Günleñ biri elden gaçan käse deý
Taýyp gitdiñ sabyr käsäm moý açdy
Gör nije ýyl dymp etmedik ýüregim
Edil şu gün jibir jibir dil açdy
Iller ýaly diýmeseñde garaşgyn
...Garaşdym.
Men bir göze ilen juwan gyz ahyr
Aladadym enem bilen atama
Guda gelse ýer tapamok girere
Gatnaýanlar köpelipdi ak tama
Añsalaram aldamaga çalşanym
Garaşdym.
Kese bakýan kesip geşjek ýoluña
Iliñ gözi maña göni dikilýär
Sen dünýäni ýumrup gitdiñ başyma
Göz kän dil kän şu zatlardan çekinýän
Halyñ niçik daşgulakdan soradym
Garaşdym
Mende bir dert sende-de müñ alada
Derdim ýeñletmäge käte gel ahyr
Meni ýüpsiz aýralyga saradyñ
Dartyberseñ kertiberer teý ahyr
Ynanýañmy men hiç kime garaşsyz
Garaşdym.
Köp mahallar ýyllap du:şman oñýarsyñ
Maýam dörär käte kowup gaçara
Derdim çekişeñok asyl özüñ dert
Men bu gije ejem bilen aglaşdym
Garaşdym.
Ogulnur Ataýewa