awesome
13.04.2023 05:31
ADATDAN DAŞARY FILOSOF OŞONYÑ ÖMRI WE SÖZLERI

Adatdan daşary şahsyýet bolan we Bhagwan Şri Rajniş ady bilenem tanalýan Oşo din, pelsepe, psihologiýa we adamzady gyzyklandyrýan başga-da birnäçe ugurda dürli-dürli tradision ýörelgeleri düýbünden sarsdyryp taşlan düşündirişleri bilen uly gyzyklanma we seslenme döretmegi başarypdyr.
Oşo dünýä taryhynyñ ýaşap geçen iñ köpugurly şahsyýetleriniñ biri bolsa gerek.
Dünýäniñ adatdan daşary filosofy, başgaça ady bilen "prowokator mistik, asy ruh" hökmünde tanalýan Oşo 1931-nji ýylyñ 11-nji dekabrynda Hindistanda dünýä inýär.
Ol çagalygynyñ ýatdan çykmajak ýakymly gözelligini biri-birilerine çuññur söýgi bilen garaýan ene-atasynyñ döreden mähirli maşgala şertine baglanyşdyrýar. Ýañy ýedi ýaşyndaka atasynyñ ölümi onuñ içki dünýäsinde harasat turuzýar. Ine, ol hut şu wakadan soñam aýdyñlanma döwrüniñ başlandygyny aýdýar.
Ýigrimi bir ýaşynda pelsepe ugrundan bilimini tamamlan Oşo Jabalpur uniwersitetinde birnäçe ýyllap filosofiýadan okadýar. 1966-njy ýylda öz arzasyny ýazyp professorlygyndan we işinden gidýänçä syýahatlara çykýar. Hindistany garyş-garyş gezip, nutuklar bilen çykyş edýär we halk köpçüligine açyk çekişmelerde sözünden çykylmaýan dini liderlere garşy gidýär. Dini ynançlar bilen birlikde seks, Gandi, sosializm, ortadoks induizm ýaly düşünjeleriñ üstünde durup geçýän Oşo adamlara erkinlige meditasiýa ýoly arkaly nädip ýetip boljakdygyny hut öz mysalynda görkezip bilipdir. Ol öz durmuşyny pursatyñ zamansyz ölçeginde ýaşamagyñ gapysyny açan adamdyr. Ýöne ol özüni hakyky ekzistensialist hasaplapdyr. Ýetmişinji ýyllarda Hindistanyñ Aşram diýilýän ýerinde müritleri bilen bile kommuna durmuşynda ýaşap başlapdyr.
Ruhanyýete alaýazlygy-şadyýanlygy getiren, ähli ynanç we dini doktrinalara garşy syýasatçylar babatda bolşy ýaly ruhanylary-da tankytlapdyr. Ol adamzat taryhyna dahylly ähli mistiki we dini taglymatlar boýunça çuññur bilimi arkaly döräp biläýjek islendik sowala jogap berip bilipdir.
Spontan (birdenkä, duýdansyz) hereketleri, şadyýana gülküsi, ýüzlerçe allegorik hekaýatlar bilen bezelen otlukly beýan edişi we döwürdeş adam üçin täzelenen meditasion tilsimleri bilen dünýäniñ çar künjünden gelen we sannýasin adyny beren ýüz müñlerçe müridi ýanyna çekdi. Özüne mahsus pelsepesini we meditasion tilsimlerini kämilleşdirip, bulary dünýäniñ dürli ýerinde adamlar bilen paýlaşyp geçiren Oşo ähli adatdan daşary taraplary bilen giñ gatlaklar tarapyndan oñlanypdyr we eden çykyşlary ýazgy edilip, häzirki wagta çenli kitap görnüşinde ýaýradylyp gelinýär.
Oşo üçin spiritual kämilligiñ maksady samadhi, ýagny, aýdyñlanmakdy. Oşo ölýänçä gelip-geçen ähli dinleriniñ köküniñ birdigini, aradaky çaprazlyklaryñ wagt, ýer we medeniýet dürli-dürliliginden gelip çykýandygyny öñe sürdi. Oşo üçin adam absolýut güýje çokunmazdan ötri özüni tanamaga borçludy. Jennet patyşalygyny diñe adamyñ öz içinden tapmak, şony mukaddesleşdirmek, gündelik durmuşyñ bilen baglanyşdyrmak gerekdi. Şoña görä hem durmuş çözgüdine garaşýan problema däl-de, ýaşalmagy wajyp hikmetdir.
Oşo 1981-nji ýylda saglygyna seretdirmek üçin ABŞ-na gitdi we Oregon ştatynda müritleri tarapyndan alynan mülkde kommuna durmuşynda ýaşamaga başlady. Müritleri oña togsan sany "Rolls Royce" satyn aldy. 1985-nji ýylda Oşo kommuna durmuşyny ýola goýandygy bilen birlikdr terrorçylykda we galphorlykda aýyplanyp, 12 gün tussaghanada ýatandan soñ, paty-putusy arkasyna ýüklenip ABŞ-dan kowlupdyr. Oşonyñ hetdenaşa seks rituallary we neşe serişdelerini ulanyp geçirýän şüweleñleri-de onuñ ýurtdan çykarylmagyna belli bir derejede sebäp bolupdyr. Ne-hä seks babatdaky çemeleşmeleri, ne-de meditasiýany çilim çekme derejesine düşüren Oşo tilsimleri bu syrly taglymatyñ at-owazasyny pese düşürip bilmeýär.
"Meniñ sözlerimden hudawylyk gözleýänlere aýtjak ýekeje sözüm: sözlerim degişmeden ybaratdyr. Men ýaşaýşa şadyýanlyk goşmak üçin geldim" diýse-de, Oşonyñ döreden özboluşly tilsimlerini ýerine ýetirýän köp sanly sungat işgäri, psihistrist we köp sanly mïrit häli-häzirem oña gyşarnyksyz eýerýär.
Oşo 1990-njy ýylda ýüregagyry zerarly aradan çykypdyr.
Onuñ şugadar söýülmeginiñ, pikirleriniñ we meditasiýa tilsimleriniñ halanmagynyñ iñ esasy sebäpleriniñ birem - biziñ iñ çynlakaý seredýän meselämizi-de heneklere ýugrup gürrüñ bermegidir. Onuñ bu çemeleşmesi adamlarda hem-ä kabul etme añsatlygyny, hemem içkileşdirmekde ýeñilligi döredipdir.
Oşo adamlaryñ aslyýetinde bagtly bolmak üçin ýaradylan akylly-başly jandarlardygyny we munuñ üçinem her dürli ukyp-başarnyga eýedigini aýdýar. Bagtly adamy alamatlandyrýan ähli sypatlar bedeni we añy sazlamak üçin bar. Bular hemişe şol ýerde. Oşonyñ pikiriçe ony eliñi uzadyp alaýmak galýar.
Geliñ, indi bolsa, Oşonyñ kitaplaryndan alynan jümlelere göz aýlalyñ:

- Adamzadyñ iñ düýpli meseleleriniñ biri şudur. Bu iññän düýpli mesele. Aşyk bolan mahalyñ hemme zat gözel bolup görünýär, çünki şol wagt hiç hili şert goýañok. Iki adam hiç hili şert goýmazdan, bilelikde hereket edýär. Biri-birlerine gözleri öwrenişensoñ, garşylyklaýyn şertler impozirlenmäge başlanýar. "Eýle bol, beýle bol, diñe şeýdende söýerin..." we ş.m. Hamala söýgi algy-bergidir öýdýärler.

