barlagcy
25.06.2020 09:33
Wagty geler, adamyň asyl ýaradylyşy ykbaly bilen ýüzbe-ýüz çaknyşar — şonda şeýle bir partlama dörär!..

Diňlemegi halaýaryn. Ynsalary ünsli diňlemek bilen köp zat öwrendim. Käbir adam söhbetdeşini asla diňlemeýär.

Aşa pikirlenýän her bir adam ateistdir.

Garşylyk görkezmezden öň pikirlen, sowmazdan öňürti gazan. Ýazgarmaga howlukma, “bolanok” diýme, täzeden synanyş. Aýrylmazdan öňürti geçenleriňi ýatla. Her näme etseň-de, gowuja oýlan.

Köp synaglary başyndan geçiren adam wagta öz kömekçisi ýaly garap başlaýar.

Wagt — peýdasyna ýa-da zyýanyna ulanylandygyna baglylykda garrylygyň başujunda duran teselliçi ýa-da jellatdyr.

Ömrüň nämedigine düşünýänçäk, eýýäm gutaraňkyrlaýar.

Gör, nähili gymmatly minutlarymyzy öz ejizligimiziň edenine däl diýip bilmän sarp edýäris. Olar ýeňles güýmenjeleriň, boş gürrüňleriň, şübheli we peýdasyz şagalaňlaryň pidasy bolýar.

Ýalňyzlyk – ruhy güýçli ynsany terbiýelese, ejiz ruhlular üçin ol jebirdir.

Paýhas — ykbalyň bişişen akyla iň soňky peşgeşidir

Ylham hem edil söýgi ýaly joşgunly bolup bilýär.

Meniň ýazyjylyk endiklerim ýönekeý: uzak oýlanmak we gysga wagtda ýazmak. Işimiň köp bölegini aňymda bişirýärin. Pikirlerim belli bir tertibe gelýänçä ýazmaga başlamaýaryn.

Okyjy has inçe pikirleri sypdyrmazlyk üçin üme düşünmeli.

Mende seýrek duşýan, öz eserlerime kesekiniň nazary bilen seredip bilmek ukyby bar. Başga bir ynsaby pesräk ýazyjynyň kabul etjek zadyny köp gezek ýaýdanman inkär edýärdim.

Gowy kitabyň gymmatlylygy we özüne çekijiligi onuň kämil derejede sadalygynda, aç-açanlygynda, häsiýetleri we hereketleri döredýän islegleri hamala säwlik bilen diýen ýaly edip açyp bilmeginde. Bu – diliň hem pikiriň sadalygy.

Häzirki zaman ýazyjylarynyň iň uly aýby — bezegçilige we daşky ýylpylda höwesjeňlikleridir.

Ernest Hemingueý
17
1 413
Janiim?
26 Iýun 2020
Bolya tanyryalkasyn maslahatlarynyz un bir bada ozumi dalimikam dp pikir etdim
barlagcy
26 Iýun 2020
Yoklay pikir etmeli menem pikirlenman gezyan wagtym yok
Janiim?
26 Iýun 2020
Men blmk yone mydama kellamde uytge pikirler aylanyp dur yone ozum barada dal ahli zat barada men yokardaky "jane"
barlagcy
26 Iýun 2020
Yok men pikirimce bey diyjek bolanok yazyjylarda tygysytlylyk diyip dusunje bar adam pikir etmese bolmaz adamy haywandan akyl tapawytlandyryar pikirlenmesen bolmaz yone asa pikir etmek diyyani ozun barada gereginden artyk pikir etmek gerekdal diyip dusunyan hatda agaclaryn kabirine suw gereginden kan bersen guraya son un her zadyn ceni bolsa gowy
barlagcy
26 Iýun 2020
Atayewa dogry aydyan hemme adamyñ aydan zady bilen ylalasyp bolmaz yone icinden geregini almaly yone mena haladym
barlagcy
26 Iýun 2020
Ataist diymega dusundiripdir ka wagt kopya edip yazyan yone kawagt oturyp gocuryan bolmanda gyzyklanyp okayan bar son un ceken zahmetime yaltanamok
Jane❤
25 Iýun 2020
men gaty kop pikir edyan yone dinsiz dal???
gulshatayewa97
25 Iýun 2020
Adamlaň aýdýan zatlarny diňleseň diňle, ýöne hemmesi dogrydyr öýtme?
Paradise
25 Iýun 2020
Gowy aydylan sozler
Paradise
25 Iýun 2020
Ateist diymek dinsiz adamlara diyilyar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.