awesome
07.02.2022 15:45
GYRKYLAN SAÇLAR / ýarym degişme 

Aýallar salony dellekhananyñ, - 
Gelýän kän-de, biri gidýär her zaman. 
Talabyna laýyk soñky modanyñ, 
Saçyny bejerdýär bir topar zenan. 

Dellekler hars urýar galjañlyk bilen, 
Köpelýär günsaýyn şeýle dabara. 
(Gürrüñ bar: aýallañ başy jem bolan 
bolsa, baýdyr bu ýer dürli habara). 

(Gep ýüwürtmek erkekleriñ işi däl, 
Nesip etsin aýallaryñ özüne!) 
Hanha-da nobaty ýeten ýaş aýal 
dyngy berýär gutarmadyk sözüne... 
Eýeläp dur eýýäm, (şoña mähetdel) 
Saçyn bejerdeniñ boşan ornuny. 
Gör, bu nirelerden gelen modanyñ 
Aýallañ başyna salýan oýnuny! 

Uzyn saçy dal gerdenin ýapan, gyz, 
Saçyny har edip ýeñil gopan gyz, 
Çal reñkli parigi elinde oýnap, 
Aýnadaky keşbin synlaýar aýnap, 
Endigine görä soraýar dellek: 
- Nähiliräk?! 
- Moda laýyk gyrkyber! 
- Ne ajap saç, elim barmaz gyrkmaga! 
- Gyrkyber. Saçyñ däl, modañ görki bar! 

Tolkunýar, daragyñ dişinden sypýar, 
Ýeñles kelledäki ýüpek ýaly saç. 
Towlanjyrap bir tutumdan añyrsy 
Gaýyp ýere düşýär bolmansoñ alaç. 

Şeýdip jyda düşdi sadyk gözellik, 
Ine, şeýdip ýasama görk başlandy. 
Täç deñinde depä göterlen şol saç, 
Aýaklaryñ aşagyna taşlandy. 

Ýigitleñ bagtydy atana bije, 
Şol uzyn saçlar. 
Ýigitleñ düýşüdi ýatanda gije, 
Şol uzyn saçlar. 

Ah, gyrkylan saçlar! 
Neneñ mukaddes 
Synadyñyz zenanlara bir çakda. 
Saçyn gyrkyp jeza berer ekenler, 
Zenan aýyplansa biwepalykda, 
A indi wepaly görünmek üçin, 
Zenanlar buýsanşyp gyrkýarlar saçyn. 

Ah, gyrkylan saçlar! 
Gören badyma 
Oswensim lageri düşdi ýadyma. 
Entegem ýatladyp merhum başlary, 
Ýatyr onda zenanlaryñ saçlary. 
A indi owadan görünmek üçin, 
Zenanlar dözümsiz gyrkýarlar saçyn. 

Nämemiş parikde has amatlymyş, 
Daramak gerek däl, ýuwmak gerek däl. 
Ýatmaly bolanda aýryp goýmaly, 
Şeýle bir, şeýle bir ol biderek däl. 
Şeýdiñ! Saçyñyzy parige çalşyñ! 
Barmagñyzy proteze çalyşyñ! 
Metal bilen dişiñizi çalyşyñ! 
Robot bilen işiñizi çalyşyñ! 
Newrozmy!? - Beýnini elektrona... 
Sançýarmy!? - Ýüregi akkumulýatora... 
Garrasañyz ýaşyñyzy çalyşyñ! 

Ýöne unutmañ siz zenan görki saç, 
Dogrusyny diýmek borjum-gylygym. 
Men şeýle modalañ garşysna çykýan, 
Baýdagyn göteril Tebigylygyñ. 
Uzyn saçy, näzikligi zenana 
Tebigat owaldan bilip beripdir. 
Şu iki gymmatyn ýitiren zenan 
Moda diýp saçynyñ işin görüpdir. 

Kimler etmişine ökünip soñra, 
Görüñ bolýan zady, tutup ýör için. 
Moda gahar edip erkekler bolsa, 
Aýallara derek ösdürýär saçyn.