- Tüýs ýüregiñ bilen söýeñok, şert goýýañ. Söýginiñ şerti hökmünde beýleki adamy bir zat etmäge mejbur etmek isleýärsiñ. Tersine bolanda söýgiñe hyýanat etjegiñi aýdýarsyñ. Bu ýagdaýda söýgini jeza ýa-da zorlukly çäre hökmünde ulanýarsyñ, emma söýeñok. Ýa söýgiñi yza tesdirýärsiñ, ýa berýärsiñ. Emma iki ýagdaýda-da maksat söýgi bolanok, başga zat bolýar.

- Adamlar meniñ ýanyma gelip, hemişe "Aýalym meni söýenok" diýýär. Hiç kim gelip "Men aýalymy söýemok" diýýär. Söýgini hökmany talaba öwürdiler. Özgäni unut, söýgi şeýle bir gözel duýgy welin, söýýäne bagtyýarlyk berýär.

- Näçe artyk söýseñ, şonça-da söýülmäge mynasyp bolarsyñ. Näçe az söýseñ we başgalaryñ seni söýmegini talap etseñ, şonça-da az söýlersiñ, daş-töweregiñe barha tutuksy bolup başlarsyñ, egonyñ içinde demigip galarsyñ we sähel zady özüñe çekersiñ, biri saña söýmek üçin golaýlaşjak bolsa gorkarsyñ. Çünki her söýgide ret edilme we yza çekilme ähtimallygy bar.

- Durmuşyñ özbaşyna manysy ýok. Durmuş many döretme mümkinçiligidir. Manynyñ açylmagy däl-de, döredilmegi gerek. Manyny diñe ýaradanda taparsyñ. Ony çöp-çalamyñ aşagynda däl. Ýagny sagyña-soluña seredeñde, sermeneñde tapylanok. Ol keserip diran gaýa däl. Ol ýazylmaly şygyr, aýdylmaly aýdym, edilmeli tansdyr.

- Dünýäde näme boljagyñ hakda belli bir pikiriñ bolmazdan ýaşa. Utmagyñ, utulmagyñ hiç hili gymmaty ýok. Ölüm hemme zady senden alýar. Utmagyñ ýaly utulmagyñ maddy zat däl. Möhüm bolan ýeke-täk zat - oýuny nädip oýnanlygyñdyr. Oýun göwnüñe ýaradymy? Onda her pursat bir joşgun pursaty.

- Dünýä eýemsiremek üçin däl, ulanmak üçindir. Elimiz boş gelýäris we boş el bilenem gidýäris, şonuñ üçin hiç zada eýelik etjek bolup durmagyñ manysy ýok.

- Diñe ekzistensial üçin wagt tapan her pursatyñyzda ähli işleriñizi taşlañ. Oýlanmagam özbaşyna işdir, ünsüñizi güýçlendirmegem... Eger bir pursat hiç zat etmän bütinleý özüñize üns berseñiz, bu eýýäm meditasiýadyr. Bir gezek bu ukyby edinseñiz, şeýle ýagdaýda isleýşiñizçe galyp bilersiñiz. Ahyrynda her gün ýigrimi dört sagatlabam şeýle ýagdaýda bolup bilýärsiñiz.

- Düşünilmegi wajyp örän az düýpli zatlar bar. Ilkinji nobatda bir erkek bilen bir aýal bir tarapdan biri-biriniñ ikä bölünen ýarsydyr, beýleki bir tarapdanam garşydaş kontingentlerdir. Garşydaş bolmalary olary biri-birine ymtyldyrýar. Biri-birlerinden näçe daşda bolsalar, aralaryndaky dartyş güýji şonça artýar. Biri-birlerinden näçe tapawutly bolsalar, gözellik we özüneçekijilik şonça güýçli bolýar. Emma ähli mesele şol ýerde ýatyr. Ýakynlaşan wagtlary hasam ýakynlaşaslary gelýär, biri-birleriniñ içine siñip gidesleri, bir bitewi ruha öwrülmek isleýär, emma ähli özüne çekijiligi garşydaşlyga esaslanýar, utgaşyk bolsa garşydaşlygyñ soñlanmagyna esaslanýar.

- Özüñi özüñ kabul edeniñde gözelleşersiñ. Öz bedeniñden keýp alanyñda başgalara-da keýp berersiñ. Şeýtseñ saña aşyk boljak adamyñ hetdi-hasaby bolmaz. Çünki sen özüñe aşyk ahyry. Aýdaly, sen häzir öz-özüñe gaharly. Olar saña ýakynlaşanam bolsalar, bolşuñy syzan batlaryna senden daşlaşyp başlarlar.

- Kalba barýan ýol gözel, emma howply. Aña barýan ýol adaty, emma ygtybarly. Erkek iñ ygtybarly we ýakyn ýaşaýyş formasyny saýlap alýar. Aýal duýgularyñ, ruhy ahwallaryñ iñ gözel, emma iñ kert, iñ howply ýoluny saýlap alýar. Häzire çenli dünýäni erkekleriñ dolandyrýandygy üçin aýallar añrybaş şekilde azap çekip geldiler.

- Beýniñ çep ýarymşary saña hökmürowanlyk etmäge dowam etse, durmuşyñ diýseñ rowaç bolar, edeniñ şeýle bir ugruna bolar welin, kyrk ýaşyña geleñde ýazwa bolarsyñ. Kyrk-kyrk bäş ýaşanyñda azyndan bir ýa iki gezek infark geçirersiñ. Ellä ýeteniñde öli hala gelersiñ, emma edeni ugruna bolýan öli. Uly alym bolubam bilersiñ, emma hiç haçan beýik barlyk bolup bilmersiñ. Dokuzyñy düzläp, ýeterlik baýlygam toplap bilersiñ, emma gadyr-gymmaty bolan hemme zadyñy ýitirersiñ.

- Adamlary söýmegiñ ýeke-täk ýoly bar, olam olary öz bolşy ýaly söýmekdir. Hakyky gözelligem şunda, olary bolşy ýaly söýeniñde, olar özgererler. Saña görä däl, olar öz hakykatlaryna görä özgererler. Olary söýeniñde olar özgerişi başdan geçirerler. Olar täzelenerler, olar barlygyñ täze belentliklerine ýeterler. Emma bu olaryñ barlyklarynda bolup geçer, bu olaryñ öz dogabitdi ýasawyna görä bolar. Adamlara tebigy bolmaklary üçin ýardam et. Adamlara erkin bolmaklary üçin ýardam et. Adamlara özleri bolmak ücin ýardam et. Hiç haçan hiç kime zorluk ulanma, itip-ýykmaga we höküm etmäge çytraşma. Bular egonyñ edähetleridir.

Ferýal ÇEWIKÖZ.

"Aktivist" žurnaly, 2016 ý.

Terjime eden: Has TÜRKMEN.
27
118
awesome
07.02.2023 08:19
Bagtlylyk hakynda.

Işçiniň alypsatar
goňşusyna açyk haty
Diýdiň sen:
«Işçiler nädip oňýarka
Alýanja şojagaz aýlygy bilen?..»
Emma weli işçiň günlük baýlygyn
Deňäp bilmen ýyllyk baýlygyň bilen.

