babamyrat
30.12.2019 07:05
Ýürekdeş dostuma

Şu gün ýüregim gysyp dur,
Daralyp barýar dünýämem.
Şeýlebir gürläsim gelýär,
Gelsene,özüň bilýäň-ä.

Seni janymdan eý görüp,
Bar syrymy dözýänimi.
Men aýdaýyn,diňle senem,
Duýgulamyň ezýänini.

Bulut jemlenip depämde,
Gün garasyn görmeýänim.
Tomsuň güni ellik geýip,
Garly gyşda derleýänim.

Geçmiş bilime oralyp,
Ýaşamaga goýmaýanyn.
Gözler göwnüm elendirip,
Duýgularmy oýnaýanyn.

Beýle duýguçyl däldim men,
Bilmedim,nirden ýolukdy.
Özümem ýigrenýän,bilseň.
Kyn maňa beýle gylykly,

Ömür salyn dolandyrmak.
Tolkun alar yhlasymy,
Gel,saňa gürrüň bereýin,
Men bir täsin ykbalymy.

Diňläý-dä,gaşyňy çytman,
Daňa çenli gürlesemem.
Şeýle ýüregim gysyp dur,
Meni gama bermesen

awtory :babamyrat
21
487
babamyrat
31 Dekabr 2019
???
Gülhan
30 Dekabr 2019
???
babamyrat
30 Dekabr 2019
sşugün ýüregim gysyp dur, Daralyp barýar dünýämem. Şeýlebir gürläsim gelýär, Gelsene,özüň bilýäň-ä
Leylaşka
30 Dekabr 2019
Gaty gowy gosgy bolupdyr ?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.