aýdym aýdarsyň, Hiňlenersiň gözlerime zar bolsaň.
Şol aýdym dadyňa ýetişer seniň, Baryp-baryp bir biweje ýar bolsaň. Söýgimizden ýatlama ýok ýatla:ra, Gyýylaňda aýdym seni diňdirer.
Söýen adam goldaw bermä haklydyr, Öwredeýin yhlasymy siňdirip.
Şonuň üçin köp bahana tapma-da, Işleriňden sypyp bilseň gel,gülüm, Bir ajap aýdymy öwretjek saňa,
Geregi çykar...
Aşyr Hanow
11
1 292
14
barlagcy
28.06.2020 19:08
Emelsize em barmy
(Hekaýa)
Olara bu däli meýdanda ýüzin salyp gidere syçrap duran at berdiler-de, jylawdyr-u-eýer, uýandyr-u-agyzdyryk bermediler.
Bu serhetsiz ummanda ýüzüp-ýüzüp gidere gaýyk berdiler-de, gulaçlap-gulaçlap urara kürek bermediler.
* * *
Söýüp almak, söýüp barmak aňsatmy ýa-da kyn?
Gadyr bilen Gymmat üçin-ä ap-aňsat boldy. Bir arygyň suwundan, bir obanyň çöreginden kemala geldiler. Bir söýginem paýlaşdylar. Paýlaşdylar-da, ganat-per ýetirip, ýedi gat asmana uçup gitdiler. Aşyklaryň adaty boýunça, bularam: “Bizden öň Ýeriň ýüzünde biz ýaly söýşen barmyka, indem bolarmyka?” diýşerdiler.
Soň şol gaýyp ýören ýerlerinden olary zordan tutup getirdiler-de, toý saçagynyň başynda oturtdylar.
Toý etmek, toý bermek aňsatmy ýa-da kyn?
Gadyr bilen Gymmat üçin-ä juda aňsat boldy. Tapmaly zatlary başgalar tapdy, aýtmaly zatlary başgalar aýtdy, etmeli işleri başgalar etdi. Gadyr bilen Gymmat bolsa toý saçagynyň başynda ondan-mundan küm-çüm eden bolup, bu hysyrdyly ýerden tizräk göterilmäge, şol lezzetli belentlige tarap uçup gitmäge howlugyp, galpyldadylar oturdylar.
Toýdan soň, hatda, toýdan öň iki tarapyň hossarlary-da biri-birinden ýaşyryn birmeňzeş pikire geldiler: “Bular gaýynlaryndan daşrakda ýaşasyn. Gaýyn sütemini görmesin…”
Soňra daşyndan:
― Wah, jan guda, “Maşgala-başgala!” diýipdirler-diýip,bir-biregi aldadylar. Şeýdibem, etrap merkezinden gül ýaly jaý alyp berdiler. Gazly-suwly. Jaýyň içinem zatdan urup dykdylar. Gazan-tabagyna, çemçe-susagyna çenli.
― Ynha, indi ýaşaberiň ― diýdiler.
Gadyr bilen Gymmat ikisi ýaşaberjek boldular.
Ýöne, görüp otursalar, gazan diýlen zadam gazyň üstüne ataryp, aşagyny otlap goýbermeli eken, içine-de aňry-bäri atyşdyryp, bişirmeli eken. Soň şo gazandan çykanja zadam iýip, ýaşamaly eken.
Penjiräniň bir gözi döwülse, aýna salmaly eken.
Gapynyň kildi gopsa ýa gulpy döwülse, ony oňarmaly eken.
Öý diýlende-de otlyçöpden başlap, duza çenli ähli zat gerek. Garynja ýaly, şol daşap ýörmeli bor eken.
Onsoňam öý diýeniňe myhman-mediwanam gelibir eken. Onuňam öňünden çykyp garşylap, hezzet-hormat etmeli eken.
Onsoň… Bu-u-uw, edip tükedäýmeseň, sanap tükederden kän eken bi öýüň işi. Ony etmäge-de emel-u-başarnyk gerek eken.
Ilki-ilkiler myhmanam geldi, mediwanam. Öňüne çaý goýdular. Ol çäýnegi boşatsa, ýene birini demläp getirdiler-de, emelsizje ýylgyryp, myhmanyň ýüzüne seredipjik oturyberdiler. Çaýdan ýüregi syrylyp, içegelerine owaz düşüp ugran myhmanam onsoň gapa-gapa seredibiýrdi.