Seniň puldan başga bilýän zadyň ýok.
Pikiriň-zikiriň pul, pul, ýene pul.
Bolmasa-da bizde gul diýilýän zat,
Sen gul! Haram puluň elindäki gul!

…Agaň soňky demde hyrkyldap ýatyr.
Sen onuň yzyndan gitmäge derek
Şu günki gazanan puluňy sanap,
Ekstra bilen urýarsyň börek.

Syrkaw dem sanaýar, sen pul sanaýaň.
Men bolsa gazan gapgaryp pitä,
Bugy hem gaýtmadyk jüýje çorbasyn
Seniň dertli agaň yzyndan eltýän.

Sen bolsa şo mahal sanan puluňy
Desseläp, desseläp, daňýardyň müňden.
Emma meniň kisäm müňsüzem bolsa,
Şo mahal müň esse
bagtlydym senden.

…Obadaş tanyşyň ýogaldy bir gün.
Duran-duran ýerden ylgady uly il.
Sen bolsa («syrkaw men, işli men…»
diýip)
Tapyndyň özüňe müň dürli delil.

Men bolsa şol mahal egnim tabytly,
Dostuňy göterip barýardym öňden.
Şonda meniň kebzäm hasratlam bolsa,
Müň esse baýdym
hem
bagtlydym senden!

…Dileg edip geldi
garryja eneň.
Bende dilegçi hem däldir-le weli,
Düwünçekmi ýa-da atgulak üçin
Azajyk ýetmedik bolarly puly.

Sen oňa köneje bäşlik uzatdyň,
Soň üçlük uzatdyň (kesen dek tenden!)
Men bolsa şo mahal
öz enem bilen
Müň esse baýdym
hem bagtlydym senden.

…Ne roman okaýaň, ne-de bir goşgy.
Okamak deregne içýäň hem iýýäň.
Bir kitap görkezsem,
saldarlap görüp,
«Şuňa näçeräk pul aldyka?» diýýäň.

Beýik Magtymgulyň kitabyny hem
Özüň däl, getirip beripdir ogluň.
Halal, haram hakda okan mahalym –
Kitaby ýyrtaýjak, ýyrtaýjak bolduň.

Dogrulyk hakdaky ýekeje söz hem
Ýerleşip bilenok pos basan beýnä…
Men bolsa her agşam bagrymy berip
Puşkine, Pyraga, Nowaýa, Geýnä,

Balarysy ýaly şire toplaýan
Danalaň dürdäne setirlerinden.
Şol pursat
bar öýüm, maşgalam bilen
Müň esse gurply men,
Bagtly men senden.

…Söýgüden doýanok meniň gözlerim.
Seň gözleriň bolsa doýanok zatdan.
Kopügiň hasaplap uzynly gije,
Mele gelniňi-de çykarýaň ýatdan.

Men bolsa şo mahal
mele gujakda
Her minutda iki ýaşyny ýaşap,
Uly söýgi bilen ýeten bagtymyň
Kä lebinden, käte gözünden ogşap –

Seniň puluň sany çen-çakdan çyksa,
Meniň posa sanym çykýardy çenden.
Şo mahal
özüm hem,
gelnim, öýüm hem
Müň esse baýdyk
hem
bagtlydyk senden.

…Her gije, her säher
eýmençden eýmenç
Gara wakalary görüp düýşüňde,
Käte basyrganyp, käte gygyryp,
(Hiç zatdan gorkmasyz) juwan ýaşyňda,
Maşyn sesi çyksa, tisginip turup,
Çyrany-da ýakman,
ylgaýaň gapa!..
Biz bolsak şo mahal çagalar bilen
Gark bolup iň süýji, lezzetli uka,
Zähmetiň, Söýginiň eşretin görüp,
Nur sorup ýatyrys ertirki günden.
Müňläp nulumyz ýok. Emma müň esse
Baý biz,
arkaýyn biz,
bagtly biz senden.

Kerim Gurbannepesow.
33
153
awesome
06.02.2023 20:23
Amerikan ýazyjysy Mark Tweniň çuňňur manyly we juda ähmiýetli, göwnemakul sözleri bar: «Ýene ýigrimi ýyldan soň üstünlikleriňi
we şowsuzlyklaryňy ýatlap otyrkaň, şu günki eden işleriňden goýberen pursatlaryň has köp bolandygyny ýatlap ökünersiň» diýýär.
Hak aýdýar, ökünersiň, çyndan ökünersiň. Sebäbi bellibir karara gelip, ymykly girişäýmeli işi, ikirjiňlenme ýa-da geleňsizlik zerarly
etmändigiňe, gaýratyň çatmandygyna ökünersiň... «sag başym, aman başym» diýip, köne külbäniň ykyş diwaryna duwlanyp ýatyşyň göz öňüňe geler.
Emma ugrunda gaýrat eden işleriňe, hatda şol ýollarda goýberen säwlikleriňe, hatalaryňa hem ökünmersiň. Ikirjiňlenmeleriň, gorky-ürkiň, synanyşykdan alyp galan ejizligiň näçe köp bolsa, ahyr
ýaşda ökünjiň hem şonça köp bolar.
Her bir adam öz gylyk-häsiýetleriniň jemi. Gylyk-häsiýetleri, özüni alyp barşy bolsa onuň bir karara gelip bilýändiginiň, bilmeýändiginiň dilmajy. Ikimizi bir-birimizden parhlandyrýan zat, biziň bir karara gelip bilýändigimiz ýa-da bilmeýändigimiz. Haýsy işiedýändigimiz we etmeýändigimiz (edip bilýärismi ýa etmeýärismi?)
Her kim öz karary, öz pikiri bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin hem iň möhüm, ähmiýetli zatlaryň biri – durmuşyň bize döreden ähli mümkinçiliklerine, pursatlaryna doly we ählitaraplaýyn nazar salmaga
synanyşmaly. Gaýrata daýanyp, işe girişmeli. Näbelli gorkulardan rüstem gelmek üçin batyrgaýlyk bilen işlemeli we asylly amallarymyzy dowam etmeli.
Mahlasy, iň uly töwekgelçilik durmuşyňda hiç hili töwekgelçiligiň bolmazlygydyr. Iň uly howp hiç hili howpy bolmadyk durmuşda ýaşamakdyr. Hakyky şowsuzlyk bolsa şowsuzlyga düşmekden gorkup, bir duran ýeriňde saklanmaklykdyr.
25
135
awesome
24.12.2022 10:06
Biziň bedenimizde şu täsinlikleri bar:

● Bedeniň gan bilen üpjün etmeýän ýeke-täk bölegi göz perdesidir. Göni howadan kislorod alýar;

● Adam beýnisiniň sygymlylygy 4 terabaýtdan ýokary;

● Ýedi aýa çenli çaga bir wagtyň özünde hem dem alyp hem-de ýuwdup bilýär;

● Asgyranymyzda bedeniň ähli funksiýalary, hatda ýürek hem durýar;

●Nerw impulsy beýnimizden sagatda 274 km tizlik bilen hereket edýär;

● Bu makalany okap tamamlaýançak bedenimizde ortaça 50 000 öýjük ölüp täzelenýär;

● Aýallaryň ýüregi erkekleriň ýüregine garanyňda has çalt urýar;

● Adamlaryň üçden iki bölegi öpüşende kellesini sag tarapa egýär;

● Adam görýän düýşüniň 98%-ni oýanan wagty ýadyndan çykarýar;

● Suwsuzlyk duýgusy bedenimiziň bir göterimine deň bolan suwuň ýitmegi bilen ýüze çykýar. 5% -den gowrak ýitgi özüňden gitmeklige, 10% -den ýokary suw ýitgisi bolsa ölüme çenli getirip bilýär;

● Ähli bakteriýalaryň diňe 1% -i adamda kesel döredýär;

● Diş, adam bedeniniň özüni bejerip bilmeýän ýeke-täk bölegi;

● Bedenimizdäki ähli kalsiniň 99% -i dişlerde bolýar.

