barlagcy
26.06.2020 00:20
Söýgi ädimleri

Sinetler çemeni

Ömrüm damdy ak kagyzyň ýüzüne,
Günler gözlerime guýdy sabryny.
Ýaşap ýördüm ilmän yşkyň gözüne,
Bir gözel gyz süýjetdi meň labzymy.

Kalbymda üýtgeşik täze Gün dogdy,
Bedenime ýaýrady bir ýylylyk.
Söýginiň şarpygy maňa-da degdi,
Gitdim menem şol “şarpykdan” ulalyp.​

Gyzaran ýaňagmy sypady ýeller,
Söýgä iki ýaňagymam tutdum men.
Yşkyň şarpygyny datmadyk bilmez,
Söýüp,​
Seni söýüp, bagty utdum men.

Gözlem özge bagty gözlemez indi,
Günler şygyr bolup kalbyma siňdi.

Goçmyrat Orazberdiýew
11
337
G❤?
29 Iýun 2020
Bolya sizem sag bolun komek edeniniz ucin
barlagcy
29 Iýun 2020
Sag bolun
Karaleva
26 Iýun 2020
gowy gosgy??
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.