barlagcy
17.07.2021 12:23


Günler geçip barýar

Şu gün saňa telwas etdim ýene men,
Eý, sen, päklik hem gözellik ölçegi.
Azary ýetikdir gaýyn eneňem,
Belli däl, pahyryň haçan öljegi.



Öňden belli zadyň gyzygam bolmaz,
Söýmezdim-le beýle boljagyn bilsem.
Ýöne, hasaplabam söýüp bolanok,
Ýa-da söýgüde-de barmyka tilsim?



Akyl satýan akylsyzlar köpelip,
Ýaşyň on sekize ýeten mahaly.
Söýgi aýp zatdyr obada diýip,
Guratdylar göze ilen nahaly.



Indi-indi şo günleri ýatlasam,
Özümi ýazgarýan ilki bilen men.
Men batyr ekenim beýnisi ýuka —
Durmuşyň al salýan tilkilerinden.



Käte seni sorap, barasym gelýär,
Ýöne, uýat bolar, saňa gep geler.
Arzuwlary ýuwaş-ýuwaş könelip,
Günler geçip barýar, geçýär hepdeler.



Gowy bolsun çagalaryň görjegi,
Ýetişýär gyzlarmyz, ogullarymyz.
Seniň günäň däldir, meniňkem däldir,
Söýgiň ýok ýerinde doglumagymyz.

Çary Ýegenmyradow
12
84
Paradise
17 Iýul 2021
Gowy gosgy eken
Ogulnabat
17 Iýul 2021
Gowi gosgy goyupsyňyz
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.