● Adamyň dodaklary barmaklaryň ujundan ýüzlerçe esse duýgurdyr. Hakyky öpüş ýürek urmasyny minutda 100 ýa-da ondan köp urmak ýygylygyna çenli ýokarlandyrýar;

● Adam bedenindäki iň güýçli myşsa dil.
37
256
awesome
23.12.2022 08:52
Ýigrimi birinji kada: Her kime bir hili häsiýet berlendir. Eger Alla hemmeleriň birmeňzeş bolmagyny islän bolsady, şübhesiz, şeýle ederdi. Tapawutlylyklara hormat goýmazlyk, öz hakykatlaryňy özgeleriň boýnuna
dakmaga çalyşmak Hakyň mukaddes nyzamyna hormat goýmazlykdyr.

Ýigrimi ikinji kada: Allanyň çyn aşygy bir meýhana girdimi, ol ýer onuň üçin namazgähe öwrüler. Ýöne serhoş şol namazgähe girdimi, ol ýer onuň üçin meýhana döner. Bu durmuşda näme etsegem, tapawutlary ýüze çykarýan daş görnüşimiz dälde, niýetimizdir.

Ýigrimi üçünji kada: ýaşaýan durmuşymyz elimize tutdurylan ýaldyr-ýuldur reňkli, amanat oýnawaçdyr. Kim oýnawaja hakykydyr öýtse, onuň üçin aglap, gaýgy-gussa batar. Kim bolsa, eline alan badyna oýnawajy söküşdirip döwüp taşlar. Biz oňa ýaha aşa baha kesýäris, ýa-da gadyr-gymmatyny bilmeýäris.Öte geçmeden daş dur. Sopy aşa-da geçmez, kem hem gaýtmaz. Sopy hemişe aralyk ýagdaýda...

Ýigrimi dördünji kada: rast, ynsan ýaradylan mahluklaryň iň şereflisi, mertebelisi bolsa, onda ol her äden ädiminde Allanyň ýer ýüzündäki oruntutarydygyny, halifesidigini ýadyna salyp, şoňa gelişjek edep bilen
hereket etmelidir. Adam garyp galan, töhmete duçar bolan, zyndana atylan, hatda ýesir düşen halatynda hem, ýenede özüni başy dik, ruhy belent, kalby rahat oruntutar ýaly alyp barmasyny bes etmeli däldir.

Ýigrimi bäşinji kada: sen jenneti hem jähennemi hökman gelejekden gözleme. Ikiside şu pursat şu ýerdedir. Haçan bir adamy bähbit araman, hantamaçylyksyz söýmegi başarsak, jennetdeligimizdir. Haçan biri bilen gohlaşsak, oňuşmasak; ýigrenje, görübilmezçilige we gahara bulaşsak, jähenneme dikbaşaşak düşdügimizdir.

Ýigrimi altynjy kada: älem bir bitewi göwre, ýeke-täk barlykdyr. Ähli zat we hemmeler göze görünmeýän ýüpler arkaly biri-birine baglydyrlar. Hergiz hiç kimiň gargyşyna galma; özgäni, aýratynam özüňden ejizi ynjytma. Bir zady ýadyňdan çykarma, dünýäniň aňry ujundaky bir adamyň hasratynyň tutuş adamzady betbagt edip bilmegi ahmaldyr. Bir adamyň bagty bolsa,
hemmeleri bagtyýar edip biler.

Ýigrimi ýedinji kada: bu dünýä bir dag mysalydyr, sen oňa nähili seslenseň, ol hem seniň sesiňi şolar ýaly edip ýaňlandyrar. Agzyňdan haýyrly söz çyksa, ol haýyrly ýaňy gaýtarar. Şer çyksa, ol hem saňa şer gaýtargy berer.
Şeýlelikde, kim sen hakynda ýaman gürrüň etse, sen ol adam barada kyrk gün, kyrk gije diňe ýagşy gürrüň et. Kyrk günden soň, ähli zadyň özgerendigini görersiň. Seniň köňlüň özgerse, dünýä-de özgerer.

Ýigrimi sekizinji kada: geçmiş diýilýän zat aňymyzy gaplap alan ümür dumandyr. Gelejek bolsa, özboluşly hyýal perdesidir. Biz gelejegimizi bilip hem, geçmişimizi özgerdip hem bilmeris. Sopy hemişe şu pursadyň hakykaty bilen ýaşaýandyr.

Ýigrimi dokuzynjy kada: Ýazgyt ömür ýolunyň öňünden çyzylmagy diýmek däldir. Şol sebäpdenem, «näme alaç edeýin, ýazgydym şeýle» diýip,boýnuňy burup durmak nadanlygyň alamatydyr. Ýazgyt ýoluň doly şekilini däl-de, diňe onuň aýrytlaryny berer. Geçelge belli hem bolsa, ähli öwrümler we
çatryklar ýolagça degişlidir. Şeýlelikde, ömür ýoluna erk edip bilmeseň-de, ýaşaýşyň garşysynda çäresiz dälsiň.

Otuzynjy kada: Hakyky sopy şeýle adamdyr, özgeler tarapyndan ýazgarylan, aýyplanan, gybaty edilen, hatda töhmet belasyna duçar bolan halatynda hem, ol, hiç kime, kemterisinden, ýeke ýaman söz hem aýtmaz. Sopy kemçilikleri görýän däldir-de örtýändir.
27
142
awesome
16.12.2022 21:38
Şemsi Töwrizliniň "Altyn kyrk kadalaryndan"

Birinji kada: Ýaradany haýsy sözler bilen beýan edýänligimiz özümizi nähili görýändigimizi görkezýär. Eger Taňry diýlende, ilki bilen gorkmaly, utanmaly bir barlyk ýadyňa düşýän bolsa, onda köplenç gorkup hem
utanyp ýaşaýansyň. Ýok, eger Taňry diýlende ozaly bilen yşk, merhemet hem mähir ýadyňa düşýän bolsa, onda bu sende-de şeýle sypatlaryň köplügini aňladýar.

Ikinji kada: Hak ýolunda ileri gitmek ýürek işidir, akyl işi däldir. Ýolbelediň eginleriň üstündäki kelläň dälde, hemişe ýüregiň bolsun. Nebsiňi tana, onuň yzyna düşýänlerden bolma!

Üçünji kada: ―Gurhany dört derejede okamak bolar.
Ilkinji dereje onuň ýüzleýin, zahyry manysydyr. Ikinjisi batyny, içki manysy. Üçünji batynynyň batyny, ýagny içki manysynyň hem aňyrsyndaky manydyr. Dördünji dereje
şeýle bir çuňdur welin, şol manyny bermäge sözleriň güýji ýetmez.

