barlagcy
17.03.2022 00:39
Ýagyş ýagdy, bizde gizlendik ýagyşdan,
Buýra saçly arçalaryň astynda.
Aýagymy basyp diýdiň: bagyşla.
Buýra saçly arçalaryň arasynda.

Gapdalda gaýalar gaşyn çytýardy,
Ýelkenler deňizde hallan atýardy.
Meniň, nämüçindir, gülkim tutýardy,
Buýra saçly arçalaryň arasynda.

Ýüzüme garadyň gülkimi geňläp...
Kän durduk damjalaň sesini diňläp.
Bizar etdi meni gulagym şaňlap.
Buýra saçly arçalaryň arasynda.

Kimkä gaýta-gaýta adym agzaýan?
Sag gulak şaňlasa bolarmyş zyýan... Durmalymy, ýokmy, indiden buýan.
Buýra saçly arçalaryň astynda?

Ýeseriň köp ýerde nogsany deger,
Yrym! Şol ýeserim özüňsiň, meger.
Şaňla gulak — saňa kim gulak goýar,
Buýra saçly arçalaryň astynda...

Berdinazar Hudaynazarow
14
44
barlagcy
13.03.2022 00:25
Käte ýalňyzlykda otursam özüm,
Käte gaharlanyp, çytylsa ýüzüm,
Käte ukym gelip, ýumulsa gözüm,
Teşne ýürek jemalyňa suwsaýar,
Gara gözlim, göwnüm seni küýseýär.

Göreşlerde gujur bilen baglansam,
Üýşmeleňde alkyş bilen ýatlansam, Arzuwlarym göge galyp şatlansam,
Ýa-da hasrat ýürek-bagrym gyýsa, ýar!
Gara gözlim, göwnüm seni küýseýär.

Bahar geler, güller bilen şaýlanyp,
Seýran etsek baýyrlary aýlanyp,
Akja bulut «Ýagsammy» diýip oýlanyp,
Çagba gelip suw –sil edip guýsa, ýar,
Gara gözlim, göwnüm seni küýseýär.

Meýdana ýazylypdyr bahar halysy,
Gel, bile keşt etsek ýakyn-alysy,
Maňa at goýdular: «Yşkyň dälisi».
Men nädeýin ýürek şeýle söýse, ýar!
Gara gözlim, göwnüm seni küýseýär.

Halyl Kulyýew
16
73
barlagcy
09.03.2022 13:42
Bir suw joş alyp, Böwet aganda,
Bir gyz gelip suwy saklajak boldy.
Eline pil alyp gum çeke-çeke,
Böwedi täzeden beklejek boldy.

Ýakynlaşjak bolsaň ýabyň çemine,
Suw joşguny çekip barýar demine,
Gyz aljyrap, läbik suwuň öňüne
Özüni oklajak, oklajak boldy.

Başlyk meni görüp: - Ýetsene – diýdi – -Ýandak orup, basyň üstüne – diýdi.
Gyzdan pil sorasam – Git-se-ne – diýdi,
Bu işden elini çekmejek boldy.

Hars urup işledim, böwet bekledim,
Gyz: - Arma – diýdi-de birden saklandy. Diýdim: - Bar bol, asyl armaryn indi...
Gyz utanyp maňa bakmajak boldy.

Bulut pytrap, asman perdesin syrdy,
-Indi gidäý – diýip, gözel ýylgyrdy,
Diýdim: - Gitmek bolmaz, başlyk iberdi,
Gyz gülüp geplejek, geplejek boldy...

Halyl Kulyyew
20
100
barlagcy
barlagcy
06.03.2022 14:49
Söýermiň” Gözelleň ählisin goýup bir ýana, Seçip-saýlap, seni söýsem, söýermiň? Ýa görküňe aşyk bolup gaýybana, Gül keşbiňe hormat goýsam, söýermiň? Gar küräp, tüweleý her ýan çapanda Asman-zemin
barlagcy
05.03.2022 18:31

Bahar buşlukçysy

Gaýalaryň gary eräp bireýýäm,
Pyntyklady pisse bilen badamlar.
Bahar ýeli aýnalary kakyp ýör:
- Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar.

Gol ýaýratdy bagymyzyň üzümi:
Uzak ýaşar şol üzümden dadanlar)
bahar ýeli sypap geçdi ýüzüm:
- Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar.

- Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar,
Lälezarda öwşün atýar gunçalar.
Ýodalary suwlap, ýuwdy topragy
Bahar buşlukçysy – hoştap damjalar.

Gaýalaryň gary eräp bireýýäm,
Pyntyklady pisse bilen badamlar.
Pikir beriň, ahmal galmaň, tijeniň:
- Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!

Halyl Kulyýew
15
57
barlagcy
04.03.2022 20:20
Gyz diýenmiş: «Çyn bolsa seň söýýäniň,
Symrug getir — gözelligi dünýäniň.»
Ýigit gyzyň buýrugyny bitiren,
Uzak ýurtdan symrug guşun getiren.

Ýene biri gylyç dakyp biline,
Gidenmişin aždarhanyň iline.
Kesip olaň kellesiniň baryny
Tapanmyşyn anbar ysly bägüli.