Abdyreşit TAŞOW.
9
38
awesome
06.02.2022 19:40
Nedir śa hakdaky rowaÿatdan bölekler.

Nedir śa! Dôrt yklymy basyp alany ûçin dôrt jygaly tàji baśyna geÿen Nedir śa! XVlll asyryñ birinji ÿarymynda gul bolup Hywa bazarynda satylanyndan, tà śalaryñ śasy diÿen derejá ÿeten Nedir śa indi ûç asyr bári dûnÿàniñ taryhśynas alymlaryny añkardyp gelÿàr.
Nedir śa barada Eÿranda, Arabystanda, Hindistanda, Ÿewropa
ÿurtlarynda, Ermenistanda, Azerbaÿjanda, Dagystanda, Moskwada, Sankt-Peterburgda kôp- kôp ylymy kitaplar, çeper eserler çap bolup çykdy we çykÿar. Emma onuñ ôz dogduk mekany Tûrkmenistanda ne ylymy iś bar, ne çeper eserler.
Bolaÿmaly ÿaly. Sebàbi ol iñlis alymy Lokkart ÿazmyślaÿyn, Kabkanda dàl-de, ondan 16 mil demirgazyk gûndigarda we Muhammedabatdan 3 mil gûnorta- gûndigarda Destgir diÿen bir gyślakdanam gaÿrarakda 1688 nji ÿylyñ 22 nji noÿabrynda dogulÿar. Bu aÿdylÿanlar Nediriñ dogulan ÿeri hàzirki Kaka tôweregi diÿdirÿàr.
Ikinjiden, Nedir elmidama, hatda 1740 nji ÿylda Delide śalaryñ śasy diÿen ady alanda-da ôzûniñ tûrkmendigini, tûÿs tûrkmendigini tôweregindàkilere guwanc bilen aÿdÿar. Nedir özûniñ tûrkmendigini birnàçe permanlarda aÿratyn nygtap hem magtanyp ÿazÿar. Nedir śanyñ zamandaśy bagdatly alym Abdylla ependiniñ ôz kitabynda ÿazyśyna gôrá, Nedir śa beÿleki myhmanlar bilen tûrkçe gûrleśse, Abdylla ependi bilen tûrkmençe gûrleśipdir. 
Ÿene-de śu alymyñ ÿazyśyna gôrà, àhli metjitlerde okalÿan hutbada Nediriñ tûrkmendigi nygtalypdyr. 


***


Nedir śa her bir zadyñ sebàbini adamlaryñ ezelden mañlaÿyna ÿazylan ÿazgy bilen baglanśykly diÿip dûśûnipdir. Hatda kábir derñewçiler Nediriñ çozuślar arkaly kôp gyrgynçylyklar eden mahaly ôzûni ar alyjy Allatagalanyñ islegini ÿerine ÿetirÿàn adam diÿip bilipdir. Śuny añladÿan śeÿle bir gûrrûñ hem ÿaÿrapdyr. Gûnleriñ birinde Nedir śanyñ bolÿan ôÿûne bir ok atylypdyr. Śol oka bolsa bir tike kagyz ÿelmenen eken. Kagyzyñ ÿûzûnde- de śeÿle ÿazgy bar eken:
,, Eger patyśa bolsañ, raÿata màhribanlyk, ÿagśylyk et, eger pygamber bolÿan bolsañ, halas bolmaklygyñ ÿoluny bize gôrkez, eger Hudaÿ bolsañ- da halka rehim et" diÿilip ÿazylypdyr. Nedir śa haty ÿazany tapmak ûçin nàçe tagalla etse-de tapmansoñ, śol hatdan birnàçe nusga gôçûrip, gośun esgerleriniñ arasynda ÿaÿratmagy tabśyrÿar. Šol hatyñ yzyna aśakdaky jogabyda gośmagy sargaÿar: ,,Men raÿatdan hemaÿat eder ÿaly patyśa dàl: men halas bolmaklyk ÿoluny gôzlàr ÿaly pygamberem dàl: men bendelerine rehim eder ÿaly hudaÿ hem dàl. Eÿsem, men ÿeñiji Allatagalanyñ elinde bolan bir gural, men gûnàkàrleri jezalandyrmak ûçin geldim!"