Dördünji kada:
Älemdäki her bir zerrejikden Allahyň sypatlaryny tapyp bilersiň, çünki Ol metjitde, kilisede, sinagogda däl, her pursatda hemme ýerdedir. Allahy görüp ýaşap ýöreniň
bolmaýşy ýaly, Ony görüp ölüp gidýän hem ýokdur. Kim Ony tapsa, ebedilik Onda galar.

Bäşinji kada: Akylyň kimýasy bilen yşkyň kimýasy başga-başga zatlardyr. Akyl seresapdyr, her ätjek ädimini oýlanyp-ölçerip äder. Ol: «Özüňden ägä bol!» diýip
duýduryp durandyr. Ýöne yşk nähili? Onuň ýeketäk diýýän zady: «Özüňe üns berme, näme işlese şonyişlesin!» Akyl aňsat-aňsat ýykylýan däldir. Yşk bolsa dessine özüni zaýalap harap eder. Emma baýlykdyr hazyna harabalykda
bolýandyr. Näme bolsa harap kalpda bardyr!

Altynjy kada: Bu dünýädäki çaknyşyklaryň, ýazgaryşlaryň we gapma-garşylyklaryň köpüsi öz gözbaşyny dilden alyp gaýdýar. Sen özüň bol, sözleri köp iş edinme. Yşk diýarynda dil onsuzam öz güýjüni ýitirýär. Aşyk dilsiz
bolýandyr.

Ýedinji kada: bu durmuşda ýeke özüň bir gyra çekilip, diňe öz sesiň ýaňyny eşidip, Hakykatyň üstüni açyp bilmersiň. Sen özüňi doly suratda diňe başga bir adamyň aýnasynda görüp bilersiň.

Sekizinji kada: Başyňa nä iş düşse-de, göwnüçökgünlige berilme, ruhdan düşme. Ähli gapylar ýapylsa-da, ahyrynda Ol saňa hiç kimiň bilmeýän gizlin ýodasyny görkezer. Sen häzir görüp bilmeýän hem bolsaň, dargeçelgeleriň aňyrsynda niçeme jennet baglary bardyr. Şükür et! Arzyly islegiňe gowşanyňdan soň, şükür etmek aňsatdyr. Çyn sopy dilegi duş bolmadyk halatynda-da,
şükür etmegi başarýan adamdyr.

Dokuzynjy kada: sabyr etmek –– ýöne durup garaşmak däldir, öňdebaryjy garaýyşly bolmak diýmekdir. Sabyr näme? Tikene seredip güli, gijä bakyp gündizi hyýalyňda janlandyryp bilmekdir. Allaaşyk bolanlar sabry bägül
mürepbesi ýaly hezil edip sorar-da, özüne siňdirer.Onsoňam olar asmandaky täze dogan Aýyň tegelenmegi üçin, wagt gerekdigine düşünerler.

Onunjy kada: Gündogaramy ýa günbatara,
demirgazygamy ýa-da günorta – haýsy tarapa gitseňem, her bir ugran ugruňy öz içki dünýäňe syýahat bil! Öz içine syýahat eden adam ahyrynda zemine aýlanyp çykar.

On birinji kada: göbegene sanjynyň awusyny duýman, dogrup bolmaýandygyny bilýändir, şonsuz ene rähminden bäbege ýol açylmaz. Özüňden täze we düýpgöter başga bir «seniň» emele gelmegi üçin seniň hem kynçylyklara, her jüre sanjylara taýýar bolmagyň gerek.

On ikinji kada: yşk bir syýahatdyr. Syýahata çykan her bir ýolagçy özi islese-de, islemese-de, depesinden dabanyna çenli özgerer. Bu ýollary geçip özgermedik ýokdur.

On üçünji kada: bu dünýäde galp hajylaryň, hojalaryň, şeýhleriň, şyhlaryň sany asmandaky ýyldyzlardanam kän. Hakyky mürşit seni özüne haýran bolmaga däl-de, içki dünýäňe garamaga we nebsiňden ökde gelip, özüňdäki
gözellikleriň birin-birin üstüni açmaga ugrukdyrar.

On dördünji kada: Hakyň öz ýoluňda goýan
özgerişliklerine garşy çykmaga derek, olara boýun bol. Goý, ýaşaýyş garşyňa däl-de, seniň bilen ugurdaş aksyn. «Tertipdüzgünim bozular, durmuşym agdar-düňder bolar» diýip gaýgy etme. Durmuşyň aşagynyň ýokarsyndan has gowy bolmajagyny sen nireden bilýärsiň?

On bäşinji kada: Alla hemmämiziň içimizi hem daşymyzy her pursatda kämilleşdirmek bilen meşguldyr. Biziň herimiz bir tamamlanmadyk sungat eseridiris. Başymyzdan geçen her waka, ýeňip geçen her bir kynçylygymyz ýetmezçiligimizi aradan aýyrmak üçin
taslanandyr. Haktagala biziň kemçiliklerimiziň hersini aýratynlykda iş edinýär, çünki adamzat diýen eser çirksizligi maksat edinýändir.

On altynjy kada: Allah kemçiliksizdir, ony söýmek aňsatdyr. Iň kyny günäsi, sogaby bilen birlikde ötegçi ynsany söýmekdir. Ýatdan çykarma, adam islendik bir zady näderejede söýýän bolsa, ony diňe şo derejede tanap
biler. Diýmek, özgeleri ýürekden gurşap almazdan, Ýaradan üçin ýara dylany söýmezden, ony mynasyp derejede tanap hem bolmaz, bolmalysy ýaly söýüp hem.

On ýedinji kada: Esasy hapalyk daşyňda däl-de, içiňde, köýnegiňde däl, kalbyňdabolýandyr. Şulardan başga islendik tegmil näçe erbet görünse-de, ýuwlan badyna arassalanar, suw bilen päklener. Ýuwanyň bilen aýrylmaýan ýeke-täk hapa ýürekde gert baglan görübilmezçilik hem betpällikdir.

On sekizinji kada: Tutuş älem ähli barlygy, ýagşy-ýamany bilen birlikde ynsanyň içinde gizlenendir. Şeýtan daşymyzda bizi
azaşdyrjak bolup ýören eýmenç mahluk bolman, hut içimizde ýerleşýän sesdir. Şonuň üçin şeýtany daşyňdan, başgalardan däl-de, özüňden gözle. Onsoňam bir zady unutma, özüni bilen Rebbini-de biler. Başgalara däl-de,
özüne garşy göreşen adam ahyrynda zähmetiniň rehneti hökmünde Ýaradany tanar.

On dokuzynjy kada: özgelerden hormat-sylaga, ýagşylyga ýada söýgä garaşýan bolsaň, ilkinji nobatda, bular üçin özüňe borçlusyň. Öz-özüni halamaýan adamynyň söýülmegi mümkin däldir. Sen özüňi halaýan, gowy görýän mahalyň dünýä saňa tiken ýollasa, begen. Diýmek, onuň bahym güli-de
iberjekligidir.

Ýigriminji kada: Ýoluň ahyrynyň nirä baryp direjegi barada oýlanmak bihuda işdir. Sen diňe ilkinji ätlejek ädimiň barada oýlanmalysyň. Galan zat kem-kemden düzeler.
27
193
awesome
13.12.2022 00:12
Saz bilen söhbedi ýaman diýmäňler,
Adam Ata, Howa bolanda bardyr.
Habyl bile Kabyl ene goýnunda,
Olar bu dünýäge gelende bardyr.

