awesome
16.12.2022 21:38
Şemsi Töwrizliniň "Altyn kyrk kadalaryndan"

Birinji kada: Ýaradany haýsy sözler bilen beýan edýänligimiz özümizi nähili görýändigimizi görkezýär. Eger Taňry diýlende, ilki bilen gorkmaly, utanmaly bir barlyk ýadyňa düşýän bolsa, onda köplenç gorkup hem
utanyp ýaşaýansyň. Ýok, eger Taňry diýlende ozaly bilen yşk, merhemet hem mähir ýadyňa düşýän bolsa, onda bu sende-de şeýle sypatlaryň köplügini aňladýar.

Ikinji kada: Hak ýolunda ileri gitmek ýürek işidir, akyl işi däldir. Ýolbelediň eginleriň üstündäki kelläň dälde, hemişe ýüregiň bolsun. Nebsiňi tana, onuň yzyna düşýänlerden bolma!

Üçünji kada: ―Gurhany dört derejede okamak bolar.
Ilkinji dereje onuň ýüzleýin, zahyry manysydyr. Ikinjisi batyny, içki manysy. Üçünji batynynyň batyny, ýagny içki manysynyň hem aňyrsyndaky manydyr. Dördünji dereje
şeýle bir çuňdur welin, şol manyny bermäge sözleriň güýji ýetmez.

Dördünji kada:
Älemdäki her bir zerrejikden Allahyň sypatlaryny tapyp bilersiň, çünki Ol metjitde, kilisede, sinagogda däl, her pursatda hemme ýerdedir. Allahy görüp ýaşap ýöreniň
bolmaýşy ýaly, Ony görüp ölüp gidýän hem ýokdur. Kim Ony tapsa, ebedilik Onda galar.

Bäşinji kada: Akylyň kimýasy bilen yşkyň kimýasy başga-başga zatlardyr. Akyl seresapdyr, her ätjek ädimini oýlanyp-ölçerip äder. Ol: «Özüňden ägä bol!» diýip
duýduryp durandyr. Ýöne yşk nähili? Onuň ýeketäk diýýän zady: «Özüňe üns berme, näme işlese şonyişlesin!» Akyl aňsat-aňsat ýykylýan däldir. Yşk bolsa dessine özüni zaýalap harap eder. Emma baýlykdyr hazyna harabalykda
bolýandyr. Näme bolsa harap kalpda bardyr!

Altynjy kada: Bu dünýädäki çaknyşyklaryň, ýazgaryşlaryň we gapma-garşylyklaryň köpüsi öz gözbaşyny dilden alyp gaýdýar. Sen özüň bol, sözleri köp iş edinme. Yşk diýarynda dil onsuzam öz güýjüni ýitirýär. Aşyk dilsiz
bolýandyr.

Ýedinji kada: bu durmuşda ýeke özüň bir gyra çekilip, diňe öz sesiň ýaňyny eşidip, Hakykatyň üstüni açyp bilmersiň. Sen özüňi doly suratda diňe başga bir adamyň aýnasynda görüp bilersiň.

Sekizinji kada: Başyňa nä iş düşse-de, göwnüçökgünlige berilme, ruhdan düşme. Ähli gapylar ýapylsa-da, ahyrynda Ol saňa hiç kimiň bilmeýän gizlin ýodasyny görkezer. Sen häzir görüp bilmeýän hem bolsaň, dargeçelgeleriň aňyrsynda niçeme jennet baglary bardyr. Şükür et! Arzyly islegiňe gowşanyňdan soň, şükür etmek aňsatdyr. Çyn sopy dilegi duş bolmadyk halatynda-da,
şükür etmegi başarýan adamdyr.

Dokuzynjy kada: sabyr etmek –– ýöne durup garaşmak däldir, öňdebaryjy garaýyşly bolmak diýmekdir. Sabyr näme? Tikene seredip güli, gijä bakyp gündizi hyýalyňda janlandyryp bilmekdir. Allaaşyk bolanlar sabry bägül
mürepbesi ýaly hezil edip sorar-da, özüne siňdirer.Onsoňam olar asmandaky täze dogan Aýyň tegelenmegi üçin, wagt gerekdigine düşünerler.

Onunjy kada: Gündogaramy ýa günbatara,
demirgazygamy ýa-da günorta – haýsy tarapa gitseňem, her bir ugran ugruňy öz içki dünýäňe syýahat bil! Öz içine syýahat eden adam ahyrynda zemine aýlanyp çykar.

