babamyrat
02.01.2020 06:34
Söýgi hem, edil guş ýaly, kâ uçýar,kâ gonýar.Öz köňlüňe bak!
Seniň gözleriň gara-da dâl, mawy-da däl,söỳgi reňkinde. . Ÿalňyz galdym sensiz-sensiz.Ÿürek aglar sessiz-sessiz.
Gözleriň bilen meni diňle, söỳgülim! Sen şeỳle bir näzik weli, seni özümden gabanỳan.
"Âhli deňizleň suwy syýa bolsa,saňa hat ýazyp tüketsem,"şonda duýgularym egsilermikä?! Gündiz Gün bolup, gije Aỳ bolup,ỳoluňa yşyk berdim,köňlüňe yşk berdim. Maňa bolsa ỳumruk ỳalyja ỳürek gerek,ỳüre-ek!
awtory. babamyrat
15
451
babamyrat
30.12.2019 07:05
Ýürekdeş dostuma
Şu gün ýüregim gysyp dur,
Daralyp barýar dünýämem.
Şeýlebir gürläsim gelýär,
Gelsene,özüň bilýäň-ä.
Seni janymdan eý görüp,
Bar syrymy dözýänimi.
Men aýdaýyn,diňle senem,
Duýgulamyň ezýänini.
Bulut jemlenip depämde,
Gün garasyn görmeýänim.
Tomsuň güni ellik geýip,
Garly gyşda derleýänim.
Geçmiş bilime oralyp,
Ýaşamaga goýmaýanyn.
Gözler göwnüm elendirip,
Duýgularmy oýnaýanyn.
Beýle duýguçyl däldim men,
Bilmedim,nirden ýolukdy.
Özümem ýigrenýän,bilseň.
Kyn maňa beýle gylykly,
Ömür salyn dolandyrmak.
Tolkun alar yhlasymy,
Gel,saňa gürrüň bereýin,
Men bir täsin ykbalymy.
Diňläý-dä,gaşyňy çytman,
Daňa çenli gürlesemem.
Şeýle ýüregim gysyp dur,
Meni gama bermesen
awtory :babamyrat
21
487
babamyrat
25.12.2019 06:48
Ýadymda Şol gün gara saçlaryňy penjeläp
Gözleriňe gan öýdürip,ýürekden
Ýakyp giden ilki söýgiň barada
Gürrüň beripdiň Gahar jemlenipdi göreçleriňe
Ýigrençden dodagyň titredi durdy
Bilseň,şol gün duýgularym gorjalap
Ýüregmiň burçuny pytradyberdi
Söýmek hakda ýa-da söýülmek hakda
Jinnijek ýaljagam ýokdy pikiriň
Diýdiň “Söýşüp bagtly bolunýan bolsa
Goý,men bu dünýäden bagtsyz öteýin”
Gepiňe “hä” berip otyrdym menem
Ýüregmiň törüne hasrat gapladyp
Şol günden soň ne oýundan,ne çyndan
Saňa söýgi hakda söhbet atmadym
Ýollar aýra düşdi- Ýodalar gaýra
Meni gör nireden çykardy ykbal,
Eger,ilki söýgi ýakmadyk bolsa
Sen meňki bolardyň,bolardyň ahmal
Ýadymda,şol gije aýyň yşgynda
Ilkinji söýgüňi ýa-da salanmam
Şonda ökündim men,ökündim kemsiz
Bagtyňa şärik däl,dostuň bolanma
awtory :babamyrat
18
456
babamyrat
24.12.2019 08:35
Gel,gowsy baryny başlaly başdan,
Birigen ýerinden ömür ýolumyz.
Sen öňki ýeriňde göwnüňi hoşlap,
Duruber,birdenem elwan ýalygyň.
Oýunçy şemala güýmenje bolsun.
Uçursyn ýaz ýeli,oklasyn öňme.
Täzeden tutaly sekuntlaň pulsyn,
Hem asla del zatlar gelmesin göwne.
Sen-ä näz eden bol,çekeýin menem.
Soňra-da öňki deý sumat bol gözden.
Men seni soraglap ygaýyn ýene,(Ýene-de öňümden çykjagňa söz ber!)
Täzeden ýaşaly ýaşan ýaşymyz,
Biz bile bagtly,biz bile bir ten.
Ylhamyny alyp ýedi aşygyň,
Bile bitireli söýgüniň şertin...
Günleri kowalap şu güne ýetsek,
Şu günki deý bölünende ýolumyz.
Gel,gowsy baryny başlaly başdan:
Bahar ýeli göge zyňsyn ýalygyň.
awtory: babamyrat
15
372
babamyrat
23.12.2019 20:24
Söýgi söhbeti
Gözleriňi gözlerime garatda,
Sen bir söz diý,elewresin hyýalym.
Men seniň yşgyňdan serhoş bolaýyn,
Bir ömür söýülip görmedik ýaly.
Eliňi ber,ellerime daňaýyn,
Söýgi atly görünmezek ýüp bilen.
Ýüregimi açyp goýdum aýaňa,
Isle diňle,Isle güýme gep bilen.
Ýa isleseň geljegiňi gur onda,(Ýok,bu zatlar boýun bolmaz gümana)
Belli-külli takdyryňy bagla sen,
Takdyryma,hyýalyma
.HamanaIkimiziň ýagty saçjak ertämiz,
Ýazyk bolsun maňlaýlarda ap-aýdyň.
Iki bolup aýralykdan gaçarys,
Şondan soňam tapybilse-tapaýsyn!
Bu zatlaryň bolar durar alajy,
Iň möhümi gadam basmak bu ýola.
Diýenlermiň dogrulygna baş at-da,
Sen bir söz diý,elewresin hyýalym
awtory:babamyrat
17
432