barlagcy
13.07.2021 16:26
Seni asla gujaklap ýa öpmedim,
“Köýnegmiň iligi çümmesin” diýip.
Soň bir gün duşaýsa ýolda-ýodada,
“Dili gysga bolup, dymmasyn” diýip.

Şol seni öpmedik dodaklarymy
Gussa çümen pikirlerim çeýneýär.
Beýnim diýýär: Köşeş, gyza gytlyk ýok!
Ýürek diýýär: Duşarmyka beýle ýar?!

Şol gün meni ýakan otlar aglady,
Goýup gitdiň, armanlaryň içinde.
Men özümiň diridigme düşündim
Öldürilen söýgimiziň üçünde..

Adaty ýyllaryň azabyndan däl,
Meniň saçym arman bilen agarar.
Gelip başyn ýüregime goýup dur
Senden dünýä inmeli şol çagalar…

Kerim Hally
11
153
guli_
13 Iýul 2021
👏👏👏👍Gaty gowy gosgy....Kerim Hallyn yorute oz videosam ba sul gosgyny aytya labyzly edip mlds
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.