Ýadymda Şol gün gara saçlaryňy penjeläp
Gözleriňe gan öýdürip,ýürekden
Ýakyp giden ilki söýgiň barada
Gürrüň beripdiň Gahar jemlenipdi göreçleriňe
Ýigrençden dodagyň titredi durdy
Bilseň,şol gün duýgularym gorjalap
Ýüregmiň burçuny pytradyberdi
Söýmek hakda ýa-da söýülmek hakda
Jinnijek ýaljagam ýokdy pikiriň
Diýdiň “Söýşüp bagtly bolunýan bolsa
Goý,men bu dünýäden bagtsyz öteýin”
Gepiňe “hä” berip otyrdym menem
Ýüregmiň törüne hasrat gapladyp
Şol günden soň ne oýundan,ne çyndan
Saňa söýgi hakda söhbet atmadym
Ýollar aýra düşdi- Ýodalar gaýra
Meni gör nireden çykardy ykbal,
Eger,ilki söýgi ýakmadyk bolsa
Sen meňki bolardyň,bolardyň ahmal
Ýadymda,şol gije aýyň yşgynda
Ilkinji söýgüňi ýa-da salanmam
Şonda ökündim men,ökündim kemsiz
Bagtyňa şärik däl,dostuň bolanma
awtory :babamyrat