On birinji kada: göbegene sanjynyň awusyny duýman, dogrup bolmaýandygyny bilýändir, şonsuz ene rähminden bäbege ýol açylmaz. Özüňden täze we düýpgöter başga bir «seniň» emele gelmegi üçin seniň hem kynçylyklara, her jüre sanjylara taýýar bolmagyň gerek.

On ikinji kada: yşk bir syýahatdyr. Syýahata çykan her bir ýolagçy özi islese-de, islemese-de, depesinden dabanyna çenli özgerer. Bu ýollary geçip özgermedik ýokdur.

On üçünji kada: bu dünýäde galp hajylaryň, hojalaryň, şeýhleriň, şyhlaryň sany asmandaky ýyldyzlardanam kän. Hakyky mürşit seni özüne haýran bolmaga däl-de, içki dünýäňe garamaga we nebsiňden ökde gelip, özüňdäki
gözellikleriň birin-birin üstüni açmaga ugrukdyrar.

On dördünji kada: Hakyň öz ýoluňda goýan
özgerişliklerine garşy çykmaga derek, olara boýun bol. Goý, ýaşaýyş garşyňa däl-de, seniň bilen ugurdaş aksyn. «Tertipdüzgünim bozular, durmuşym agdar-düňder bolar» diýip gaýgy etme. Durmuşyň aşagynyň ýokarsyndan has gowy bolmajagyny sen nireden bilýärsiň?

On bäşinji kada: Alla hemmämiziň içimizi hem daşymyzy her pursatda kämilleşdirmek bilen meşguldyr. Biziň herimiz bir tamamlanmadyk sungat eseridiris. Başymyzdan geçen her waka, ýeňip geçen her bir kynçylygymyz ýetmezçiligimizi aradan aýyrmak üçin
taslanandyr. Haktagala biziň kemçiliklerimiziň hersini aýratynlykda iş edinýär, çünki adamzat diýen eser çirksizligi maksat edinýändir.

On altynjy kada: Allah kemçiliksizdir, ony söýmek aňsatdyr. Iň kyny günäsi, sogaby bilen birlikde ötegçi ynsany söýmekdir. Ýatdan çykarma, adam islendik bir zady näderejede söýýän bolsa, ony diňe şo derejede tanap
biler. Diýmek, özgeleri ýürekden gurşap almazdan, Ýaradan üçin ýara dylany söýmezden, ony mynasyp derejede tanap hem bolmaz, bolmalysy ýaly söýüp hem.

On ýedinji kada: Esasy hapalyk daşyňda däl-de, içiňde, köýnegiňde däl, kalbyňdabolýandyr. Şulardan başga islendik tegmil näçe erbet görünse-de, ýuwlan badyna arassalanar, suw bilen päklener. Ýuwanyň bilen aýrylmaýan ýeke-täk hapa ýürekde gert baglan görübilmezçilik hem betpällikdir.

On sekizinji kada: Tutuş älem ähli barlygy, ýagşy-ýamany bilen birlikde ynsanyň içinde gizlenendir. Şeýtan daşymyzda bizi
azaşdyrjak bolup ýören eýmenç mahluk bolman, hut içimizde ýerleşýän sesdir. Şonuň üçin şeýtany daşyňdan, başgalardan däl-de, özüňden gözle. Onsoňam bir zady unutma, özüni bilen Rebbini-de biler. Başgalara däl-de,
özüne garşy göreşen adam ahyrynda zähmetiniň rehneti hökmünde Ýaradany tanar.

On dokuzynjy kada: özgelerden hormat-sylaga, ýagşylyga ýada söýgä garaşýan bolsaň, ilkinji nobatda, bular üçin özüňe borçlusyň. Öz-özüni halamaýan adamynyň söýülmegi mümkin däldir. Sen özüňi halaýan, gowy görýän mahalyň dünýä saňa tiken ýollasa, begen. Diýmek, onuň bahym güli-de
iberjekligidir.

Ýigriminji kada: Ýoluň ahyrynyň nirä baryp direjegi barada oýlanmak bihuda işdir. Sen diňe ilkinji ätlejek ädimiň barada oýlanmalysyň. Galan zat kem-kemden düzeler.
27
193
AýgülÝazweliýewa
23 Yanwar 2023
moana, minnetdar paýlaşanyňa🙂
Myhman Myhman
20 Dekabr 2022
Salam gowy täsirli, sizden bir haýyşt harp ýalňyşyna ünüs beriň gürleýşiňiz ýaly ýazmaň! (bahym) däl-de basym bolmaly !..
perizadym
19 Dekabr 2022
Dowamynada garasyan
HangeldiAmanberdiýew
16 Dekabr 2022
Dowamynam goysaňyz gowy bolar altyn kadalar eken👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.