barlagcy
05.03.2022 18:31

Bahar buşlukçysy

Gaýalaryň gary eräp bireýýäm,
Pyntyklady pisse bilen badamlar.
Bahar ýeli aýnalary kakyp ýör:
- Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar.

Gol ýaýratdy bagymyzyň üzümi:
Uzak ýaşar şol üzümden dadanlar)
bahar ýeli sypap geçdi ýüzüm:
- Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar.

- Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar,
Lälezarda öwşün atýar gunçalar.
Ýodalary suwlap, ýuwdy topragy
Bahar buşlukçysy – hoştap damjalar.

Gaýalaryň gary eräp bireýýäm,
Pyntyklady pisse bilen badamlar.
Pikir beriň, ahmal galmaň, tijeniň:
- Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!

Halyl Kulyýew
15
57
barlagcy
6 Mart 2022
Cindrella, bolya nesip bolsa su sahyryn gowy gosgulary kan men on goyupdym yenede gaytalayaryn
Cindrella
6 Mart 2022
Su sahyry kop goyaynda
Ovezova_
5 Mart 2022
👏👏👏♥️♥️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.