barlagcy
23.02.2021 12:04
Öňküler deý el-aýagym guruşyp,
Tisginip turamok, gara basanda…
Yranyban, gidip barýan durmuşyň
Kyrk gün öň jygyldan arabasynda.

Ýa elinden gaçmyş yşgyň badasy,
Ýar hijran meýini içipdir indi.
Tüýdüldi-de arzuwlarmyň ganaty,
Kalp diýip ýörenim içikdirildi.

Ýüregime urup giden hanjaryn
Sogurdym men, hamyrdan gyl sogran deý.
Duýmasam-da neneň, niçik sanjanyn,
Soň awundym, bir gögele oglan deý.

Mende şeýle duýgy bardy, gijeler
Duýubam bilýärdim Aýyň derdini.
Başartmady, eretjekdim dünýämiň
Gursagynda dörän aýsbergini.

Bagt gaçdy…
Ara açdy, ýetdirmez,
Debsiläp kowsam-da arap atynda…
Men henizem gidip barýan durmuşyň
Kyrk gün öň jygyldan arabasynda.

Baky Amanyýazow
12
151
barlagcy
barlagcy
22.02.2021 16:18
Birwagtlar bir gözeliň keşbine, Aşyk bolan gözlerimiň nazary, Mündi gijäň ummanynyň keşdine, Gujak açýar oňa ýyldyz bazary. Ýyldyzlar gijäniň döşüni bezäp, Gülüşýärler ýalňyz aýyň moýuna. Daşyna
barlagcy
21.02.2021 18:13
Sen maña näme üçin ir sataşmadyñ
Duşman nirde bolduñ ir baharlarda
Saña çenli täleýime gargynyp
Duşman boldumnoña ir säherlerde.

Sen maña näme üçin ir staşmadyñ
Çekerdima illen çeken näzini
Tutuş ömir boýy gözledim ahyr
Sen deý arassa gan türkmen gyzyny.

Sen maña näme üçin ir sataşmadyñ
Dözmediñmi pyntyklañda öziñi
Herki zadyñ öz wagty bar sagady
Diýip gaýta alawladýañ közimi.

Hiçden giç ýagşymy ýa giçden hiç
Manysyny bilman galýan azara
Orta ýolda duşan eýý perizadym
Nädip meni eýläp bildin awara.

Sädi Sädiýew
12
147
barlagcy
20.02.2021 16:20
Ýatlamalaň garasy bar, agy bar,
Hemmelerde bolşy ýaly, mende-de.
Gaýtarga garaşman, söýdüm ýördüm men
Hem söýüldim duçar bolup minnede.

Arzuwlarmy ezip goýdum birehim,
Ahmyr bolup yzygider damyp men.
Bir ýerlerden urup çykmazy ýaly,
Kän ýygşyrdym armanymy dymyp men.

Göwnümi gön edip eýledi yşkym,
Derdinden ýer urup, ýerde sermendim.
Peşmek ýaly togarlandym ýollarda,
Körem mendim, lalam mendim, ker mendim.

…Çirksiz umytlaryň ujy gädildi,
Gidip barýan gussalarda ykmana.
Men bir işigaýdan – göwni bölünen
“Gelin bolman, gädiginden jyklana”.

 Sapa Hommadow

11
461
barlagcy
19.02.2021 17:10
Çäjiñe görä

Gara dag dey harmanyna buysanma,
Bahany bererler çajine göra.
Ey, gardaşym ejizligini duysanda,
Gydyrdap işlaber güyjüne göra.

Yagşa yeter Biribaryn yardamy,
Dünyani gülleder arin ar demi.
Ornun gapyn agzyndamy, tördemi?
Dünya belli eder işine göra.

Göroglumyn? Daglara ur gadamyn,
Köpetdagy yaly bolsun çydamyn.
Tumşugynda ary bardyr gedemin,
Özüni goragyn döşüne göra.

Kimde bolsan bu dünyade arman bar,
Mün bir derde, münde iki derman bar,
Munda yaşayşyna göra sarpan bar,
Sarpany tutarlar bolşuna göra.

Soltan bolup bu dünyani tutan yok,
Dünya yşkdyr, yşkdan doyup öten yok,
Arşda Allan payhasyna yeten yok,
Adyn galar senin işine göra!!!

Beyik Saparmyrat Türkmenbasy
11
180
barlagcy
16.02.2021 00:19
Synaglaryň baryn görüp geçeýin,
Durmuş bu ýollarda meni aýama.
Galdyran bolmandy ýykylan çagym,
Ýene özüm galjak borun aýaga…

Tamakin däl bu illerden hiç zady
Başarsam-a men ýetirjek kömegim.
Ýok ekeni gaýgy-gussaň peýdasy,
Doldurmaz ol şatlygymyň öwezin.

Ýan berjek däl ejizlige, başarsam,
Hem hasyl bolaýjak arzuwlar etjek.
Iller ýaly öwünmegi başarman,
Kalbyma sadalyk tohumyn sepjek.

Öz bolşuňy duýup ýaşasaň gowy,
Başarmajak wadalarym berjek däl.
Bolsamam kakamyň ejizlän ogly,
Hergiz kynçylyga boýun burjak däl.

Boş-boş gürlemäni endik etmedim,
Ýorganyma görä aýak uzatjak.
Ýaşajak däl hyýallara aldanyp
Hem başarsam ýalňyşlarym düzetjek.

***
Ýanmak ýazgydyma ýazylan ýaly,
Kalbym gam-gussadan ýüki ýetikdir.
Beýle yşk oduna ýanarym ýaly,
Düşünemok näme günä edipdim?