Mollalar jem bolup tapmady delil,
Men saňa sygyndym, ýa, Repbim Jelil,
Ysmaýyl pygamber, Ybraýym Halyl,
Mekge binýadyny salanda bardyr.

Mollalar jem bolup geldiler heme,
«Hazar ente» diýmäň manysy näme?
Patyşa bolup ötdi şahy Jüm-jüme,
Dünýäniň lezzetin dadanda bardyr.

Bu dünýäni kimse tutdy serşite,
Adam ogly her haýsysy bir işde,
Harut, Marut atly iki perişte,
Babyl çah içine düşende bardyr.

Şiri-Haýdar diniň gapysyn açdy,
Bilal azan aýtdy, kapyrlar gaçdy,
Abubekir, Omar, Osman uruşdy,
Aly din gylyjyn çalanda bardyr.

Igne üçin Isa asmanda galdy,
Isgender Zülkarnaýyn dünýäni aldy,
Musanyň hasasy aždarha boldy,
Nesiminiň postun soýanda bardyr.

Şeýtany kowdular jennet öýünden,
Her kim tapar öz pyglyndan, küýünden,
Özüň sakla, huda, azap suwundan,
Nuhuň gämisine münende bardyr.

Daglaryň başyndan gitmez dumany,
Bir gün bolar ýaradanyň permany,
Mäti gelip alar ýagty dünýäni,
Dawydyň kyrk ogly ölende bardyr.

Molla Gaýyp aýdar, Hydyrdyr pirim,
Pirim Şahymerdan-Aly destgirim,
Soltan Söýün Mürze Mir-Aly şirim,
Dünýäniň toýuny tutanda bardyr.

Mahmyt Gaýyby. Diwan.
36
133
awesome
12.12.2022 02:09
Dünýä meşhur kino eserleriniň biri («Stalker» A. Tarkowskiý) şeýleräk esasda alnypdyr. Barylmasy gadagan edilen bir ýerde bir jaý bar. Şol jaýa baryp kim näme dileg etse, şol bada hasyl bolýar.
Ertekä çalymdaş bu esas filimde örän hakyky, şeýle bir çynlakaý görkezilýär welin, film tamamlanýança soňy näme bilen gutararka diýip galpyldap geçýäň. Içiňdenem, men bolsam nämäň dilegini ederdim diýýäň. Ilki aňyňa gelýän zat imanyň, ýer ýüzüniň abadançylygy. Biraz hususylaşýaň. Dünýeden öten ejemiň, kakamyň o dünýesiniň, dirilerimiziňem hem o dünýesiniň, hem bu dünýesiniň abatlygy. Olaryň içine özüňem, dost-ýarlaryňam goşýaň. Soň... biraz şowlulygy, onsoň has şowlulygy... Birdenem ýeke dilegiňe hemme zat bitip durberse diýip howp edýäň. Hemme zat şowuna bolup dursa, aýagyň ýere basýanynam duýmarsyň, ökjäňem ýere degmez. Emma, ynsanyň aýagy bir zada direnmese, howanyň basyşy döşünden itmese, gaýta onuň hereket etmesi kynlaşýar ahyryn...
Belki, çydap biljek derejäňde, özüňe mynasyp, biraz kynçylygam dilemelidir? Ýeňip, öňe gideriň ýaly... Öňde näme bar? Ine mesele nämede! Gowy aýlyk-günlük, aladasyz ýaşamakmy? Eşret, kelläňi gyzdyryp, «görübilmedigiň gözi çyksyn» diýdirýän meslikmi? Meslik, azgynçylga tarap açylýan gapyň açary dälmi näme? Ozal, bu gapy ýapyk duran bolsa, indi açyk...
Hor ýaşasymyz gelenok, baý ýaşasymyz gelenok, biz üçin gyş sowuk, tomusam yssy. Ýazyna-güýzüne-de bulutly howadan ýaňa gözümiz dümewden açylanok. Bu ne gurluş, bu ne düzgün?
Belki hiç zadyň aladasyny etmeýän çagalygy, ýa-da esasan öz aladasy bien ýaşaýan gaýgysyz ýigitligi dilemelidir? Emma, çagalyk sekundy, ýigitlik minudy, gojalygam sagadyň özüni görkezýän dillerine meňzeş. Sagadyň näçedigi ýöremesi kyn uly dile görä kesgitlenýär. Diýmek, mydam çagalykda ýaşamak, sekuntlarda, ýigitlikde ýaşamak minutlarda aýlanyp durmak boljak. Dogry, olar aýlanmasa kiçi dilem manysyny ýitirer. Emma «ömür sagadyň» diňe sekundy ýa-da minudy görkezip dursa? Ýok, muny hiç kimem islemez. Goý kyn bolsun, goý ejirli bolsun, dury Asmanam gara bulutlara bürelip nagra çekmese, ýyldyrym çakyp bagryny para-para etmese, ýagmyr ýagmaz, ýer gurar.
Ömürem şeýle. Maňlaýyňdan azap deri dammasa, kalbyňdaky yhlas guramak bilen. Iň bärkisi pökgüni derwezä dürs depip bilmek üçinem her gün azyndan sekiz sagatlap der dökülýär. Biz bolsak dileg bilen hemme işlerimiziň şowlap gidibererine garaşýas. Birek-birege ýüz elli, iki ýüz ýaş dileýäris. Soňam ýaşy segsenden aňan bir garryň gözgyny halyna ýüregimiz awaýar.
Şonda-da, ýüregimiziň töründe ýene dilegler otyr. Dilegine görä, ynsan özüni tanadýar. Çünki, ynsanyň dilegi – ýüregindäki islegi. Şer isleýärmiň, haýyr isleýärmiň, ýüregiňde nämedir bir zadyň hatyrasyna günä işlerdenem gaýtmazlykmy ýatyr, ýa-da tersine, özüňe döz diýýän sogap işlermi – niýetiňden belli. Bahylmyň, görüpmiň baryny dilegiň aýdyp dur. Bir rowaýatda bir adama: «Näme dileseň dile, ýöne goňşyňa iki esseläp berjekdiris» diýenlerinde, «Bir gözümi oýuň, goý goňşymyň iki gözem oýulsyn» diýenmiş. Elbetde, rowaýatyň tisgindiriji, ýatda galyjy häsiýeti bar. Mümkin, durmuşda edil beýle-de däldir. Ýöne, durmuşda bolýan zatlaryň rowaýatlardakydanam, islendik edebiýatdanam çökderdigini göre-göre gelýäris. Bet päller, ýaman niýetler adamy şeýle bir ýolundan alýar, soň onuň adamdygyna ynanmak kyn düşýär.
Bir gezek daşary ýurtlaryň birinde dükandan ýönekeý bir haryt almakçy boldum. Ol ýurduň pulundan kän bir başym çykmansoň, jübümdäki ählije pulumy dükança uzadyp näçe almaly bolsaňyz özüňiz alaýyň diýip yşarat etdim. Ýanymdaky ýerli ilatdan bolan ýoldaşym derrew elimden çekdi. Men alniçigsi bolup gitdim. Näme boldy diýip soradym. Ol pullarymy alyp dükançy bilen özi hasaplaşdy. Biz dükandan çykdyk.
- Näme dükançy meni aldar öýtdüňmi? Olam adam ahyryn?
- Hawa, adam. Adam bolany üçinem, pullaryňy tekjä atyp, sen maňa onça pul bermediň diýibem, biler. Ol adam, ýöne seniňem uzadýanyň pul...
Ýene bir gezek, bir üýşmeleňde kellesi gyzanyň biri:
- Belaň körügi, adamyň edýän hereketlerini günä diýip, sogap diýip bölüp ýörmekde. Sogap bolmasa, günä-de bolmaz. Isläniňi et, isleýişiň ýaly ýaşa. Aldandyňmy, senem alda. Utulmajak bol, biri saňa bir duzak gursa, sen oňa iki duzak gur – diýip, şeýle bir ters pikirleri ýöredýär, men onuň aýdanlarynyň bir toparyny mysalam getiresim gelenok. Eger, olam öz pikirlerine görä dileg edäýse? Onuňam dilegi kabul bolsa... Içimden, «Hernä, hemme zat dileg bilen bitmeýär!» diýdim.

