awesome
13.12.2022 00:12
Saz bilen söhbedi ýaman diýmäňler,
Adam Ata, Howa bolanda bardyr.
Habyl bile Kabyl ene goýnunda,
Olar bu dünýäge gelende bardyr.

Mollalar jem bolup tapmady delil,
Men saňa sygyndym, ýa, Repbim Jelil,
Ysmaýyl pygamber, Ybraýym Halyl,
Mekge binýadyny salanda bardyr.

Mollalar jem bolup geldiler heme,
«Hazar ente» diýmäň manysy näme?
Patyşa bolup ötdi şahy Jüm-jüme,
Dünýäniň lezzetin dadanda bardyr.

Bu dünýäni kimse tutdy serşite,
Adam ogly her haýsysy bir işde,
Harut, Marut atly iki perişte,
Babyl çah içine düşende bardyr.

Şiri-Haýdar diniň gapysyn açdy,
Bilal azan aýtdy, kapyrlar gaçdy,
Abubekir, Omar, Osman uruşdy,
Aly din gylyjyn çalanda bardyr.

Igne üçin Isa asmanda galdy,
Isgender Zülkarnaýyn dünýäni aldy,
Musanyň hasasy aždarha boldy,
Nesiminiň postun soýanda bardyr.

Şeýtany kowdular jennet öýünden,
Her kim tapar öz pyglyndan, küýünden,
Özüň sakla, huda, azap suwundan,
Nuhuň gämisine münende bardyr.

Daglaryň başyndan gitmez dumany,
Bir gün bolar ýaradanyň permany,
Mäti gelip alar ýagty dünýäni,
Dawydyň kyrk ogly ölende bardyr.

Molla Gaýyp aýdar, Hydyrdyr pirim,
Pirim Şahymerdan-Aly destgirim,
Soltan Söýün Mürze Mir-Aly şirim,
Dünýäniň toýuny tutanda bardyr.

Mahmyt Gaýyby. Diwan.
36
133
Ineedyoutostay
14 Dekabr 2022
Gosgyny birinji sapar okadym soz yok👍👏
Ineedyoutostay
14 Dekabr 2022
Bu gosgy yalnysmasam kone kone edebiyatlarda dusmagy mumkin,2 waryantda Musa asmana galan yeri,,Duri Sina"yone ol asman dal
Gülhan
13 Dekabr 2022
1nji kupletden yzy, iñ soñky iki bende çenli asyl nusga şeýle bolmaly.
Gülhan
13 Dekabr 2022
Muhammet pygamber din ýolun açdy,
Bilal azan aýtdy, kapyrlar gaçdy.
Ebubekir, Omar, Osman ýetişdi,
Aly zülpükaryn çalanda bardyr.

Söhbet üçin Musa asmana galdy,
Isgender Zülkarneýin dünýäni aldy,
Musanyň hasasy aždarha boldy,
Nesiminiň postun soýanda bardyr.

Adamy kowdular behişt öýünden,
Herkim tapar öz pälinden hüýünden,
Özüñ sakla aby-haýhat suwundan,
Nuhuň keştesine münende bardyr.
Gülhan
13 Dekabr 2022
Mollalar jem bolup gitdiler hemme,
Adalat diýgeniň manysy näme?
Şeýle adalatly soltan Jüm Jüme
Dünýäniň lezzetin görende bardyr.

Adam ogly her haýsysy bir işde,
Ýer ýüzünde tutmak üçin serişde
Harut-Marut atly iki perişde
Babyl guýusyna düşende bardyr.
Myhman Myhman
13 Dekabr 2022
Kyncylyksyz durmuş barmy
Myhman Myhman
13 Dekabr 2022
,,Saz bolan söhbede ýaman diýmäñler" bolmaly
HangeldiAmanberdiýew
13 Dekabr 2022
Paylaşanyn ucin minnetdar manyly 👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.