Nediriñ gudratu.

Nedir śanyñ gośuny Hindistany eñip, Deli śàherine girenlerinde, ilatdan olja alyp baślaÿarlar. Soñ Nedir olja almagy bes etmeli diÿip buÿruk berÿàr. Šonda bir hindi aÿaly içi gôwherden doly bir gapjygy getirip, śonuñ içindàki gôwherleri esgerlere paÿlap bermegi Nedir śadan haÿyś edÿàr. Nedir śa munyñ sebàbini soraÿar. Hindi aÿaly śeÿle jigap berÿàr:
- Esgerler talañ eden wagty, iki esger meniñ ôÿûme gelip, śu gapjygy aldylar we ony açyp, içindàki gôwherleri ôz aralarynda paÿlaśjak bolup duran wagtlary birden jarçynyñ ,, patyśanyñ buÿrugy boÿunça olja almagy bes etmeli, hiç kimiñ malyna gol uzatmaly dàl" diÿen sesini eśitdiler. Śol pursatyñ ôzûnde ÿañky esgerler gôwherli gapjygy ÿerinde goÿup, ôÿden çykyp gotdiler.
Siziñ śeÿle gudratuñyz we esgerleriñiziñ buÿruga śeÿle tabynlygynyñ hatyrasyna men śu gôwherleri size peśgeś berÿàrin!- diÿÿàr.


Muhammet śanyñ dildûwśûgi.

Nedir śa Deli śàherini alanda, hindi śasy Muhammet ša onuñ garśysyna dildûwśûk edÿàr. Bir meÿlis gurap, śoña Nedir śany-da çagyrÿar. Goñśy jaÿda bolsa bir topar ÿaragly adamlary goÿup olara:
,,Her haçan men el çarpsam, tiz geliñde Nedir śanyñ janyny alyñ" diÿip buÿrÿar. Hûjûm etjek śol adamlar meÿlisiñ dowam edÿàn zamanynda nàçe garaśsalar-da Muhammet śanyñ el çarpmasyny eśitmeÿàrler. Meÿlis gutarandan soñ, munyñ sebàbini ondan soraÿarlar. Šonda Muhammet śa śeÿle diÿen:
- Nediriñ merdana keśbi, haÿbaty we gûÿç- kuwwaryny bildirip duran kaddy- kamaty maña jady ÿaly śeÿle çuñ tàsir etdi welin, birdenkà el çarpsam, ol sizden ôñûrti meni ôldûrer diÿip bildim. Šoña gôrà el çarpmadan saklandym.

***

Nedir śanyñ owganlara garśy uruślarynyñ birinde bir tûrkmen esgerine gôzi dûśÿàr. Ol gośunyñ oñ hatarlarynda duśman bilen aldym- berdimli sôweś edip, olardan ençemesini ôldûrÿàr, ÿene-de gahrymanlarça ôñe okdurylÿar. Onuñ śeÿle batyrlygyny gôren Nedir śa ony ÿanyna çagyrÿa-da ondan:
,, Sen ôñ niredediñ, safawiler dôwrûnde Eÿran gośunlarynyñ owganlardan masgara bolup ÿeñilÿàn wagtlary ÿokmudyñ?" diÿip soraÿar. Šonda ol esger:
,, Śahym, meniñ ÿaly esgerler śol wagtda-da kôpdi, ÿône siziñ ÿaly serdarymyz ÿokdy" diÿip jogap berÿàr.
9
63
awesome
04.02.2022 00:09
Ynsanlary okamak - Beden dili