Atam pahyr hakynda gürrüň berende ejem görgüli: «Ýaşy segsenden geçensoň namazlykdan turmady. Täret almaga çykar, elten nahar-çaýymy iýip-içer, ýene namazlykdadyr. Namazyny okar soň şol dileg edip oturandyr» diýerdi. Kakam pahyram ondan öwrenen bolsa gerek, her töwürden soň, köplenç:
Namarda zar etme,
Zalyma griftar etme,
Azdyrma,
Azana duçar etme.
Bu dünýede abraý, o dünýede iman ber – diýip, dileg ederdi.
Şowdan, şowsuzlykdan, kynçylykdan, ýeňillikden ýekeje agyzam ýok. Ömürlerini kä şowly, kä şowsuz, kä kyn, kä ýeňil, emma dileýişleri ýaly abraý bilen ýaşap geçdiler. Dilegleriniň birinji ýarymy kabul bolansoň, ikinji ýarymam kabul bolandyr diýip umyt edýän.
Ynsan nähili durmuşy islese, şonuň ýalam ýaşap geçip gidýär. Oňa gadagan edilen, her dürli gorkunç duzaklardan doly ýoly geçip, bir jaýa-da girmek gerek däl. Kim bilýär, aslynda şol jaý biziň öz jaýymyz, öz içerimizdir. Gijemi, gündizmi, ýekemi ýa çagalaryň bilen birlikde, ýa-da her gireňde-çykaňdamy, nämäň dilegini etseň, nähili ýaşamak isleýän bolsaň şonuň ýalam ýaşap geçip gidýärsiň. Arman, munuň şeýledigine adam örän giç düşünýär.

Ylýas Amangeldi
28
204
awesome
18.11.2022 12:04
AHLAKSYZA NE AÝAT TÄR EDER, NE HADYS

Şu gazet sahypasynyñ maña bölüp beren burçunda on ýyldan gowrak wagt bäri ýazyp gelýärin. Gazetiñ erkin pozisiýasy bilen iş ukybymyñ arasyndaky sazlaşyk galamymy hasam rahatlandyrýar. Çözgütlerimi maýda-çüýde çekişmelere sowmaýanymy we belli bir syýasy pozisiýa gurban etmeýänimi ýazgylarymy yzygiderli okaýanlar gowy bilýändir. Akyl-paýhas, tankydy pikir we etika gymmatlyklary galamymyñ goragçysydyr. Ýazýan ugrum şuny talap edýär, ahlagym-da maña şuny buýurýar. Kişileri nyşanama alamok, problemanyñ göni özüne üns berýärin. Şundan ugur alyp, adam mertebesiniñ hemme zatdan ýokardadygyna ynanýaryn. Her ýazgyma başlamda "Rebbim, galamymy hakykatdan aýra düşürme" diýip dileg edýärin. Ömür juda gysga, meniñ maksadym yzda gulaga ýakymly mukam miras goýmak... Birden-birdenkä nämüçin bulary agzadym? Derdim size bulary aýtmak däl, emma bir kiçijik gynanjymy siziñ bilen paýlaşmak üçin şeýle girişe mätäçlik duýdum.
Teswirleriñiz, tankydy bellikleriñiz, sowallaryñyz, hoş sözleriñiz meniñ üçin diýseñ wajyp. Ähli okyjylaryma şu ýerden şu ýazgy arkaly müñlerçe gezek minnetdarlyk bildirýärin. Biz siziñ barlygyñyz bilen bardyrys.
Her ýazgy tankyda açyk bolmaly. Munuñ tersini düşünmek kişileri ýa-da pikirleri absolýutlaşdyrmak bolýar, bu bolsa düşünjäniñ many-mazmunyny, özenini ýitirdýär. Adamy haýwandan tapawutlandyrýan zat onuñ akylydyr, adamy adamdan tapawutlandyrýan zat bolsa kişileriñ pikir aýratynlyklarydyr. Adamyñ durmuşa we bolýan zatlara bolan garaýşy onuñ şahsyýetini kemala getirýär. Özüne mahsus pikirleri bolmadygyñ ne şahsyýeti kämilleşer, ne-de dünýäsi. Ol eýýäm täsiri astynda galan şahs ýa-da şahslaryñ adamydyr, şonlugy-da galar. Özi bilýänem däldir, emma ol, sözüñ hakyky manysyndaky bendidir, özüne dahyly bolmadyk düşünjelere añ we beden taýdan duşaklanan ýagdaýdadyr. Bular ýaly adam tankyt edip ýa-da garşylyklaýyn pikir alşyp bilmeýär. Mantygyñ çygryndan çykyp, bolar-bolgusyz, esassyz, dowamsyz şekilde, öñkiler aýtmyşlaýyn "kyýasy-batyl", ýagny, ýalñyş netijeler bilen tankyt pikir ýöretmegiñ, tankyt etmegiñ jahylyýetdir (nadanlykdyr). Bilmeýän, emma özüniñ bilmeýänini-de bilmeýän (jehli-mürekkep) adamlaryñ munuñam üstesine ahlagy ýaramaz bolsa-ha, onda aýtmaga söz tapmarsyñyz. Ine, men şular ýaly adamlardan elektron poçta arkaly şeýle bir hatlar alýaryn welin, ynanyñ, okamda ýüzüm lap-lap gyzýar. Bular ýaly adamlaryñ ýok ýeri ýok. Edep diýen söz olaryñ ulanýan sözleriniñ garşysynda girmäge deşik tapanok. Şeýle adamlar hamala, yslamy goraýarmyş. Ulanýan sözleri, özlerini alyp baryşlary bilen Allany, pygamberimizi (s.a.w), yslamy nädip bir ýere sygdyryp bilýärler, bu boluşlary üçin özüm utanýaryn... Aslynda ahlak baradaky ýazgylarymyñ barsy olara muny doly düşündirmek üçindi. Diýmek, jehli-mürekkebe gep düşündirjek bolmak bihuda işmiş.

