Synaglaryň baryn görüp geçeýin,
Durmuş bu ýollarda meni aýama.
Galdyran bolmandy ýykylan çagym,
Ýene özüm galjak borun aýaga…
Tamakin däl bu illerden hiç zady
Başarsam-a men ýetirjek kömegim.
Ýok ekeni gaýgy-gussaň peýdasy,
Doldurmaz ol şatlygymyň öwezin.
Ýan berjek däl ejizlige, başarsam,
Hem hasyl bolaýjak arzuwlar etjek.
Iller ýaly öwünmegi başarman,
Kalbyma sadalyk tohumyn sepjek.
Öz bolşuňy duýup ýaşasaň gowy,
Başarmajak wadalarym berjek däl.
Bolsamam kakamyň ejizlän ogly,
Hergiz kynçylyga boýun burjak däl.
Boş-boş gürlemäni endik etmedim,
Ýorganyma görä aýak uzatjak.
Ýaşajak däl hyýallara aldanyp
Hem başarsam ýalňyşlarym düzetjek.
***
Ýanmak ýazgydyma ýazylan ýaly,
Kalbym gam-gussadan ýüki ýetikdir.
Beýle yşk oduna ýanarym ýaly,
Düşünemok näme günä edipdim?
Elimed bolanda ýüregmiň erki,
Hut şu demde unutmaga taýyn men.
Dünýäm ýalňyzlykda örteme meni
Sensizlikden başgasyna kaýyl men.
Söhbet Orazmuhammedow