Öňküler deý el-aýagym guruşyp,
Tisginip turamok, gara basanda…
Yranyban, gidip barýan durmuşyň
Kyrk gün öň jygyldan arabasynda.
Ýa elinden gaçmyş yşgyň badasy,
Ýar hijran meýini içipdir indi.
Tüýdüldi-de arzuwlarmyň ganaty,
Kalp diýip ýörenim içikdirildi.
Ýüregime urup giden hanjaryn
Sogurdym men, hamyrdan gyl sogran deý.
Duýmasam-da neneň, niçik sanjanyn,
Soň awundym, bir gögele oglan deý.
Mende şeýle duýgy bardy, gijeler
Duýubam bilýärdim Aýyň derdini.
Başartmady, eretjekdim dünýämiň
Gursagynda dörän aýsbergini.
Bagt gaçdy…
Ara açdy, ýetdirmez,
Debsiläp kowsam-da arap atynda…
Men henizem gidip barýan durmuşyň
Kyrk gün öň jygyldan arabasynda.
Baky Amanyýazow