babamyrat
28.12.2019 13:40
Saňa öňde-soňda bukjalaryň gujaklap
Maňa tarap geljegiňi bilýärin
Şonuň üçin garşylygňa parhsyz men
Hut şoň üçin ýok diýeňde gülýärin
Ykbalymyz bir bolmaly seň bilen
Ine seret,maňlaýyňda adym bar
Şonuň üçin darygamok gaharňa
Hut şoň üçin bagta barýas ädimläp
Ädim bilen geçilerden daş däldir
Nämä gerek ylgap ýörmek eşrede
Hut şoň üçin iňňesini gysganman
Haýal gaýýas ömrümiziň keşdesin
Pikirlerim gundalypdyr seň bile
Näme diýsem adyň gelýär aklyma
Şonuň üçin müňkür bolma hem bizi
Dyňzap duran bagtymyzdan saklama
awtory :babamyrat
16
511
babamyrat
30 Dekabr 2019
hut şonuň üçin bagta barýas ädimläp ädim bilen geçirlerden das däldir näme gerek ylgap ýörmek eşrede
babamyrat
29 Dekabr 2019
94 ýyl
Schoolgirl
29 Dekabr 2019
Salam Babamyrat siz gosgularynyzy gaty gowy duzyaniz Tuweleme ?❤️Nacenji yyl siz?
babamyrat
29 Dekabr 2019
pikirlerim gundalypdyr seň bilen näme diýsem adyň gelýär aklyma
gulshatayewa97
29 Dekabr 2019
şahyrmu siz
Saparmyrat
28 Dekabr 2019
oran gowy?
Aýjemal
28 Dekabr 2019
Gaty gowy ?????
Gylyjow D
28 Dekabr 2019
gowy setirler
Myhman Myhman
28 Dekabr 2019
браво ?
Sahet
28 Dekabr 2019
maladee
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.