Gadyr bilen Gymmat söýginiň badyna-da birneme gitdiler. Ýöne dokçulyk döwrüniň söýgüsi açlyga kän bolmaz eken. Gury çörekdir kolbasa-da bez etdi.
Bir gün Gadyr sahypalaryna ýag siňip giden galyň kitaby goltuklap geldi. Şol kitaba seredip, Gymmat ikisi çorba bişirmäge durdular. Iň soňunda naharyň duzuny düzlejek bolup durkalaram, Gymmat hälki kitaby çorba gaçyrdy. Ýuwduna-ýuwduna, çorbany çykaryp dökdüler . Içiniň kitaby bilen.
Demläp, ortada basyryp goýan çäýnegine-de özleri büdredi.
Şol aralykda bir ýerden bir ogry pişik tapylyp, galanja etlerinem süýräp gitdi.
Hapa-hupa-da öýüň içinde aňrujy üýşüp bolaýjak ýer bolsa, üýşüp başlady.
Şular kimin emelsiziň öýüni aňtap ýören garynjadyr siňekler, saçakçydyr syçanlaram “Ura!” bilen çozdular.
Ýaşabermeli öýde ýaşarlyk galmady. Onsoň bular garyndaşdyr dostuňka, tanyşyňkydyr bilişiňkä ― kimden ýüz tapsalar şonuňka gatnap ugradylar. Bir ýerde toý bar habaryny eşitseler, çakylyklu-çakylyksyz, tirkeşipjik baryberdiler. Ýakynragyň toýy bolsa, toýpaýdanam hantama boldular.
Gapyçynyň garny dok, öýe barmag ýüzi ýok… Ýöne är-aýalyň ikisi birden gapyçy bolanda, ýüzem gerek däl eken. Muňa üýtgeşik emelem, başarnygam hökman däl:
― Gitdikmi?
― Gitdik.
Owal-owallar-a bularyň jübütleşip gelşini görenler söýünç bilen: “Anha, aşyk-magşuklar gelýä, gumrular gelýä” diýerdiler.
Indi bularyň garasyny görseler, sögünç bilen “Anha, torbasyz gedaýlar gelýä!” diýýärler.
Bu bela-beterleriň üstesine, yzly yzyna iki sany çaga-da dünýä indi. Ine, indi ber habaryňy!
Gadyr bilen Gymmat bu ýagdaýdanam çykalga tapdylar. Emmeden aýrylyp-aýrylmanka, çagalaryň birini Gadyryň, birinem Gymmadyň hossarlaryna “sowgat” berdiler. “Iki aýaklly iki günde. Ynha, hä diýmän, bularam ulalar, biziň ýaly adam bolar. Her gelenimizde “eje, kaka!” diýip, ylgaşyp öňümizden çykar” diýibem göwün ýüwürtdiler.
Kiçijekler ulalmasyna ulaldy. Ýöne Gadyr bilen Gymmada “eje, kaka!” diýen bolmady. Atalary, eneleri “Gadyr” diýse, çagalaram “Gadyr” diýdi, “Gymmat” diýse, bularam “Gymmat” diýdi.
― Wah, ýerçekenler, kaka diýseňiz bolmaýamy, eje diýseňiz, diliňiz kese çykýamy? ― diýip, garrylar jibrinerdi.
Adama çykalga tapmany ilki öwreden çaga dälmi! Hälki çagalaram “Gadyr kaka! Gymmat eje!” diýip gidiberdiler.
Durmuş atly beýik mugallymyň öz mekdebinden kör çykyp barýan bu iki “okuwça” näler jany ýanardy. Ol bulary birwagt ýykjakdy, “bir klasda iki-üç ýyl” oturtjakdy. Ýöne bu mekdebe-de “Ýüz göterim ýetişik gazanmaly” diýlen salgyt geldi.
Durmuş bularyň ýakasyndan tutagada, gulaklarynyň düýbüne ras goýjakdy. Ýöne her gezek ak sakgally atalar, ak gyňaçly eneler “Dat, biziň gören görgülerimiz azmy, biziň dadan şarpygymyz azmy! Dat, bulara degme!” diýşip, arada dag kimin keserdiler, bag kimin saýaladylar.
Gadyr bilen Gymmat bir-birindenem ýeke şaty görmedi. Döne-döne uruşmadylar, öküne-öküne ýaraşmadylar, “oda girip ― yssy, sandala girip ― ýassy” bolmadylar.
