barlagcy
06.03.2022 14:49
Söýermiň”

Gözelleň ählisin goýup bir ýana,
Seçip-saýlap, seni söýsem, söýermiň?
Ýa görküňe aşyk bolup gaýybana,
Gül keşbiňe hormat goýsam, söýermiň?

Gar küräp, tüweleý her ýan çapanda ,
Asman-zemin bir-birini tapanda,
Gazaply aýazda, apy-tupanda
Ýoluňa seredip, buýsam, söýermiň?

Kä açyldyň asman ýaly durlanyp,
Kä gülüp näz etdiň, kä gaharlanyp,
Mübärek gaşyňda her ýan pyrlanyp,
Perwanalar bolup köýsem, söýermiň?

Jemalyň kalbymda mukam döredip,
Haýran etdiň ýüregimi eredip,
Ýa-da gözleriňe göni seredip:
“Gülüm, seni söýýän” diýsem söýermiň?

Halyl Kulyýew
13
84
Cindrella
6 Mart 2022
Sag bol. Barlagcy gowy goryan sahyrymyn gosgusyny goyyanyna.
Shir✍️
6 Mart 2022
G🌼..,söýülmäne laýyk bolsa gyz,mundanam beter güýçli söýjekler bar😊
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.