Ynsanyň bedeni onuň näme düşünýändigi hakda ynanylmaz maglumat berýändir, eger okap bilseň. Geliň onda ynsanlary okamagyň iň ýönekeýje görnüşlerine degip geçeliň. 
Ynsanlar gowy zady ýada gowy görýän kişilerini görende ýüzi açylyp gaşy biraz ýokaryk galýar. Eger halamaýan zadyny ýada kişisini görse onda tersine, gaşy gysylýar. 
Ynsanlaryň basgy halyndaky ýada stressli wagtlaryny nädip bilip bolar ? Eger ynsanlar basgy halynda bolsa ýa bir zady gizleýän bolsa, ýada gorkan bolsa, rahatsyz bolsa ellerini esasy boýnuna uzadar. Boýnuny ellär ýada ol ýerini oýnar, boýnunyň yzyny eli bilen oýnar. 
Ynsanyň beýnisinde "limbick" sistema diýip bir bölek bar. Şol bölek ynsanyň hakyky duýgularyny hakyky wagtda daşa urdurýar. Ýagny duýgularyny bedenede geçirýär. Meselem ýolda ýöräp barýarkaňyz birden öýüňüzi gurplamadygyňyzy bileňizde eliňizi maňlaýyňyza goýup oýnamagyňyz ahmal. Bu herekedi size "limbick" sistema etdirdi, ol sistema hijem ýalan sözlemeýär. Ynsanyň maňlaýyny oýnamagy onuň gaty erbet rahatsyzdygyny ýada bir zat bilen meşguldygyny aňladýar. 
Aýallar rahatsyz bolanda, gorkanda ýada aladaly bolanda elleri bilen boýnunyň aşagyndaky çukurjugy elleýärler ýada örtýärler. Bu gaty köp ýerde görülen we esasy sözsiz okamagyň görnüşleriniň biridir. Boýnumyzy ellemek, özümizi bir basgy halynda duýan wagtlarymyz ulanýan iň belli köşeşdiriji hereketlerimizden biridir. Aýallar köşeşmek üçin bu herekedi görkezende, köp wagt esasy boýnunyň aşagyndaky çukury ellärler ýada örterler. Eger aýal bu herekedi etse, özüni basgy halynda duýandygyny, rahatsyz ýada gorkandygyny aňladýar.
Eger rahatsyz bolsak, ynamsyz bir ýagdaýda bolsak onda boýnumuzy elläp bileris. Bir kişi özüni basgy halynda duýanda ýuwaşjadan boýnuny elläp biler. Beýnimiziň köşeşmek talabyna ellerimiz şol bada jogap berer we özümüzi rahat duýdurjak hereket etdirer. Eger bir kyn sorag, ýada utançly waka bolsa kişi ýüzüni, kellesini, boýnuny, ýada aýagyny ellär we bu köşeşmek üçin saýlan hereketleridir. Kişi şolar ýaly ýagdaýlara düşende köşeşmek hereketlerini ulanýar. Ony üns berseňiz bilip bilersiňiz. 
Eger beden dilini gowy okamak isleseňiz onda bu elbetde bir gezek synanyşaňyzda bolmaz. Ony ençeme gezek gaýtalamaly, 3 aý, 5 aý, 1 ýyl tapawudy ýok, wagtyň geçmegi bilen arkaýyn okap biljek derejä gelersiňiz. Ýöne bilmeli zadyňyz ünsli bolmak, muny garşyňdaka hem bildirmeli däl, eger beýle bolsa islenmeýän bir ýagdaý döräp biler. Maňa ömrümde FBI işgäri hökmünde köp jenaýatlary, şübheli wakalary çözmegimde gaty köp kömekçi boldy bu hereketler. 

Jo Nawarro - Beden dili kitabyndan bir bölek.
9
45
awesome
03.02.2022 17:02
Ikinji jahan urşunda has gynandyran wakalar

Ikinji jahan urşunyň özi ynsanlyk taryhy üçin bir utançly waka bolandyr. Bu uruşyň netijesinde millionlarça kişi açlykdan, günäsiz ýere ölüpdi. Ikinji jahan urşy näçe ýowuz urşam bolsa içinde gaty gynançly, tragetiki wakalar köp bolandyr. Geliň onda olaryň käbirine degip geçeliň. 

1. 1942-nji ýylda Moskwany alyp bilmeýän nemesler Stalingrada çozdular. Stalingrad-da iň soňunda nemesler ýeňildi we şäheriň içinde nemes goşuny Sowetler tarapyndan gabaldy. Ol goşuna general Paulus baştutanlyk edýärdi. 1943-nji ýylda Paulus 90 müň esgeri bilen tabyn boldy. 90 müňlik goşundan diňe 6 müňi öýlerine gaýdyp geldi. 

