barlagcy
21.02.2022 23:16
MEN NIRÄ HOWLUGÝaN ?!
Ir säher. Men ýene ýol bilen barýan,
Gyssanmaç işleriň ýyndam atynda.
Şu pursat ýatladym, guýnan çaýymam
Galan eken öýde, saçak başynda.

Ine-de, duralga. Onuň çetinde,
Bir gözel dur, gözelleriň serweri.
Sagat soran bolup, ýol soran bolup,
Lak atyp soňuny görübermeli.

Bilýäňiz, men weli juda howlukmaç,
Ýetişjek däl işe, ünsümi sowsam.
Şujagaz pursatda meniň bolşuma,
Söýgiň göwni galan dälmidir eýsem.

Elleri torbaly, zordan çybşyldap,
Ine-de, bir goja barýar öňümden.
Ýene-de gyssandym, gözüm ýumdum-da,
Geçip gitdim ýagşylygyň deňinden.

«Dur-la, ho-ol görünýän dostum ýaly-la»,
Olam meni gördi sähel sägindem.
Men weli howlugyp, başym atdym-da,
Geçiberdim onuň aňyrragyndan.

Birdenem ýapyldy köçäň çatrygy,
Bu nämekä?! Dowul düşdi köňlüme.
Görsem gölegçiler geçip barýarlar,
Bir agaç tabydy alyp egnine.

Doňup galypdyryn, oýlar içinde,
Sowurdym wagtymam asla gysganman.
Hemem sowal berdim özüm-özüme
«Sözlesene, ömrüm, nirä gyssanýaň?»

Kakamyrat Rejepow
12
72
Myhman Myhman
11 May 2022
T.dili edebiyat fakultetimi
Dusia
23 Fewral 2022
Barlagcy, gowy şükür Alla!
barlagcy
23 Fewral 2022
owadanjam, ýok ol gosgyñ awtory

Dusia, Salam Hudaya sukur gowy oziniz gowymy
TKM..
23 Fewral 2022
Sözlesene omrim nira gyssanýañ
gulshatayewa97
23 Fewral 2022
Wauw gaty gowy goşgy 👌
Dusia
22 Fewral 2022
Gowymy ýagdaýlar Döwran mollym...
owadanjam
22 Fewral 2022
😔😔. Kakamyrat sizmi?
Dusia
22 Fewral 2022
🙁😟😔👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.