awesome
18.11.2022 12:04
AHLAKSYZA NE AÝAT TÄR EDER, NE HADYS

Şu gazet sahypasynyñ maña bölüp beren burçunda on ýyldan gowrak wagt bäri ýazyp gelýärin. Gazetiñ erkin pozisiýasy bilen iş ukybymyñ arasyndaky sazlaşyk galamymy hasam rahatlandyrýar. Çözgütlerimi maýda-çüýde çekişmelere sowmaýanymy we belli bir syýasy pozisiýa gurban etmeýänimi ýazgylarymy yzygiderli okaýanlar gowy bilýändir. Akyl-paýhas, tankydy pikir we etika gymmatlyklary galamymyñ goragçysydyr. Ýazýan ugrum şuny talap edýär, ahlagym-da maña şuny buýurýar. Kişileri nyşanama alamok, problemanyñ göni özüne üns berýärin. Şundan ugur alyp, adam mertebesiniñ hemme zatdan ýokardadygyna ynanýaryn. Her ýazgyma başlamda "Rebbim, galamymy hakykatdan aýra düşürme" diýip dileg edýärin. Ömür juda gysga, meniñ maksadym yzda gulaga ýakymly mukam miras goýmak... Birden-birdenkä nämüçin bulary agzadym? Derdim size bulary aýtmak däl, emma bir kiçijik gynanjymy siziñ bilen paýlaşmak üçin şeýle girişe mätäçlik duýdum.
Teswirleriñiz, tankydy bellikleriñiz, sowallaryñyz, hoş sözleriñiz meniñ üçin diýseñ wajyp. Ähli okyjylaryma şu ýerden şu ýazgy arkaly müñlerçe gezek minnetdarlyk bildirýärin. Biz siziñ barlygyñyz bilen bardyrys.
Her ýazgy tankyda açyk bolmaly. Munuñ tersini düşünmek kişileri ýa-da pikirleri absolýutlaşdyrmak bolýar, bu bolsa düşünjäniñ many-mazmunyny, özenini ýitirdýär. Adamy haýwandan tapawutlandyrýan zat onuñ akylydyr, adamy adamdan tapawutlandyrýan zat bolsa kişileriñ pikir aýratynlyklarydyr. Adamyñ durmuşa we bolýan zatlara bolan garaýşy onuñ şahsyýetini kemala getirýär. Özüne mahsus pikirleri bolmadygyñ ne şahsyýeti kämilleşer, ne-de dünýäsi. Ol eýýäm täsiri astynda galan şahs ýa-da şahslaryñ adamydyr, şonlugy-da galar. Özi bilýänem däldir, emma ol, sözüñ hakyky manysyndaky bendidir, özüne dahyly bolmadyk düşünjelere añ we beden taýdan duşaklanan ýagdaýdadyr. Bular ýaly adam tankyt edip ýa-da garşylyklaýyn pikir alşyp bilmeýär. Mantygyñ çygryndan çykyp, bolar-bolgusyz, esassyz, dowamsyz şekilde, öñkiler aýtmyşlaýyn "kyýasy-batyl", ýagny, ýalñyş netijeler bilen tankyt pikir ýöretmegiñ, tankyt etmegiñ jahylyýetdir (nadanlykdyr). Bilmeýän, emma özüniñ bilmeýänini-de bilmeýän (jehli-mürekkep) adamlaryñ munuñam üstesine ahlagy ýaramaz bolsa-ha, onda aýtmaga söz tapmarsyñyz. Ine, men şular ýaly adamlardan elektron poçta arkaly şeýle bir hatlar alýaryn welin, ynanyñ, okamda ýüzüm lap-lap gyzýar. Bular ýaly adamlaryñ ýok ýeri ýok. Edep diýen söz olaryñ ulanýan sözleriniñ garşysynda girmäge deşik tapanok. Şeýle adamlar hamala, yslamy goraýarmyş. Ulanýan sözleri, özlerini alyp baryşlary bilen Allany, pygamberimizi (s.a.w), yslamy nädip bir ýere sygdyryp bilýärler, bu boluşlary üçin özüm utanýaryn... Aslynda ahlak baradaky ýazgylarymyñ barsy olara muny doly düşündirmek üçindi. Diýmek, jehli-mürekkebe gep düşündirjek bolmak bihuda işmiş.

