barlagcy
14.07.2021 16:37
Ýaşlyk mydam biziňkidir öýderdik,
Ýaşlygyň humary başymyzdaka.
Diňe gyzlar hakda gürrüň ederdik,
Ýaşlygyň humary başymyzdaka.

Duýgulardan öňe salmasaň akly,
Näme isleseň — şoňa-da hakly,
Gör, nähili ýüreklidik, ýürekli,
Ýaşlygyň humary başymyzdaka.

Durmuşyň ekdisi, öýüň tarhany,
Senmi duýjak gyşyň, tomsuň parhyny.
Ýeri, soran kimdir wagtyň nyrhyny,
Ýaşlygyň humary başymyzdaka.

Nähili bezärdi gözellermizi,
Al şapagyň nury siňen gyrmyzy.
Bilmändiris beýle bagtlydygmyzy,
Ýaşlygyň humary başymyzdaka.

Garypdyk özümiz, gurpludy göwün,
Çyn zatlar bilen-de ederdik oýun.
Eý ykbal!
Saňa-da bolmandyk boýun,
Ýaşlygyň humary başymyzdaka.

Berdinazar Hudaynazarow
10
124
Myhman Myhman
15 Iýul 2021
Tirkis Matnazarow aydym edip aytya su gosgyny. Gaty gowy aytya sol bagsy
barlagcy
15 Iýul 2021
Гульхан, wah howala yaslygyn gadyryny bilman basga basga zatlar arzuw edyan ol gecenden son gadry bilinya. Garrylyk garyplyk olum ucusi bilmen haysy uly haysy kicisi.....
guli_
15 Iýul 2021
👏👏👏👍
Gülhan
15 Iýul 2021
Bilmändirs beýle bagtlydygmyzy😐
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
14 Iýul 2021
👏👏👏👏👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.