ÝEKELIK
Gije ümsümligiň goýnuna siňip,
Syrdaş tapman ýüregimi dökere.
Kalbym ýyly mähre bolupdyr teşne,
Dünýäm sensiz ýykyp barýar ýekelik.
Hyýallarym ýene menden birugsat,
Şol seniň dünýäňe edip ýör seýran.
Ýene ýada düşýäň unutdym diýsem,
Bu bolup ýörşüme özümem haýran.
Dilberim ýüregmi otlara goýup,
Gitdiň, aýralykda bagrym dagladyň.
Bilýän, wah aglamak bolsa-da aýyp,
Gülüm ýene sensizlikde agladym.
Düşünmedim bu pelegiň oýnuna,
Kysmatyma ajy gözýaş damypmy?
Ýogsa ikimizem az örtenmändik.
Meň şol öňküligim.
A sen bagtly…
Söhbet Orazmuhammedow