barlagcy
08.07.2021 20:56
Belki şeýle bolmak takdyrda bardyr”
Diýip, gara gözleriňi ýaşlama.
Takdyr biz ikimiz sygardan dardyr,
Takdyr däldir urulmaklyk daşlara.

Bagtyna öwrülýär adamyň erki,
Egrelip ösmegin, eý, meniň şaham.
Şor suwly käsäni saňa kim berdi
Süýjülik suwuna teşnekä dahan.

Gazlaryň sürüsi geçer sallanyp,
Ýellenen gabagyň ýelpär giderler.
Durmuşa wepaly bolanda anyk
Ysgynsyz pikirler selpär giderler.

Güýçli däl, akylly bolany üçin
Tebigat adama ynanýar şeksiz.
Tükenmez utanja goýarsyň meni
Ýazlaryň öňünden gözýaşly çyksaň.

Aý bize egnini deňlär ýene-de
Gör, kölüň üstüne ýyldyzlar ýagdy.
Ýaňy ýylgyranda garry ene deý
Agladyp ýörmegem bolarmy bagty?!

Men beýle takdyra bermerin seni,
Şatlykdan demimiz tutulsyn gitsin.
Döwülen küýze deý zyňarys ony,
Goý, bagtyň ornuna aglasyn ýatsyn.


Mämmetnazar Babanazarow
17
781
Myrataly
9 Iýul 2021
Darkay_03, hawa menem 03 palidin konesindede gullugy icinde sondan soradym
Darkay_03
9 Iýul 2021
Transportdyńy konesi brat.. Senem 03mi?
Myrataly
9 Iýul 2021
Darkay_03,dos transport konesimi ya palidin men palidin konesindemikan diyan
Doctor
9 Iýul 2021
Guli_, yo yo arkayyn bol kankacimdan gaty görup bolmaza poka 🙋 😊😉
guli_
9 Iýul 2021
Doctor,Howwa gaty gorme habarlasyancak hos
Doctor
9 Iýul 2021
Guli_, Hmm ay bolya Onda sagamanja yatyp Tur Onda yenede habarlasyancak sagbol
guli_
9 Iýul 2021
Doctor,Ukym tutya sumada oler yaly 😴😪😪😪
Doctor
9 Iýul 2021
Guli_ yagshy hudaya şükür,
Doctor
9 Iýul 2021
Guli_, salam gowmy
guli_
9 Iýul 2021
Darkay_03,👌👍👍🤗😊Ovezova_,Doctor,Salam gowmysynyz siz
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.