• ÝENE BIR GEZEK ÝATLADAÝYN

Ahlak adama degişli zat, ol adamyñ özeninden, zannyndan syzylyp çykýar. Din bu barada birnäçe ýerde ýatladyp geçýär. Ahlaksyza aýat-da täsir etmez, hadys-da. Ahlaksyz adam Alladanam utanmaz, bendesindenem.
Ýene bir gezek ýanjap aýdaýyn: nebsiñi terbiýelemek we jylawlap saklamak musulman bolmagyñ iñ ilkinji şertidir. Bir adam ilki ahlagyny düzeltmeli, özüni kämilleşdirmeli, edep-terbiýäni öwrenmeli, eger diýjek bolsa, şondan soñ özüne musulman diýmeli. Adamyñ özüni alyp barşynyñ gowulygyny dinine seredip bilip bolmaz, emma özüñi gowy alyp barmagy dinem buýurýar diýýäris. Kimdigine, ynanýandygyna, ynanmaýandygyna, ynanjyna, mezhebine garamazdan adam mertebesine zeper ýetirmegiñ ýalñyşdygyny hökman dinden öwrenmeli däl, emma kişiñ hakyny iýmegiñ Allanyñ emirlerini depgilemekdigini diniñ ündeýändigini bilmäge mejburdyrys. Biz ogurlygyñ ýaramaz pişedigini hökman dinden öwrenemzok, gaýtam, dinem ogurlygy gadagan edýär diýýäris. Günüñ meselelerine ünsüñizi çekip düşündirjek bolaýyn: ekzamende birinji 20-30-luga giren kişileriñ alynman, sanawyñ iñ yzyndakylaryñ tanyş üsti bilen işe alynmagynyñ nädogrudygyny aýdyp her bir adamyñ ýüregi-wyždany syzlar durar, şol bir wagtyñ özünde diniñem muny oñlamaýandygyny delile mätäçlik duýmazdan bilýär. Jemgyýetçilige degişli işi arzan hem ýokary hilli ýerine ýetirjek firma däl-de, diñe häkimiýete ýakyn durýan firma tabşyrylmagynyñ ahlak taýdan dogry däldigini her bir ahlakly ynsan gowy bilýär. Jemgyýetçilik eýeçiligine degişli ýerleri belli bir adama peşgeş bermekde tüýi çykmadyk gyzyletene ýetimleriñ we millionlarça çaganyñ hakyny iýmekdigini aýtmak üçin pygamberimiziñ (s.a.w) direlip gelmegine, täzeden aýat inmegine hajat ýok. Ine, edep - bütin bularyñ barsyny seljerip bilmek we dogryny sözläp bilmekdir. Edep biziñ içimizdäki iñ ynjyk ölçeg birligidir. Bu ynjyk ölçeg birligi - bu hudawy duýgy bize nämäniñ dogrudygyny, nämäniñ ýalñyşdygyny aýdýar. Akyl-paýhas hem muña güwä geçýär. Ynananlar üçin dinler şu hususda daýanç sütünidir.
Elkyssa, başgalar we ýaradylanlar bilen gatnaşygyny ahlak gatnaşyklary arkaly ýola goýup bilmedik her bir adam horjunynda näme bar bolsa, öñüne dökmeli we öz imanyny şonuñ esasynda soraga çekmeli. Galyberse-de, diniñ sap edepdigini, ahlakdygyny görmek islemeýän, daş etsin welin, hudaýlyga talaş edýän, başgalaryñ imanyny soraga çekmegi özüne pişe edinen molla kasymlara bulary düşündirmek mümkin däl. Biziñ Ýunusymyz aýdypdyr-a:

"Gezdim Halaby, Şamy,
Eýledim ylmy talap.
Meger ylym hiç zatmyş,
Hökman edep, hökman edep!"

Aýşe SUJU.

"SÖZCÜ" gazeti, 06.06.2022 ý.
27
266
Myhman Myhman
24 Noýabr 2022
👍👍👍👍👍👍👍
SerdarMyradov
19 Noýabr 2022
like👍👍🐧
Myhman Myhman
18 Noýabr 2022
Gaty gowy
Aýgül🥰
18 Noýabr 2022
👍👍👍👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.