• ÝENE BIR GEZEK ÝATLADAÝYN

Ahlak adama degişli zat, ol adamyñ özeninden, zannyndan syzylyp çykýar. Din bu barada birnäçe ýerde ýatladyp geçýär. Ahlaksyza aýat-da täsir etmez, hadys-da. Ahlaksyz adam Alladanam utanmaz, bendesindenem.
Ýene bir gezek ýanjap aýdaýyn: nebsiñi terbiýelemek we jylawlap saklamak musulman bolmagyñ iñ ilkinji şertidir. Bir adam ilki ahlagyny düzeltmeli, özüni kämilleşdirmeli, edep-terbiýäni öwrenmeli, eger diýjek bolsa, şondan soñ özüne musulman diýmeli. Adamyñ özüni alyp barşynyñ gowulygyny dinine seredip bilip bolmaz, emma özüñi gowy alyp barmagy dinem buýurýar diýýäris. Kimdigine, ynanýandygyna, ynanmaýandygyna, ynanjyna, mezhebine garamazdan adam mertebesine zeper ýetirmegiñ ýalñyşdygyny hökman dinden öwrenmeli däl, emma kişiñ hakyny iýmegiñ Allanyñ emirlerini depgilemekdigini diniñ ündeýändigini bilmäge mejburdyrys. Biz ogurlygyñ ýaramaz pişedigini hökman dinden öwrenemzok, gaýtam, dinem ogurlygy gadagan edýär diýýäris. Günüñ meselelerine ünsüñizi çekip düşündirjek bolaýyn: ekzamende birinji 20-30-luga giren kişileriñ alynman, sanawyñ iñ yzyndakylaryñ tanyş üsti bilen işe alynmagynyñ nädogrudygyny aýdyp her bir adamyñ ýüregi-wyždany syzlar durar, şol bir wagtyñ özünde diniñem muny oñlamaýandygyny delile mätäçlik duýmazdan bilýär. Jemgyýetçilige degişli işi arzan hem ýokary hilli ýerine ýetirjek firma däl-de, diñe häkimiýete ýakyn durýan firma tabşyrylmagynyñ ahlak taýdan dogry däldigini her bir ahlakly ynsan gowy bilýär. Jemgyýetçilik eýeçiligine degişli ýerleri belli bir adama peşgeş bermekde tüýi çykmadyk gyzyletene ýetimleriñ we millionlarça çaganyñ hakyny iýmekdigini aýtmak üçin pygamberimiziñ (s.a.w) direlip gelmegine, täzeden aýat inmegine hajat ýok. Ine, edep - bütin bularyñ barsyny seljerip bilmek we dogryny sözläp bilmekdir. Edep biziñ içimizdäki iñ ynjyk ölçeg birligidir. Bu ynjyk ölçeg birligi - bu hudawy duýgy bize nämäniñ dogrudygyny, nämäniñ ýalñyşdygyny aýdýar. Akyl-paýhas hem muña güwä geçýär. Ynananlar üçin dinler şu hususda daýanç sütünidir.
Elkyssa, başgalar we ýaradylanlar bilen gatnaşygyny ahlak gatnaşyklary arkaly ýola goýup bilmedik her bir adam horjunynda näme bar bolsa, öñüne dökmeli we öz imanyny şonuñ esasynda soraga çekmeli. Galyberse-de, diniñ sap edepdigini, ahlakdygyny görmek islemeýän, daş etsin welin, hudaýlyga talaş edýän, başgalaryñ imanyny soraga çekmegi özüne pişe edinen molla kasymlara bulary düşündirmek mümkin däl. Biziñ Ýunusymyz aýdypdyr-a:

"Gezdim Halaby, Şamy,
Eýledim ylmy talap.
Meger ylym hiç zatmyş,
Hökman edep, hökman edep!"

Aýşe SUJU.

"SÖZCÜ" gazeti, 06.06.2022 ý.
27
266
awesome
30.10.2022 15:30
"Kitaby nähili okamaly?” Wirjiniýa Wolfyň jogaplary

Wirjiniýa Wolfyň maslahatlaryndan ýazylan bu makala, size kitaby nähili okamalydygy babatda gyzykly maglumatlary berýär.

“Özüňe degişli otag, MRS Dalloway we Deňiz maýagy” ýaly eserleriň ýazyjysy iňlis ýazyjy Wirjiniýa Wolf, dünýä edebiýatynda örän uly meşhurlyk gazanan şahsyýetlerden biridir.

Kakasynyň käri sebäpli kitaplaryň arasynda ýetişen Wolf, diňe eserleri bilen däl, eýsem makalalary bilen hem meşhurlyk gazandy.

“The Nation, Vogue, The Yale Review” ýaly žurnallarda çap edilen “Bir kitap nähili okalmaly?” (How Should One Read a Book?) makalasyny siziň üçin terjime etdik.

Ýeketäk maslahat, hiç kimden maslahat almazlyk!

Wirjiniýa Wolfyň başga birine kitap okamak üçin berip biljek ýeke-täk maslahaty, “okamak üçin hiç kimden maslahat gözlemeli däldir”. Hawa, bu birneme gülkünç, emma her kim öz isleglerini diňlemeli, öz sebäplerini we netijelerini kesgitlemeli. Şeýle-de bolsa, ol bize kitap okamak meselesinde ýol görkezýär. Nädip okamalydygy şeýle düşündirýär:

“Kitaby nähili okamaly?” Wirjiniýa Wolfyň jogaplary
“Ilki bilen kitaplar, biýografiýa, fantastika, şygyr ýaly görnüşlere bölünmeli. Soňra olaryň arasyndan saýlap, haýsynyň bize nähili goşant goşjakdygyny bilmeli”

“Bir ýazyjynyň ýagdaýyna düşünmek üçin iň aňsat ýol, okamak dälde ýazmak. Ýazmagyň kynlygyna özüňiz düşüniň”

Size täsir eden bir wakany ýatlaň, şol wagtky hemmezady ýatlamaga çalşyň, howany, töwerekdäki zatlary… soňra bularyň hemmesini ýazga geçiriň. Ine şeýdip ýazyjylara düşünip bilersiňiz.

“Biýografiýalary ýada ýatlamalary başga maksat üçin, edebiýata yşyk tutmak ýada meşhurlary tanamak üçin dälde, öz pikirlerimizi täzelemek üçin okap bileris”

Kitaphananyň iň gowy tarapy, aýallaryň, erkekleriň we maýmynlaryň durmuşynda gysga pursatlary ýazmagydyr. Her edebiýatyň öz zibili bar; Onda ýatdan çykarylan ýatlamalar, ýoýulan sözler bilen ýitip giden durmuşlar bar. Ýöne bu zibili okamakdan lezzet alsaňyz, adamlaryň ýatlamalarynyň nähili geň galdyrýandygyny görersiňiz. Ýekeje harp bolup biler, ýöne size haýsy gözel ýerlere äkidýändigini kim bilýär! Birnäçe sözlem bolup biler, ýöne wakalaryň size näme diýýändigini kim bilýär!

Okyjylar okyjy hökmünde galmaly!

“Kitaby nähili okamaly?” Wirjiniýa Wolfyň jogaplary
Ýazyjy makalasyny şeýle sözler bilen jemleýär:

“Bir kitaby haklap okamak üçin döredijilik, deňeşdirme ýaly ukyplara eýe bolmak gerek. Şol sebäpli okyjy bolup galmak gerek.”

Wirjiana Wolf, okamagyň pasif hereket däldigini aýdýar. Okamak döredijiligimizi we edebi ukyplarymyzy ulanmaga itergi berýär. Emma eger okap otyrkaň tankyt etmezden, okan zatlarymyzdan sapak edinmejek bolsak, onda okamak nämä gerek?

Ýazyjy bu soraga başga sorag bilen jogap berýär:
“Diňe öz içimizde gowy bolup, netijede keýp alýan güýmenjelerimiz ýokmy? Kitap okamak şolardan biri bolup bilmezmi?”
22
214