awesome
13.04.2023 05:31
ADATDAN DAŞARY FILOSOF OŞONYÑ ÖMRI WE SÖZLERI

Adatdan daşary şahsyýet bolan we Bhagwan Şri Rajniş ady bilenem tanalýan Oşo din, pelsepe, psihologiýa we adamzady gyzyklandyrýan başga-da birnäçe ugurda dürli-dürli tradision ýörelgeleri düýbünden sarsdyryp taşlan düşündirişleri bilen uly gyzyklanma we seslenme döretmegi başarypdyr.
Oşo dünýä taryhynyñ ýaşap geçen iñ köpugurly şahsyýetleriniñ biri bolsa gerek.
Dünýäniñ adatdan daşary filosofy, başgaça ady bilen "prowokator mistik, asy ruh" hökmünde tanalýan Oşo 1931-nji ýylyñ 11-nji dekabrynda Hindistanda dünýä inýär.
Ol çagalygynyñ ýatdan çykmajak ýakymly gözelligini biri-birilerine çuññur söýgi bilen garaýan ene-atasynyñ döreden mähirli maşgala şertine baglanyşdyrýar. Ýañy ýedi ýaşyndaka atasynyñ ölümi onuñ içki dünýäsinde harasat turuzýar. Ine, ol hut şu wakadan soñam aýdyñlanma döwrüniñ başlandygyny aýdýar.
Ýigrimi bir ýaşynda pelsepe ugrundan bilimini tamamlan Oşo Jabalpur uniwersitetinde birnäçe ýyllap filosofiýadan okadýar. 1966-njy ýylda öz arzasyny ýazyp professorlygyndan we işinden gidýänçä syýahatlara çykýar. Hindistany garyş-garyş gezip, nutuklar bilen çykyş edýär we halk köpçüligine açyk çekişmelerde sözünden çykylmaýan dini liderlere garşy gidýär. Dini ynançlar bilen birlikde seks, Gandi, sosializm, ortadoks induizm ýaly düşünjeleriñ üstünde durup geçýän Oşo adamlara erkinlige meditasiýa ýoly arkaly nädip ýetip boljakdygyny hut öz mysalynda görkezip bilipdir. Ol öz durmuşyny pursatyñ zamansyz ölçeginde ýaşamagyñ gapysyny açan adamdyr. Ýöne ol özüni hakyky ekzistensialist hasaplapdyr. Ýetmişinji ýyllarda Hindistanyñ Aşram diýilýän ýerinde müritleri bilen bile kommuna durmuşynda ýaşap başlapdyr.
Ruhanyýete alaýazlygy-şadyýanlygy getiren, ähli ynanç we dini doktrinalara garşy syýasatçylar babatda bolşy ýaly ruhanylary-da tankytlapdyr. Ol adamzat taryhyna dahylly ähli mistiki we dini taglymatlar boýunça çuññur bilimi arkaly döräp biläýjek islendik sowala jogap berip bilipdir.
Spontan (birdenkä, duýdansyz) hereketleri, şadyýana gülküsi, ýüzlerçe allegorik hekaýatlar bilen bezelen otlukly beýan edişi we döwürdeş adam üçin täzelenen meditasion tilsimleri bilen dünýäniñ çar künjünden gelen we sannýasin adyny beren ýüz müñlerçe müridi ýanyna çekdi. Özüne mahsus pelsepesini we meditasion tilsimlerini kämilleşdirip, bulary dünýäniñ dürli ýerinde adamlar bilen paýlaşyp geçiren Oşo ähli adatdan daşary taraplary bilen giñ gatlaklar tarapyndan oñlanypdyr we eden çykyşlary ýazgy edilip, häzirki wagta çenli kitap görnüşinde ýaýradylyp gelinýär.
Oşo üçin spiritual kämilligiñ maksady samadhi, ýagny, aýdyñlanmakdy. Oşo ölýänçä gelip-geçen ähli dinleriniñ köküniñ birdigini, aradaky çaprazlyklaryñ wagt, ýer we medeniýet dürli-dürliliginden gelip çykýandygyny öñe sürdi. Oşo üçin adam absolýut güýje çokunmazdan ötri özüni tanamaga borçludy. Jennet patyşalygyny diñe adamyñ öz içinden tapmak, şony mukaddesleşdirmek, gündelik durmuşyñ bilen baglanyşdyrmak gerekdi. Şoña görä hem durmuş çözgüdine garaşýan problema däl-de, ýaşalmagy wajyp hikmetdir.
Oşo 1981-nji ýylda saglygyna seretdirmek üçin ABŞ-na gitdi we Oregon ştatynda müritleri tarapyndan alynan mülkde kommuna durmuşynda ýaşamaga başlady. Müritleri oña togsan sany "Rolls Royce" satyn aldy. 1985-nji ýylda Oşo kommuna durmuşyny ýola goýandygy bilen birlikdr terrorçylykda we galphorlykda aýyplanyp, 12 gün tussaghanada ýatandan soñ, paty-putusy arkasyna ýüklenip ABŞ-dan kowlupdyr. Oşonyñ hetdenaşa seks rituallary we neşe serişdelerini ulanyp geçirýän şüweleñleri-de onuñ ýurtdan çykarylmagyna belli bir derejede sebäp bolupdyr. Ne-hä seks babatdaky çemeleşmeleri, ne-de meditasiýany çilim çekme derejesine düşüren Oşo tilsimleri bu syrly taglymatyñ at-owazasyny pese düşürip bilmeýär.
"Meniñ sözlerimden hudawylyk gözleýänlere aýtjak ýekeje sözüm: sözlerim degişmeden ybaratdyr. Men ýaşaýşa şadyýanlyk goşmak üçin geldim" diýse-de, Oşonyñ döreden özboluşly tilsimlerini ýerine ýetirýän köp sanly sungat işgäri, psihistrist we köp sanly mïrit häli-häzirem oña gyşarnyksyz eýerýär.
Oşo 1990-njy ýylda ýüregagyry zerarly aradan çykypdyr.
Onuñ şugadar söýülmeginiñ, pikirleriniñ we meditasiýa tilsimleriniñ halanmagynyñ iñ esasy sebäpleriniñ birem - biziñ iñ çynlakaý seredýän meselämizi-de heneklere ýugrup gürrüñ bermegidir. Onuñ bu çemeleşmesi adamlarda hem-ä kabul etme añsatlygyny, hemem içkileşdirmekde ýeñilligi döredipdir.
Oşo adamlaryñ aslyýetinde bagtly bolmak üçin ýaradylan akylly-başly jandarlardygyny we munuñ üçinem her dürli ukyp-başarnyga eýedigini aýdýar. Bagtly adamy alamatlandyrýan ähli sypatlar bedeni we añy sazlamak üçin bar. Bular hemişe şol ýerde. Oşonyñ pikiriçe ony eliñi uzadyp alaýmak galýar.
Geliñ, indi bolsa, Oşonyñ kitaplaryndan alynan jümlelere göz aýlalyñ:

