barlagcy
17.07.2021 12:23
Günler geçip barýar
Şu gün saňa telwas etdim ýene men,
Eý, sen, päklik hem gözellik ölçegi.
Azary ýetikdir gaýyn eneňem,
Belli däl, pahyryň haçan öljegi.
Öňden belli zadyň gyzygam bolmaz,
Söýmezdim-le beýle boljagyn bilsem.
Ýöne, hasaplabam söýüp bolanok,
Ýa-da söýgüde-de barmyka tilsim?
Akyl satýan akylsyzlar köpelip,
Ýaşyň on sekize ýeten mahaly.
Söýgi aýp zatdyr obada diýip,
Guratdylar göze ilen nahaly.
Indi-indi şo günleri ýatlasam,
Özümi ýazgarýan ilki bilen men.
Men batyr ekenim beýnisi ýuka —
Durmuşyň al salýan tilkilerinden.
Käte seni sorap, barasym gelýär,
Ýöne, uýat bolar, saňa gep geler.
Arzuwlary ýuwaş-ýuwaş könelip,
Günler geçip barýar, geçýär hepdeler.
Gowy bolsun çagalaryň görjegi,
Ýetişýär gyzlarmyz, ogullarymyz.
Seniň günäň däldir, meniňkem däldir,
Söýgiň ýok ýerinde doglumagymyz.
Çary Ýegenmyradow
12
84
barlagcy
15.07.2021 19:58
Ne hünäri bar ýigidiň
Garyplykda bilip bolmaz;
Garyplyk bir şum owkatdyr,
Kaza ýetmeý, ölüp bolmaz.
Görmän dünýäniň lezzetin,
Çekmän ahyret mähnetin,
Eýäm bermegen döwletin
Dogum bilen alyp bolmaz.
Owwalda olsaň hub idi,
Bermişem pendi-öwüdi,
Özi bolmadyk ýigidi
Märekäge salyp bolmaz.
Mert ýigitler hiç ölmese,
Namart dünýäge gelmese,
Zaty bigaýrat (bolmasa),
Il derdinden galyp bolmaz.
Magrupy çeker ahy-zar,
Meniň istegenim didar,
Ýaman bendeden hak bizar.
Ýagşydan aýrylyp bolmaz.
Magrupy
10
89
barlagcy
14.07.2021 16:37
Ýaşlyk mydam biziňkidir öýderdik,
Ýaşlygyň humary başymyzdaka.
Diňe gyzlar hakda gürrüň ederdik,
Ýaşlygyň humary başymyzdaka.
Duýgulardan öňe salmasaň akly,
Näme isleseň — şoňa-da hakly,
Gör, nähili ýüreklidik, ýürekli,
Ýaşlygyň humary başymyzdaka.
Durmuşyň ekdisi, öýüň tarhany,
Senmi duýjak gyşyň, tomsuň parhyny.
Ýeri, soran kimdir wagtyň nyrhyny,
Ýaşlygyň humary başymyzdaka.
Nähili bezärdi gözellermizi,
Al şapagyň nury siňen gyrmyzy.
Bilmändiris beýle bagtlydygmyzy,
Ýaşlygyň humary başymyzdaka.
Garypdyk özümiz, gurpludy göwün,
Çyn zatlar bilen-de ederdik oýun.
Eý ykbal!
Saňa-da bolmandyk boýun,
Ýaşlygyň humary başymyzdaka.
Berdinazar Hudaynazarow
10
124
barlagcy
12.07.2021 23:45
Añşyrmadym nädip jahyl bolanym,
At dek çapyp gelen ýigrimä çenli.
Köpi diñledimde, etdim bilenim,
At dek çapyp gelen ýigrimä çenli.
Hernä mañlaýymda bar atam-enem,
Allam saña şükür, Razy müñ kerem! Bagyşlawer bolsa azaşan ýerim,
At dek çapyp gelen, ýigrimä çenli.
Arkamdan hanjaryn uran dost gördüm,
Kyn günümde goldaw beren dost gördüm. Ýüzlerçe toý, ýene şonça ýas gördüm,
At dek çapyp gelen, ýigrimä çenli.
Jepasyny datdym ilki söýginiñ,
Ömre zyýanyny gördüm gaýgynyñ.
Hernä wepa duşdum, Unduldy düýnüm,
At dek çapyp gelen, ýigrimä çenli.
Etmişim kän, akja jüýje bolmadym,
Ak tenime tegmillerem ýelmedim.
Päklik üçin gara ýeri sermedim,
At dek çapyp gelen, ýigrimä çenli.
Ak kagyza sürtüp gara galamym,
Kä ýitirip, tapyp ujun pelegiñ,
Ýazyp ýörün, garyp köñle gelenin,
At dek çapyp gelen, ýigrimä çenli.