2. Aýaly, general Paulusy frontdan aýrylandan bäri görmändi. Iň soňunda 1949-da aradan çykýar. Paulus bolsa 1957-de aradan çykýar. Wesýetine laýyklykda aýalynyň ýanyna gömüldi. 

3. Nemesleriň iň meşhur we dünýä boýunça tanalan güýçli general Erwin Rommel, Afrikada nemesleriň adyny gorap, iňlisleri ençeme gezek ýeňip, öz emelleri bilen olary irizdirendir. Urşyň ortalarynda Gitlere içalylyk bilen öldürmek üçin jaýyna bomba goýýarlar. Erwin Rommel hem şolardan biri hasaplanyp günäkärlenýär we Erwin Rommel çykalga tapman özüni öldürýär. 

4. Stalingrad-da gabalan nemes esgerleri açlykdan ýaňa özüni öldürýärlerdi, general Paulus bulary saklamak üçin "Özüňi öldürmek wezipeden gaçmakdyr" diýip köşeşdirjek bolýardy. Hatda soňky wagtlatda esgerler, açlykdan ýaňa köwüşlerini iýip ugrapdy. 

5. Ýaponlar Hytaýda müňlerçe göwreli aýaly öldürendirler, we kiçijek bäbejiklerem gylyçdan geçirip köçä zyňyp goýberendir. 

6. 1941-de Lamsdorfdaky 318 belgili resmi hasabatda şeýle diýilýärdi "Ilkinji hepdelerde ýesirleriň haýwanlar ýaly ot, agaç bölekleri, çig ýer almasy iýenleri görüldi. Ýesirler meýdanda iýmit bolmandygy üçin ölen maslyklaryň etini hem iýmäne başlapdy..." Holokostda jemi şeýle 6 million adam öldürildi. 

7. "Shell Shock", ýogyn top okuna tutulan esgerleriň "ölerin" gorkusyna gaplanmasy bilen dörän bir keseldir. Bu kesele sezewar bolan esgerler aklyny ýitirýärler, urşa degişli sähel zat görselerem aglamana başlaýarlar, endamlary titräp durýar ýada öňki durmuşyna gelmekde kynçylyk çekýärler. Munyň keseldigi şol wagtlar bilinmändigi üçin müňlerçe esger gorkak hasaplanyp ölüm jezasy berilendir. Angliýa hökümeti soň şol esgerleriň maşgalalaryndan ötünç sorady. 

8. Sowetler uruşdan soň ölen adamlarynyň dogry sanyny bermek islän däldir. Ýöne ajy hakykat soň orta çykdy, Sowetler göni 27 million adamyny ýitiripdi. Faşist döwletleriň hemmesini jemläňde ölen ilatlarynyň sany 4 milliondyr. 

9. Polşa basylyp alynanda käwagt äsgerilmeýän pidalar bolýardy. 

10. Bölüm 731, Ýaponlaryň açan bir ýesir lageridir. Ol ýerde ynsanlaryň üstünde barlag geçirýärdiler. Adamlaryň dirikä elleri-aýaklary kesilip berýän garşylygyny barlaýardylar. Adamlara narkoz berilmän janlyka edilýärdi, bulam esasy adamlaryň ölümi bilen netijelenýärdi. Diri kesiljek adamlary ilki her dürli mikroplara sezewar edýärlerdi we hassa bolanyndan soňra adamlara degen hassalygyň täsiri barlanmak üçin hirurglar tarapyndan iç organlary çykarylýardy we bu ýagdaý esasan adam dirikä edilýärdi. Janly edilmesiniň sebäbi bardy, adam öleninden soňra käbir ýerleriň bozulyp barlaga zyýan berilmesinden gorkulmasydy. Hassalyga sezewar edilip diri kesilmege ugradylýan adamlaryň içinde aýallar, çagalar, hatda bäbeklerem bardy. Köp aýtsam belki psihologiýaňyz bozular. Bu ynsanlyk taryhynyň ölen ýeri hökmünde kabul edilýär. Bu wakalar gaty gynançlam welin, mundan gynançlysam bar, muny eden generallar we komandirler tutulmady we hiç jeza almady. Amerika barlaglaryň netijesini berseler olara zat diýilmejegini aýtdy. Ol ýerde jemi 400 müň günäsiz adam öldi. 