- Adamzadyñ iñ düýpli meseleleriniñ biri şudur. Bu iññän düýpli mesele. Aşyk bolan mahalyñ hemme zat gözel bolup görünýär, çünki şol wagt hiç hili şert goýañok. Iki adam hiç hili şert goýmazdan, bilelikde hereket edýär. Biri-birlerine gözleri öwrenişensoñ, garşylyklaýyn şertler impozirlenmäge başlanýar. "Eýle bol, beýle bol, diñe şeýdende söýerin..." we ş.m. Hamala söýgi algy-bergidir öýdýärler.

- Tüýs ýüregiñ bilen söýeñok, şert goýýañ. Söýginiñ şerti hökmünde beýleki adamy bir zat etmäge mejbur etmek isleýärsiñ. Tersine bolanda söýgiñe hyýanat etjegiñi aýdýarsyñ. Bu ýagdaýda söýgini jeza ýa-da zorlukly çäre hökmünde ulanýarsyñ, emma söýeñok. Ýa söýgiñi yza tesdirýärsiñ, ýa berýärsiñ. Emma iki ýagdaýda-da maksat söýgi bolanok, başga zat bolýar.

- Adamlar meniñ ýanyma gelip, hemişe "Aýalym meni söýenok" diýýär. Hiç kim gelip "Men aýalymy söýemok" diýýär. Söýgini hökmany talaba öwürdiler. Özgäni unut, söýgi şeýle bir gözel duýgy welin, söýýäne bagtyýarlyk berýär.

- Näçe artyk söýseñ, şonça-da söýülmäge mynasyp bolarsyñ. Näçe az söýseñ we başgalaryñ seni söýmegini talap etseñ, şonça-da az söýlersiñ, daş-töweregiñe barha tutuksy bolup başlarsyñ, egonyñ içinde demigip galarsyñ we sähel zady özüñe çekersiñ, biri saña söýmek üçin golaýlaşjak bolsa gorkarsyñ. Çünki her söýgide ret edilme we yza çekilme ähtimallygy bar.

- Durmuşyñ özbaşyna manysy ýok. Durmuş many döretme mümkinçiligidir. Manynyñ açylmagy däl-de, döredilmegi gerek. Manyny diñe ýaradanda taparsyñ. Ony çöp-çalamyñ aşagynda däl. Ýagny sagyña-soluña seredeñde, sermeneñde tapylanok. Ol keserip diran gaýa däl. Ol ýazylmaly şygyr, aýdylmaly aýdym, edilmeli tansdyr.