Bägül alyp ýar ýanyna gelenmiş,
Aýşy-aşrat bilen meşgul bolanmyş.
Menem öz ýarymy jandan söýýärin,
«Buýrsaň, symrug getireýin» diýýärin.

Seni söýýänligime düşünip aýan,
Ýaş başyňy iki ýana ýaýkaýaň.
Saçymy sypaýaň. Ýylgyrýaň. Diýýäň:
«Ömür goýbermerin! Men seni söýýän!»

Gurbannazar Ezizow
14
95
barlagcy
25.02.2022 15:44

EŞEGE OT BERIÑ!

Garrapdyr arkasy ýagyr bolupdyr,
Mejaly ýok ýaly aññyrmaga-da.
Janawaryñ taby agyr bolupdyr,
Gidip bilenok añyrraga-da.

Dogry, eşek at däl, owadan kişñäp,
Jylawyny çeýnäp, toprak peşemez.
Emma göz öñümde, kiçiräjikkäk,
Gaty kän ot ýüklärdik biz eşege.

Indi birje gysym ot beriñ oña,
Garny dagy meñzäp barýar hepbige.
"Peýdasy ýok" diýip, harlamañ ony,
Başdan sowmañ, bolar-bolmaz gep bile.

Utanman diýýäñiz "Bize-hä şonuñ,
asyl ugruna-da garamzok" diýip.
Eşegem Allanyñ döreden zady,
Mojuk gep tapýañyz haram zat diýip.

Atlaryñ et üçin soýulýan döwri,
Bu eşegi "çüw" diýip kän çapdyg-a.
Gysganmañ ahyry bir gysym oty,
Janawaryñ garny meñzeş gapjyga.

Çary ÝEGENMYRADOW.
10
71
barlagcy
21.02.2022 23:16
MEN NIRÄ HOWLUGÝaN ?!
Ir säher. Men ýene ýol bilen barýan,
Gyssanmaç işleriň ýyndam atynda.
Şu pursat ýatladym, guýnan çaýymam
Galan eken öýde, saçak başynda.

Ine-de, duralga. Onuň çetinde,
Bir gözel dur, gözelleriň serweri.
Sagat soran bolup, ýol soran bolup,
Lak atyp soňuny görübermeli.

Bilýäňiz, men weli juda howlukmaç,
Ýetişjek däl işe, ünsümi sowsam.
Şujagaz pursatda meniň bolşuma,
Söýgiň göwni galan dälmidir eýsem.

Elleri torbaly, zordan çybşyldap,
Ine-de, bir goja barýar öňümden.
Ýene-de gyssandym, gözüm ýumdum-da,
Geçip gitdim ýagşylygyň deňinden.

«Dur-la, ho-ol görünýän dostum ýaly-la»,
Olam meni gördi sähel sägindem.
Men weli howlugyp, başym atdym-da,
Geçiberdim onuň aňyrragyndan.

Birdenem ýapyldy köçäň çatrygy,
Bu nämekä?! Dowul düşdi köňlüme.
Görsem gölegçiler geçip barýarlar,
Bir agaç tabydy alyp egnine.

Doňup galypdyryn, oýlar içinde,
Sowurdym wagtymam asla gysganman.
Hemem sowal berdim özüm-özüme
«Sözlesene, ömrüm, nirä gyssanýaň?»

Kakamyrat Rejepow
12
72
barlagcy
15.02.2022 14:35
✏Halyl Kulyýew

📚«Ýazgylar»

Kakamyň iň soňky ýazan hatyny
Henizem aýawly saklap ýör enem,
Saralan kagyzlaň açyp gatyny,
Käýarym gaýtalap okaýan menem.

Hatyň iň soňunda şeýle sözler bar:
«Oglum, arzuw edýän men saňa ýüz ýaş». Her gezek elime alamda ony,
Damýar ol kagyza bir damja göz ýaş.

Şeýdip bir damja däl, sansyz damjalar
Dama-dama yz goýupdyr ol hatda.
Ýöne ýazgylary öçmändir heniz.
Ýyllaň ýelginine gelipdir hötde.

Ony ýazan eller, gudratly eller,
Şolar dälmi gyşy kowup, ýaz eden.
... Şeýdip ol ýazgylar öçmezler, ýöne
şeýdip olar ýazylmazam täzeden.

#halylkuly
12
62
barlagcy
11.02.2022 23:30
Kate yeke cykyp gijeden-gije
kate sägirtlerin yzyna tirkap
gijeler ogurlap towukdyr juyje
bir ogry yaşanmyş obany curkap

Asyl bir oba dal onun curkani
kop yerlere yeten eken yzasy
ahyr bir gun... ajayyp bir yaz guni
dolanmyşyn ol bendanin kazasy

Üýşüşip bir yere ilen calany
dabe gora owenmişler oleni:
-yatan yeri yagty bolsun pahyryn,
ahyretde hemra bolsun imany

Arman yone tapylgysyz yigitdi
hic bilmezdi ilin hakyn iymani
dayysy dogany yegen yennesi
dabe gora owenmişler hemmesi

Ýasa gelen garryja bir yaşulyn
yeke ozi galanmyşyn seretse
onson bu-da owenmişin ozuce: "ogrujady,ogrujady,neresse..."

Halyl Kulyýew
10
62