Wagt geçdi. Bir ýassyga baş goýlandan, aç gurt kimin iýip barýan Gadyryň ätişgir dek elleri gowşap ugrady, yşk bilen açylan näzik Gymmadyň gül bedeni tulkaryp, gujagy sowap başlady. “Men näme üçin başga birini almadymkam? Men näme üçin başga birine barmadymkam? ” diýlen şeýtan şübhesem penjireden-gapydan girere ýer gözläp ugrady. Emma olaryň welin, dünýäden bihabar, gapy-gapy elenip, gözi bilen dilenip, şol ýörüşleri.
Bilip bolmaz, belki, bir gün olar siziňem işigiňizden inerler. Emelsizje ýylgyryp, saçagyňyza serederler. Şonda bir gabadyna getiriň-de şeý diýiň:
― Gara daglar ýykylar, ýerine dag bolan gerek. Gara baglar çapylar, ýerine saýa salan gerek!
Şeýdip, bir aýdyp görüň!
“Akyl satýar” diýerler. Diýenler diýibersin!
“Köne gürrüň” diýerler. “Göni gürrüň” diýerler. Diýenler diýibersin!
Kömek Kulyýew
12
1 264
24
barlagcy
27.06.2020 16:00
Söýgi ädimleri
Sonetler çemeni
VI
Ýagty pikirlerim Gün bilen doglar,
Yşkymy jar eder bagdaky guşlar.
Günleriň her biri söýgüden boglan
çemenimdir – olar huşumdan uçmaz.
Ýazýaryn, ýüregim tapýar teselli,
Söýýärin, şeýdibem, ot alýar jiger.
Kalbym – yşka düşen otly kesindi,
Ol meni iru-giç güň-telbe eder.
Şarf deýin yşkymy orap boýnuma,
Söýgimi eşiklem deýin geýýärin.
Hiç düşünip bilmän yşkyň oýnuna,
Sergezdany bolup galdym eýýamyň.
Bak, durmuş gözellik, bahar-ýaz onda,
Joşgun bar guşlaryň göge galşynda.
VII
Joşgun bar guşlaryň göge galşynda,
Hyjuwmy göge çen göterer olar.
Ýylgyrar nurly Gün, tämiz Aý şonda,
Gözlerime bolsa şöhlesi dolar.
Başym goýup asmanyň ak döşüne,
Ak bulutlar dälmi daşymy gallan?!
Bu yşk diýip,
Söýgi diýip ýörşüme,
Saňa golaýlaşyp barýaryn, Allam!
Zemin düşelgämdir, külbämem – köşgüm.
Ýatmaz ýüregimiň owazy, heňi.
Ahyrsoň ugrunda elewrän yşkym,
Şahyrlyk hetdine ýetirer meni.
Ömrüni manat deý harç edip, sowran,
Barmy, heý, men ýaly yşksyran oglan?!
VIII
Barmy, heý, men ýaly yşksyran oglan?!
Hyýallam syganok ýer-göge, çäge.
… Ah, meni azaplar içinde dogran
Enem, gursagyma salanyň näme?!
Nämeden döşümi ýumruklamasy?!
Ruhy dünýäm elendi oň derdinden.
Artdy jigerimiň gowgasy, sesi,
Ahyr ony bir gözele berdim men.
Şondan bärem dünýä aýlanyp ýörün,
Gözläp ýörün ýitigimi, geregmi.
Geçmişi agtaryp, geljegi dörüp,
Gören barmy şol ýitiren ýüregmi?!
Ýene ýollarda men, duşaryn belki,
Ýoluma çaýylar şapagyň reňki.
IX
Ýoluma çaýylar şapagyň reňki,
Tijener ädimler, durlanar beýni.
Ruhumy terk etmez şatlyk hem gülki,
Giderin seň duşjak günlerňe çenli.
Günler maňa ýaşamaga bahana,
Yşksyz ömri, ýeri, nämä ýaratjak?!
Söýgi ruhum öwürdi gül bahara,
Şoldur meni juwan etjek, ýaş etjek.
Eý, nowjuwan yşkym, dur, biraz eglen,
Sensiz neneň bolar ýagdaýym, halym?!
Men – ömrüni saňa utduran oglan,
Seň eliňde ýazlar terjimehalym.
Sen diýip ýyllardan parran geçen bar,
Dogjak Gün yşkymy dünýä güjeňlär.
X
Dogjak Gün yşkymy dünýä güjeňlär.
