Käte ýalňyzlykda otursam özüm,
Käte gaharlanyp, çytylsa ýüzüm,
Käte ukym gelip, ýumulsa gözüm,
Teşne ýürek jemalyňa suwsaýar,
Gara gözlim, göwnüm seni küýseýär.
Göreşlerde gujur bilen baglansam,
Üýşmeleňde alkyş bilen ýatlansam, Arzuwlarym göge galyp şatlansam,
Ýa-da hasrat ýürek-bagrym gyýsa, ýar!
Gara gözlim, göwnüm seni küýseýär.
Bahar geler, güller bilen şaýlanyp,
Seýran etsek baýyrlary aýlanyp,
Akja bulut «Ýagsammy» diýip oýlanyp,
Çagba gelip suw –sil edip guýsa, ýar,
Gara gözlim, göwnüm seni küýseýär.
Meýdana ýazylypdyr bahar halysy,
Gel, bile keşt etsek ýakyn-alysy,
Maňa at goýdular: «Yşkyň dälisi».
Men nädeýin ýürek şeýle söýse, ýar!
Gara gözlim, göwnüm seni küýseýär.
Halyl Kulyýew