- Dünýäde näme boljagyñ hakda belli bir pikiriñ bolmazdan ýaşa. Utmagyñ, utulmagyñ hiç hili gymmaty ýok. Ölüm hemme zady senden alýar. Utmagyñ ýaly utulmagyñ maddy zat däl. Möhüm bolan ýeke-täk zat - oýuny nädip oýnanlygyñdyr. Oýun göwnüñe ýaradymy? Onda her pursat bir joşgun pursaty.

- Dünýä eýemsiremek üçin däl, ulanmak üçindir. Elimiz boş gelýäris we boş el bilenem gidýäris, şonuñ üçin hiç zada eýelik etjek bolup durmagyñ manysy ýok.

- Diñe ekzistensial üçin wagt tapan her pursatyñyzda ähli işleriñizi taşlañ. Oýlanmagam özbaşyna işdir, ünsüñizi güýçlendirmegem... Eger bir pursat hiç zat etmän bütinleý özüñize üns berseñiz, bu eýýäm meditasiýadyr. Bir gezek bu ukyby edinseñiz, şeýle ýagdaýda isleýşiñizçe galyp bilersiñiz. Ahyrynda her gün ýigrimi dört sagatlabam şeýle ýagdaýda bolup bilýärsiñiz.

- Düşünilmegi wajyp örän az düýpli zatlar bar. Ilkinji nobatda bir erkek bilen bir aýal bir tarapdan biri-biriniñ ikä bölünen ýarsydyr, beýleki bir tarapdanam garşydaş kontingentlerdir. Garşydaş bolmalary olary biri-birine ymtyldyrýar. Biri-birlerinden näçe daşda bolsalar, aralaryndaky dartyş güýji şonça artýar. Biri-birlerinden näçe tapawutly bolsalar, gözellik we özüneçekijilik şonça güýçli bolýar. Emma ähli mesele şol ýerde ýatyr. Ýakynlaşan wagtlary hasam ýakynlaşaslary gelýär, biri-birleriniñ içine siñip gidesleri, bir bitewi ruha öwrülmek isleýär, emma ähli özüne çekijiligi garşydaşlyga esaslanýar, utgaşyk bolsa garşydaşlygyñ soñlanmagyna esaslanýar.

- Özüñi özüñ kabul edeniñde gözelleşersiñ. Öz bedeniñden keýp alanyñda başgalara-da keýp berersiñ. Şeýtseñ saña aşyk boljak adamyñ hetdi-hasaby bolmaz. Çünki sen özüñe aşyk ahyry. Aýdaly, sen häzir öz-özüñe gaharly. Olar saña ýakynlaşanam bolsalar, bolşuñy syzan batlaryna senden daşlaşyp başlarlar.

- Kalba barýan ýol gözel, emma howply. Aña barýan ýol adaty, emma ygtybarly. Erkek iñ ygtybarly we ýakyn ýaşaýyş formasyny saýlap alýar. Aýal duýgularyñ, ruhy ahwallaryñ iñ gözel, emma iñ kert, iñ howply ýoluny saýlap alýar. Häzire çenli dünýäni erkekleriñ dolandyrýandygy üçin aýallar añrybaş şekilde azap çekip geldiler.

- Beýniñ çep ýarymşary saña hökmürowanlyk etmäge dowam etse, durmuşyñ diýseñ rowaç bolar, edeniñ şeýle bir ugruna bolar welin, kyrk ýaşyña geleñde ýazwa bolarsyñ. Kyrk-kyrk bäş ýaşanyñda azyndan bir ýa iki gezek infark geçirersiñ. Ellä ýeteniñde öli hala gelersiñ, emma edeni ugruna bolýan öli. Uly alym bolubam bilersiñ, emma hiç haçan beýik barlyk bolup bilmersiñ. Dokuzyñy düzläp, ýeterlik baýlygam toplap bilersiñ, emma gadyr-gymmaty bolan hemme zadyñy ýitirersiñ.

- Adamlary söýmegiñ ýeke-täk ýoly bar, olam olary öz bolşy ýaly söýmekdir. Hakyky gözelligem şunda, olary bolşy ýaly söýeniñde, olar özgererler. Saña görä däl, olar öz hakykatlaryna görä özgererler. Olary söýeniñde olar özgerişi başdan geçirerler. Olar täzelenerler, olar barlygyñ täze belentliklerine ýeterler. Emma bu olaryñ barlyklarynda bolup geçer, bu olaryñ öz dogabitdi ýasawyna görä bolar. Adamlara tebigy bolmaklary üçin ýardam et. Adamlara erkin bolmaklary üçin ýardam et. Adamlara özleri bolmak ücin ýardam et. Hiç haçan hiç kime zorluk ulanma, itip-ýykmaga we höküm etmäge çytraşma. Bular egonyñ edähetleridir.

Ferýal ÇEWIKÖZ.

"Aktivist" žurnaly, 2016 ý.

Terjime eden: Has TÜRKMEN.
27
118
Myrataly
13 Aprel 2023
Doly okamadym. Owrenmelide suratsyz post paylashyan yeketak sizmi?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.