Kerim gözüñi aç “Bäş günlik”giñdir,
Gördüñmi ýaşamak neneň müşgildir?
“Eýtdim, beýtdim” diýme, Geleniň düýndir,
At dek çapyp gelen, ýigrimä çenli.
10
49
barlagcy
11.07.2021 19:58
Ýürek syrym gemre-gemre,
Müňläp pikir düşlär serme,
Gussam ýeriň çuň ýerine
Gömesim geldi-le, eje!
Seni şum ajala dözmän,
Oda düşdüm gözläp-gözläp,
Näm edeýin ýalan sözläp,
Sönesim geldi-le, eje!
Garaşmak synagdyr, ýitsin,
Garaşan myrada ýetsin,
Agyr derde goýup gitdiň,
Gidesim geldi-le, eje!
Gelmezmi bagtyň çapary,
Uzak aýralyk sapary,
Ýüregimde yşk ýakany,
Göresim geldi-le, eje!
Bozup takdyryň kadasyn,
Götersem şerbet badasyn,
Sensiz aglabam ýadadym,
Gülesim geldi-le, eje!
Gülşirin Hanowa
10
82
barlagcy
09.07.2021 18:51
Adam galmaz öýdüp etmezdim hyýal,
Sesim barmasa-da, duýýansyň meni.
Berjek bolýar, göýä, ýekelik zyýan,
Ömrüm ýatladyp dur boşan ýelkeni.
Paýlaşmaga derdem galmady indi,
Baryny ýuwutdym, galamsoň ýeke.
Maňa-da alysdan ýollar göründi,
Nirede mähelle?!
Nirde märeke?!
Wagtyndan ir doldy, şeýdip, möwritim,
Okan kitaplarym basypdyr tozan.
Garaldy şapagym, söndi gözýetim,
Gitdiň, ýeke setir bolmady ýazan.
Çykgynsyz ýagdaýa düşmekden gaçdym,
Durmuş düşünmeýär seniň derdiňe.
Adamly günlerden aramy açdym,
Ýöreýän, ýanymda ruhum bar diňe.
Güýzüň gussasynyň öňküligi ýok,
Kesp edindim ýalňyzlygy söýmegi.
Eý, dost, niçüýn beýle sesiň çykanok,
Ýene könäň başyn syryp ýörmeli.
Köçeler ýagyşly, galmady ugry,
Heser eden ýaly nätanyş gussa.
Seň bilen dogrumy, sensizlik dogry?
Pikirlem daralýar, köňlümem hassa.
Seýran Otuzow
10
87
barlagcy
08.07.2021 20:56
Belki şeýle bolmak takdyrda bardyr”
Diýip, gara gözleriňi ýaşlama.
Takdyr biz ikimiz sygardan dardyr,
Takdyr däldir urulmaklyk daşlara.
Bagtyna öwrülýär adamyň erki,
Egrelip ösmegin, eý, meniň şaham.
Şor suwly käsäni saňa kim berdi
Süýjülik suwuna teşnekä dahan.
Gazlaryň sürüsi geçer sallanyp,
Ýellenen gabagyň ýelpär giderler.
Durmuşa wepaly bolanda anyk
Ysgynsyz pikirler selpär giderler.
Güýçli däl, akylly bolany üçin
Tebigat adama ynanýar şeksiz.
Tükenmez utanja goýarsyň meni
Ýazlaryň öňünden gözýaşly çyksaň.
Aý bize egnini deňlär ýene-de
Gör, kölüň üstüne ýyldyzlar ýagdy.
Ýaňy ýylgyranda garry ene deý
Agladyp ýörmegem bolarmy bagty?!
Men beýle takdyra bermerin seni,
Şatlykdan demimiz tutulsyn gitsin.
Döwülen küýze deý zyňarys ony,
Goý, bagtyň ornuna aglasyn ýatsyn.
Mämmetnazar Babanazarow
17
781
barlagcy
04.07.2021 19:55
Amal bolmajagny añ etmez ykbal,
Ömrüñ manysydyr yşk doly ahwal,
Arzuwda öteräk bolmagym ahmal,
Belki kalpda, belki añyñdadyryn…
Aljyratsa durmuş aýlap başyñy,
Kimler “goldar”, kimler “gallar” daşyñy,
Bolup mydam alçy gopýan aşygyñ,
Kä sagyñda, käte soluñdadyryn!
Şatlygyñy kim paýlaşmaz, aýtsana?!
Gussañ meñki aýtmasañam, aýtsañam,
Sen meni has başgaçadyr öýtseñem,
Mydam hak dostlaryñ sanyndadyryn.
Ýol uzakdyr, çig süýt emen adamzat,
Hasrat howuñ bassa kalbyña dyñzap,
Iñ zerur pursatda ýetişse bir zat,
Bil, dileglem bilen ýanyñdadyryn!
Gülşirin Hanowa
13
163