barlagcy
22.02.2021 16:18
Birwagtlar bir gözeliň keşbine,
Aşyk bolan gözlerimiň nazary,
Mündi gijäň ummanynyň keşdine,
Gujak açýar oňa ýyldyz bazary.

Ýyldyzlar gijäniň döşüni bezäp,
Gülüşýärler ýalňyz aýyň moýuna.
Daşyna üýşüşip çekdirler azap,
Göwünlik bermegem gelmez oýuna.

Bu zatlardan habar tutmaýan gijäň,
Düýşlerime boýag çalşy enaýy.
Ýürek ýekelikden ynjady bijaý,
Gözlegim ýazlaryň şowhunly maýy.

Goý,ýyldyzlar şeýdip eljiresinler,
Şolar dälmi,köp syrlary çözlänler?!
Bakyp ýekeligiň penjiresinden,
Aý bilen meni-de bir gün gözlärler!

Baýram Gutlyýew
10
106
Myhman Myhman
22 Fewral 2021
👍👍👍👍👍
safia
22 Fewral 2021
Aý bilen menide bir gün gözlărler...👍👍👍👈
Greenleaf
22 Fewral 2021
Näzik owadan goşgy eken 👍👍👍👍
Myhman Myhman
22 Fewral 2021
👏👏👏👍👍
guli_
22 Fewral 2021
👏👏👏👍👌
Ovezova_
22 Fewral 2021
👍👍👍👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.