barlagcy
27.06.2020 16:00
Söýgi ädimleri
Sonetler çemeni

VI
Ýagty pikirlerim Gün bilen doglar,
Yşkymy jar eder​ bagdaky guşlar.
Günleriň her biri söýgüden boglan
çemenimdir – olar huşumdan uçmaz.

Ýazýaryn, ýüregim tapýar teselli,
Söýýärin, şeýdibem, ot alýar jiger.
Kalbym – yşka düşen otly kesindi,
Ol meni iru-giç güň-telbe eder.​

Şarf deýin yşkymy orap boýnuma,
Söýgimi eşiklem deýin geýýärin.
Hiç düşünip bilmän yşkyň oýnuna,
Sergezdany bolup galdym eýýamyň.

Bak, durmuş gözellik, bahar-ýaz onda,
Joşgun bar guşlaryň göge galşynda.

VII
Joşgun bar guşlaryň göge galşynda,
Hyjuwmy göge çen göterer olar.
Ýylgyrar nurly Gün, tämiz Aý şonda,
Gözlerime bolsa şöhlesi dolar.

Başym goýup asmanyň ak döşüne,
Ak bulutlar dälmi daşymy gallan?!
Bu yşk diýip,
Söýgi diýip ýörşüme,
Saňa golaýlaşyp barýaryn, Allam!​

Zemin düşelgämdir, külbämem – köşgüm.
Ýatmaz ýüregimiň owazy, heňi.
Ahyrsoň ugrunda elewrän yşkym,
Şahyrlyk hetdine ýetirer meni.

Ömrüni manat deý harç edip, sowran,
Barmy, heý, men ýaly yşksyran oglan?!

VIII
Barmy, heý, men ýaly yşksyran oglan?!
Hyýallam syganok ýer-göge, çäge.
… Ah, meni azaplar içinde dogran
Enem, gursagyma salanyň näme?!

Nämeden döşümi ýumruklamasy?!
Ruhy dünýäm elendi oň derdinden.
Artdy jigerimiň gowgasy, sesi,
Ahyr ony bir gözele berdim men.

Şondan bärem dünýä aýlanyp ýörün,
Gözläp ýörün ýitigimi, geregmi.
Geçmişi agtaryp, geljegi dörüp,
Gören barmy şol ýitiren ýüregmi?!

Ýene ýollarda men, duşaryn belki,
Ýoluma çaýylar şapagyň reňki.

IX
Ýoluma çaýylar şapagyň reňki,
Tijener ädimler, durlanar beýni.
Ruhumy terk etmez şatlyk hem gülki,
Giderin seň duşjak günlerňe çenli.

Günler maňa ýaşamaga bahana,
Yşksyz ömri, ýeri, nämä ýaratjak?!
Söýgi ruhum öwürdi gül bahara,
Şoldur meni juwan etjek, ýaş etjek.

Eý, nowjuwan yşkym, dur, biraz eglen,
Sensiz neneň bolar ýagdaýym, halym?!
Men – ömrüni saňa utduran oglan,
Seň eliňde ýazlar terjimehalym.

Sen diýip ýyllardan parran geçen bar,
Dogjak Gün yşkymy dünýä güjeňlär.

X
Dogjak Gün yşkymy dünýä güjeňlär.
Şöhleler men bolup alarlar daşyň.
Gün tyglary gülgün ýaňagyň ellär,
Ýeller ellerim deý sypalar başyň.

Asman gülüp duran ýagty ýüzümdir,
Aý – dodagym, saňa ýylgyryp bakan.
Guşlara bak, olar meniň özümdir,
Ganatyn ýaýarlar hut saňa baka.

Maňa nazar salsaň, salmasaň-da sen,
Göwnüm yşka sary rowandyr, rowan.
Sen meniňki bolsaň, bolmasaň-da sen,
Men ýene söýmegmi ederin dowam.

Söýgi – pikirlermiň gelşigi, görki,
Setirlerim göge uçurar, belki.

XI
Setirlerim göge uçurar, belki.
Iň gowy şygyrlam ýazylar onsoň.
Bolmasa bolmasyn günüm bol-telki,
Besdir, sen ýanymda,
ýadymda bolsaň!​

Seni görjek bolup setirlerimde,
Başyma gaý goşgy ýazyp ýörün men.
Saňa duşmak isläp ertirlerimde,
Düýbün deşdim geçmişiň hem düýnüň men.

Gijelerden aşyp, gündizden aşyp,
Menden öňe geçen däldir Tahyram.
Seni söýen, bolar täzeden aşyk,
Seni söýen bolmabilsin şahyram.

Men deýin telbäni bolarmy geňlän?!
Günler meni bagtyň boýuna deňlär.

Goçmyrat Orazberdiýew
10
864
barlagcy
29 Iýun 2020
Salam howa sag bolun yaltanman okanyn un
Ajayyp
28 Iýun 2020
gaty govy setirler ekeni
Myhman Myhman
28 Iýun 2020
Salam Dõwran hemme setirleñ içinde Saña golaýlaśyp barýaryn allam setirini has haladym gaty gowy ?M
G❤?
27 Iýun 2020
su sonetler cemenini men gaty gowy gordum men guljemal
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.