barlagcy
15.02.2022 14:35
✏Halyl Kulyýew

📚«Ýazgylar»

Kakamyň iň soňky ýazan hatyny
Henizem aýawly saklap ýör enem,
Saralan kagyzlaň açyp gatyny,
Käýarym gaýtalap okaýan menem.

Hatyň iň soňunda şeýle sözler bar:
«Oglum, arzuw edýän men saňa ýüz ýaş». Her gezek elime alamda ony,
Damýar ol kagyza bir damja göz ýaş.

Şeýdip bir damja däl, sansyz damjalar
Dama-dama yz goýupdyr ol hatda.
Ýöne ýazgylary öçmändir heniz.
Ýyllaň ýelginine gelipdir hötde.

Ony ýazan eller, gudratly eller,
Şolar dälmi gyşy kowup, ýaz eden.
... Şeýdip ol ýazgylar öçmezler, ýöne
şeýdip olar ýazylmazam täzeden.

#halylkuly
12
62
Älem
16 Fewral 2022
👍👍👍....
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
15 Fewral 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👏🏻
gulshatayewa97
15 Fewral 2022
...emma kagyz ýüzündäki ýazgylar, saklasaň ömürlik ýadygär galar⚘
zolushka
15 Fewral 2022
Gowy goşgy👍👍👍
Melikee
15 Fewral 2022
👏👏👏👏👏👏❤👍.Toparymyzyň ýeňiji bolmagyna goşant goşan goşgy.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.