Şöhleler men bolup alarlar daşyň.
Gün tyglary gülgün ýaňagyň ellär,
Ýeller ellerim deý sypalar başyň.
Asman gülüp duran ýagty ýüzümdir,
Aý – dodagym, saňa ýylgyryp bakan.
Guşlara bak, olar meniň özümdir,
Ganatyn ýaýarlar hut saňa baka.
Maňa nazar salsaň, salmasaň-da sen,
Göwnüm yşka sary rowandyr, rowan.
Sen meniňki bolsaň, bolmasaň-da sen,
Men ýene söýmegmi ederin dowam.
Söýgi – pikirlermiň gelşigi, görki,
Setirlerim göge uçurar, belki.
XI
Setirlerim göge uçurar, belki.
Iň gowy şygyrlam ýazylar onsoň.
Bolmasa bolmasyn günüm bol-telki,
Besdir, sen ýanymda,
ýadymda bolsaň!
Seni görjek bolup setirlerimde,
Başyma gaý goşgy ýazyp ýörün men.
Saňa duşmak isläp ertirlerimde,
Düýbün deşdim geçmişiň hem düýnüň men.
Gijelerden aşyp, gündizden aşyp,
Menden öňe geçen däldir Tahyram.
Seni söýen, bolar täzeden aşyk,
Seni söýen bolmabilsin şahyram.
Men deýin telbäni bolarmy geňlän?!
Günler meni bagtyň boýuna deňlär.
Goçmyrat Orazberdiýew
10
864
4
barlagcy
27.06.2020 00:19
Söýgi ädimleri
Sonetler çemeni
V
Söýgi bar säheriň ümüş-tamşynda,
Ýylgyrşyňa meňzäp tylla Gün dogar.
Ýaşmaksyz Güneşiň nazar salşynda,
Seniň yssy mähriň bar ýaly, meger.
Şapakdan reňk alan gyzyl köýnegiň
geýip, her gün säher gidersiň işe.
Adaty zat indi ýanyp-köýmegim,
Örtenmek däl indi uly bir pişe.
Kalby dyňzap giden ýygra bulut men,
Ýagaryn böwrüni dilip gökleriň.
Seni gözläp, seni tapjak bolup men
Kän gezdim içinde seýilgähleriň.
Men kalbynda Güni göteren oglan,
Ýagty pikirlerim Gün bilen doglar.
Goçmyrat Orazberdiýew
8
147
0
barlagcy
26.06.2020 17:40
Söýgi ädimleri
Sonetler çemeni
IV
Hiç bir güýç ýolumy saklamaz indi,
Köçe. Ýol hem çatryk. Öýleň diwary.
Men olardan parran geçerin şindi,
Ýazylar yşkymyň terjimehaly.
Söýgi timarlady meniň ömrümi,
Hem juda düşnükli ömür sürdüm men.
Kyn günlere asla dözmediň meni,
Hemem nä günlere rowa gördüň sen.
Ýagty ertirlere egnimi deňläp,
Bagta sary has dözümli ýöredim.
Ýarasy açylan hassa deý iňläp,
Gysymymda saklap du:run ýüregim.
Hyjuw bar ýüregiň batly urşunda,
…Söýgi bar säheriň ümüş-tamşynda.
Goçmyrat Orazberdiýew
10
525
3
barlagcy
26.06.2020 13:37
Söýgi ädimleri
Sonetler çemeni
III
Çykjak bolsaň, sähra, ine, düz, ine,
Keserip dur öňde yşkyň synagy.
Yzynda selpedip, salyp öňüne,
Ykbal bizi neneň, niçik synady?!
Arzuwlarym saňa gelip togtady,
Senden başgaň arzuwyny etmedim.
Gözleň – syýa, gara saçlaň nogtady,
Men özümden geçip, saňa ätledim.
Günler – seň ýoluňda kakylan gazyk,
Men – söýgä dikilen iň ajap heýkel.
Bolarmy, heý, seni maňlaýa ýazyp,
Ýa-da maňlaýyňa ýazjagyň, heý, kim?
Bu sowal ýürege ok deý direldi,
Hiç bir güýç ýolumy saklamaz indi.
Goçmyrat Orazberdiýew
12
357
2
barlagcy
26.06.2020 08:49
Söýgi ädimleri
Sonetler çemeni
II
Günler şygyr bolup kalbyma siňdi.
Gözlerme göründi olar sen bolup.