Elimed bolanda ýüregmiň erki,
Hut şu demde unutmaga taýyn men.
Dünýäm ýalňyzlykda örteme meni
Sensizlikden başgasyna kaýyl men.

Söhbet Orazmuhammedow
17
288
barlagcy
15.02.2021 00:39

ÝEKELIK

Gije ümsümligiň goýnuna siňip,
Syrdaş tapman ýüregimi dökere.
Kalbym ýyly mähre bolupdyr teşne,
Dünýäm sensiz ýykyp barýar ýekelik.

Hyýallarym ýene menden birugsat,
Şol seniň dünýäňe edip ýör seýran.
Ýene ýada düşýäň unutdym diýsem,
Bu bolup ýörşüme özümem haýran.

Dilberim ýüregmi otlara goýup,
Gitdiň, aýralykda bagrym dagladyň.
Bilýän, wah aglamak bolsa-da aýyp,
Gülüm ýene sensizlikde agladym.

Düşünmedim bu pelegiň oýnuna,
Kysmatyma ajy gözýaş damypmy?
Ýogsa ikimizem az örtenmändik.
Meň şol öňküligim.
A sen bagtly…

  Söhbet Orazmuhammedow
12
190
barlagcy
08.02.2021 10:34
Gam-gussa bogulyp, oturma öýde,
Dünýä çyk, dünýä çyk, dünýä çyk, dünýä! Özüňden, il-günden etme-de öýke
Dünýä çyk, dünýä çyk, dünýä çyk, dünýä!

Dünýäniň reňki ýaşyldyr, aldyr,
Dünýäniň mazmuny aldawdyr, aldyr,
Onda şatlyk, gussa adaty haldyr,
Dünýä çyk, dünýä çyk dünýä çyk dünýä!

Seň derdiň nä, bardyr beteriň berki,
Rast sakla kaddyňy, et oňa erki.
Kimden kem kamatyň, bedeniň görki,
Dünýä çyk, dünýä çyk dünýä çyk dünýä!

Otursaň, ýürekde kan gussa jem bor,
Çyksaň, il seretse, derdiňe em bor,
Sensiz gamly dünýäň şatlygy kem bor,
Dünýä çyk, dünýä çyk dünýä çyk dünýä!

Ol gam berdi, a sen ona şatlyk ber,
Garry dünýäň gursagyna ýaşlyk ber,
Kalbyň tämizlensin hem saplansyn ser, Dünýä çyk, dünýä çyk dünýä çyk dünýä!

Däl sen hassa-bimar ýa-da keselli,
Gaýta dünýäň öz ahwaly peseldi.
Şoň üçinem sen ber oňa teselli,
Dünýä çyk, dünýä çyk dünýä çyk dünýä!

Atamyrat Atabaýew
13
112
barlagcy
28.01.2021 00:54
Gazaply kazy deý, mydam başymda
Sagat çot kakyp dur şyk-şyk-şyk.
Düýnüň özem garaşýardym ýaşlyga,
Bu gün bolsa, geçip barýar şo ýaşlyk.

Bir zada düşünýän: şowhunly günler
Al atymy çapyp ýören haladym,
Öňümden çykana gül ýaşlygymy
Hormat edip, sowgat kimin paýladym.

Jomartlygym üçin «sagbolsunlara»
Ýüzüm göge tutup göçer ýörerdim.
Ýaşlygymy gerekmejek dostlara
Hem boş söhbetlere seçer ýörerdim.

Öwgülerden humar bolup, gijeler
«Alyň!» diýip, kişiň gapysyn kakdym.
Ýaşlygmy gül edip, jomartlyk bile,
Söýmeýän gyzlarmyň döşüne dakdym.

Men ony boş gijelere paýladym.
Men ony
Boş gürrüňlere paýladym.
Ine, bu gün uly döwletden galan
Köpüklermi ahmyr bilen sanadym.

Neçün beýle bolýar? Ilki ýalňyşyp,
Soňra ökünç bile egilip ýörüs!
Jaýymyzy çilim çekip, tüsseläp,
Soňra tüssämize bogulyp ýörüs!

Ah, bu gün säherem şeýle bir çytyk,
Bolaýmagy mümkin tüýs ýagyşly gün.
Ýaşlygymyz ýitirenok hiç zady,
Biz özümiz ýitirýäris ýaşlygy...

Gurbannazar Ezizow
13
160
barlagcy
16.01.2021 12:34
Garaşdyryp geler ýerde gelmediň,
Sabrym öýkeledi senden.
Ne etjekdiň öz bolşuňy geňledip,
Göwnüm öýkeledi senden.

 
Arzuw etdim didaryňy görmegi,
Söýgi hakda süýji söhbet gurmagy,
Duşuşan wagtymyz okap bermeli,
Şygrym öýkeledi senden.


Dabaraly toýlara kän giderdiň,
Joralaryň bilen tansam ederdiň,
Nije oý-hyýaly serden gidirdim,
Pikrim öýkeledi senden.

Oýlanmadyň beren wadalaň hakda,
Durmak gaty kyn düşdi dik aýakda,
Öýkeniňden geçip barýan sowukda,
Bagrym öýkeledi senden.


Aý ýaşdy, ýyldyzlar boldular jürüm,
Geçirdim gijäni etmezden çirim,
Wah, men saňa aldanaýan ekenim,
Ömrüm öýkeldi senden.

Myratgeldi Hallyýew.

8
164