barlagcy
26.06.2020 08:49
Söýgi ädimleri
Sonetler çemeni
II
Günler şygyr bolup kalbyma siňdi.
Gözlerme göründi olar sen bolup.
Ömür ýaglygyň deý ýelpeselendi,
Dolduň kalba aýdym bolup, heň bolup.

…Her gün köçäňizi suwlap, sübseläp,
çykanyňda, güle dönýär ýodalar.
Bijesine seniň düşmegňi diläp,
Niçe oglan tebil tapar, ot alar.

Köçe däl, dünýämiz öwrüler ýaza,
Bagtdyr siziň köçäňizden gaýtmagam.
Duşanym sebäpli sen gözel gyza,
Öwrendim zowladyp aýdym aýtmagam.

Yşkdan doly günleň basyp gözüne,
Çykjak bolsaň, sähra ine, düz, ine.

Goçmyrat Orazberdiýew
12
357
Janiim?
26 Iýun 2020
Dusundim oydyan

entek esidip gormandim
barlagcy
26 Iýun 2020
Duynki goyanym bar 1 bolumi son in sonky setirine seret gunler sygyr bolup gownume sindi diyip gutarya bu bolumin birinji setiri son bn baslaya ucunji bolumin 1 setiri su bolumin in sonky setiri bilen baslarcykjak bolsan sahra ine duz ine diyip yzam sol yzygiderlilikde dowam edya in sonunda her bolumden bir bolum emele gelya
barlagcy
26 Iýun 2020
Berekella malades gowja oka onda Guljemal elbetde barlagcy men dusundinmi sonet name bolyan eken ya dusunmedinmi
Janiim?
26 Iýun 2020
Meniñ adym Guljemal yok gutaramaok entak yany sekizinji synpy gutardym men bah menin yasymy bilen kici gorya siz cyndanam barlagcymy???
barlagcy
26 Iýun 2020
Hekaýa bolanda ol proza bolya kyssa yagny gurrun bilen yazylan eser emma sonetler cemeni gosgy poeziya gornusinde yazylya

Seret uns ber . Sonetler cemenini hemme yazyjy sahyra yenil dusmandir ol jemi 14 bolumden ybarat bolan her bolumi 14 setirden adaty dortlemeden 3 kuplet in sonky jemlemesi 2 setir bolya her bolumin in sonky setiri ikinji bolumin birinji kupledinin birinji setiri bolmaly onson 15 bolum magistral her bolumin 1 setirini alsan olam jemi 14 setir bolup kapiyalasmaly many taydan gabat gelmeli yagny yokardakylar yaly bir bolum sonet gosgy bolmaly
barlagcy
26 Iýun 2020
Yok siziñ adyñyz name okuwy mekdebi gutardyñyzmy
Janiim?
26 Iýun 2020
SONETLER CEMENI kitapmy
barlagcy
26 Iýun 2020
Yok hekaya dal sonetler çemeni soñ ikinji bolegi
Janiim?
26 Iýun 2020
Gowy yone ikinji topy has gowy bu bir hekayadan bolekmi???
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.