Düýnüň gapysyny kakyp ýöremok,
O ýer indi kalbyň ýaly ýa:t maňa.
Indi seniň hatlaryňam döremok,
Nämä gerek nep bermejek ýatlama?!
Sen hakdaky hyýallarym ýitirdi,
Ömrümdäki "ýeke-täklik kärini".
Bagtyň özi gollaryma getirdi,
Sensizlikde ýanmazlygyň tärini.
O:t deý ýanýan ýüregimi güýmäre,
Emel tapdym takat bilen sabyrdan.
Kalbyň maňa, men kalbyňa bigäne,
Ony düýnüň salgymyna öwürdim.
Soňsuz pikirleriň düýbüne çümüp,
Gezemok men öz-özüme düşünmän.
Suwsuz elewrämde dodaga damyp,
Çalyşdy meň aram tapýan düşelgäm
awtory :babamyrat