Ömür ýaglygyň deý ýelpeselendi,
Dolduň kalba aýdym bolup, heň bolup.
…Her gün köçäňizi suwlap, sübseläp,
çykanyňda, güle dönýär ýodalar.
Bijesine seniň düşmegňi diläp,
Niçe oglan tebil tapar, ot alar.
Köçe däl, dünýämiz öwrüler ýaza,
Bagtdyr siziň köçäňizden gaýtmagam.
Duşanym sebäpli sen gözel gyza,
Öwrendim zowladyp aýdym aýtmagam.
Yşkdan doly günleň basyp gözüne,
Çykjak bolsaň, sähra ine, düz, ine.
Goçmyrat Orazberdiýew
12
357
9
barlagcy
26.06.2020 00:20
Söýgi ädimleri
Sinetler çemeni
Ömrüm damdy ak kagyzyň ýüzüne,
Günler gözlerime guýdy sabryny.
Ýaşap ýördüm ilmän yşkyň gözüne,
Bir gözel gyz süýjetdi meň labzymy.
Kalbymda üýtgeşik täze Gün dogdy,
Bedenime ýaýrady bir ýylylyk.
Söýginiň şarpygy maňa-da degdi,
Gitdim menem şol “şarpykdan” ulalyp.
Gyzaran ýaňagmy sypady ýeller,
Söýgä iki ýaňagymam tutdum men.
Yşkyň şarpygyny datmadyk bilmez,
Söýüp,
Seni söýüp, bagty utdum men.
Gözlem özge bagty gözlemez indi,
Günler şygyr bolup kalbyma siňdi.
Goçmyrat Orazberdiýew
11
337
3
barlagcy
25.06.2020 09:33
Wagty geler, adamyň asyl ýaradylyşy ykbaly bilen ýüzbe-ýüz çaknyşar — şonda şeýle bir partlama dörär!..
Diňlemegi halaýaryn. Ynsalary ünsli diňlemek bilen köp zat öwrendim. Käbir adam söhbetdeşini asla diňlemeýär.
Aşa pikirlenýän her bir adam ateistdir.
Garşylyk görkezmezden öň pikirlen, sowmazdan öňürti gazan. Ýazgarmaga howlukma, “bolanok” diýme, täzeden synanyş. Aýrylmazdan öňürti geçenleriňi ýatla. Her näme etseň-de, gowuja oýlan.
Köp synaglary başyndan geçiren adam wagta öz kömekçisi ýaly garap başlaýar.
Wagt — peýdasyna ýa-da zyýanyna ulanylandygyna baglylykda garrylygyň başujunda duran teselliçi ýa-da jellatdyr.
Ömrüň nämedigine düşünýänçäk, eýýäm gutaraňkyrlaýar.
Gör, nähili gymmatly minutlarymyzy öz ejizligimiziň edenine däl diýip bilmän sarp edýäris. Olar ýeňles güýmenjeleriň, boş gürrüňleriň, şübheli we peýdasyz şagalaňlaryň pidasy bolýar.
Ýalňyzlyk – ruhy güýçli ynsany terbiýelese, ejiz ruhlular üçin ol jebirdir.
Paýhas — ykbalyň bişişen akyla iň soňky peşgeşidir
Ylham hem edil söýgi ýaly joşgunly bolup bilýär.
Meniň ýazyjylyk endiklerim ýönekeý: uzak oýlanmak we gysga wagtda ýazmak. Işimiň köp bölegini aňymda bişirýärin. Pikirlerim belli bir tertibe gelýänçä ýazmaga başlamaýaryn.
Okyjy has inçe pikirleri sypdyrmazlyk üçin üme düşünmeli.
Mende seýrek duşýan, öz eserlerime kesekiniň nazary bilen seredip bilmek ukyby bar. Başga bir ynsaby pesräk ýazyjynyň kabul etjek zadyny köp gezek ýaýdanman inkär edýärdim.
Gowy kitabyň gymmatlylygy we özüne çekijiligi onuň kämil derejede sadalygynda, aç-açanlygynda, häsiýetleri we hereketleri döredýän islegleri hamala säwlik bilen diýen ýaly edip açyp bilmeginde. Bu – diliň hem pikiriň sadalygy.
Häzirki zaman ýazyjylarynyň iň uly aýby — bezegçilige we daşky ýylpylda höwesjeňlikleridir.
Ernest Hemingueý
17
1 413
11
Yene yükle