11. Stalingrad urşy başlamanka Stalingrad-da 500 müň adam ýaşaýardy. Uruş gutaranda bu diňe 1 müňdi.

12. Diňe gyzyl goşunyň içinden 30 müň esgere ölüm jezasy berildi. 

13. Stalin döwründe ýüz müňlerçe kişi hiç sebäpsiz, hasap bermegine rugsat hem berilmän ölüm jezasyna sezewar edilendir. 

14. Aýdylmagyna görä ikinji jahan urşuna 740 müň türkmen esger goşulypdyr, gynandyran ýeri olaryň hemmesi diýen ýaly belli ýerlerde urşupdyr we ölüpdir, köpüsem maýyp bolup gelipdir. 
Urşyň başlarynda 1 million 700 müň Türki esger faşistlere ýesir düşüpdir. Faşistlerem bilşiňiz ýaly gynap, gaz otaglarynda kösäp öldürýärler. Şol ýerlerde ençeme türkmen esgerem bardyr belki.
8
40
awesome
02.02.2022 11:54
Jogap berjek barmykan?

Biwepalyk edip, bagtly bolan ýok.
Enäni ynjydyp, alkyş alan ýok.

Döwletli bolan ýok, ogurlyk edip.
Gülen ýok, söýgüsin gözýaşa ezip.

Ile baş bolan ýok, binamys bolup.
Dişi ýylgyran ýok, ýat güli ýolup.

Söz peýkamyñ, ýok yzyna gaýtaran.
Ömür sazyn, ýok täzeden gaýtalan...

Hawa, dogry.
Köre hasa bu zatlar.
Ýöne nirden çykýa munça güzaplar?

Nirden çykýa munça gözýaş,
Munça gan?
Düşünýän kän.
Jogap berjek barmykan?

Şiraly.
9
52
awesome
01.02.2022 14:00
Adamlara,
Aýdymlara ynanyp,
Ýüregmi aýamda göterip gezdim.
Ýagşylyga maýsa bolup yranyp,
Ýamanlyga welin gaýa deý dözdüm.

Gara çynym bilen uýdum päklige,
Sadalyga uýdum.
Güp gitdim gepe...
Ýaşadym gol bermän ýeketäklige,
«Ýaşasyn gözellik!..
Gitdikmi, şepe?..»

Dost öňüne atdym ünjä gidende,

Gyz ýaýdananda öňüne atdym.
Nämüçindir
Her sapar «jig-g» edende:
«Taňrym, bu nämekä?» —
Pikire batdym.

Ýazyk, günä...
Öz-özünden ötülýä
Erkgala deý boşap galan gursakda...
Men ýüregmi güjeňlänme ökünýän,
Has pugtarak gizlemeli pursatda.

Men ony taplamak isledim diňe
Gorap dilden-gözden üstün ýapmadym.
Ýöne...
Ahyr bir gün bakamda siňe,
Ýekeje-de abat ýerin tapmadym.

(Gyýym-gyýym gyýylypdyr jigerim,
Dilim-dilim dilinipdir jigerim.
Bu görünýän gara-gara tegmiller —
Aldanan,
Azaşan,
Ýalňyşan... ýerim.

Öz çägiňden çykmak şeýle bir aňsat,
Yzyňa dolanmak çaklaşyňdan kyn...
«Mundan çepe gitseň — keramat aňtap —
Gaýdyp geleriňden gelmeziň ýakyn...»

Käte ýat illere nesibäm çekdi,
Käte saklatmady gözümiň ýaşy...
...Çykaranym bir näzijek ýürekdi,
A yzyna saldym bir tokga daşy...

