Ýagşy işler bilen meşgul bolup, aýşy-eşretden, gahar-gazapdan daşda durup, ýüregini gara pikirlerden päk saklan adamyň ömri gysga-da bolsa, ol hakyndaky ýagşy ýatlamalar müdimidir. Haýyr-yhsan edip ýaşan adamlar gabrynda rahat ýatarlar we olaryň ruhlary ähli ejirlerden azat bolar.