Şiraly Nurmyradow.
9
28
awesome
29.01.2022 23:26
Gülmek-ynsanyň iň gowy lukmanydyr.

Adam ýylgyranda özüne çekiji bolýar, a gaşlaryny çytanda bolsa, özünden daşlaşdyrýar. Aslynda, gülmek gaşyňy çytmakdan aňsat. Ýylgyrýan adam 17 sany ýüz myşsasyny ulanýar. Gaşyny çytýan bolsa, 43 sany ýüz myşsasyny ulanmaly bolýar. Şol sanda gaşyňy çytmak üçin, has köp güýç sarp etmeli bolýar. Ynsan ýylgyrýan wagty gowy zatlar, ýüzi asyk wagty erbet zatlar pikir edýär.
Ýylgyrýan wagtymyz timus bezine duýduryş berilýär. Timus bezi hem bedene bagtlylyk garmonyny ugratýar. Bagtly adam ýylgyrýar. Ýylgyrýan adamam bagtly bolýar. Gülmek üçin hemişe bir sebäp gözlemägiň geregi ýok. Ýüzümizdäki myşsalary öwrenişdirip, hemişe güler ýüzli bolup bileris. 
Ýylgyryşyň ýokuşyjy täsiri bar. Ýylgyran wagtymyz daş-töweregimizdäki ynsanlara pozitiw energiýa ýaýratýarys. Bu energiýa tolkun-tolkun başga ýüzlere-de geçýär. Bilelikde gülen wagtymyz göwünlerimiziň arasynda köpri gurulýar we göwünler biri-birine baglanyberýär. 
NLP-e (Нейролингвистическое программирование) görä: “Akyl we beden şol bir sistemiň bölekleridir we biri-birine täsir etýär. Akyl näme diýse, beden şoňa görä bolýar, beden nähili görnüşde bolsa, akylam oňa görä bolýar”. 
Beýnidäki pikirler adamy herekete geçirýär. Beden hereketsiz bolsa-da, beýni doňýar. Meselem, “taýýar bol” ýagdaýynda duran esger pikir döretmeýär. Ýene-de, bedeniň hereket etmeýän wagty, ýatan ýeriňizde kitap okasaňyz, 5 minut soňra ukyňyz gelip başlar.
Ýatjak wagtyňyz ýylgyrsaňyzam peýdaly. Ýylgyrýan kişileriň rak keseline sezewar bolma ähtimallygy az bolýar. Ýürek agyrysam az bolýar. Şeýlelik-de, gülmek we ýylgyrmak organizmiň şypa çeşmesidir. Gülmek-ynsanyň iň gowy lukmanydyr. 
Geçirilen barlaglarda, bäbeklere käbir suratlar görkezilýär. Bäbekler ýüzleri asyk kişilere garanyňda, ýylgyrýanlaryň suratlaryna köp seredip durýandygyny anyklanypdyr. Ýene bir barlagda, kiçi ýaşlarda ynsanlar günde 350 gezek gülseler, 30 ýaşdan soňra, gynansak-da 50 gezek gülýärler eken. 
Ruh gözelligi.
5
39
awesome
28.01.2022 09:21
Dogan bilen baglanyşykly dana sözler.

Dogan bolsaň, dogryňy aýt.
Doganly erke sözlär, dogansyz gorka.
Doganyň dogana bahasy ýokdur.
Dogana toba ýok, ýamana oba.
Dogan dogana gala.
                                   
Doganyň ýedi arkasy:

Dogan.
Doganaoglan.
Dolanan.
Babadaş.
Garyndaş.
Obadaş.
Il biri.
                                          
Doganyň dogana ýedi sany borjy:

Doganyň sözüni ünsli diňlemek.
Doganyň syryny saklamak.
Doganyň daşyna sarsmaz gala bolmak.
Doganyň ynamyny ödemek.
Doganyňa ýagşy görelde bolmak.
Doganyňy utanja goýmazlyk.
Doganyňdan kömegiňi gaýgyrmazlyk.
10
52
awesome
27.01.2022 18:48
WILÝAM ŞEKSPIR

DÜRDÄNE SETIRLER

“Arzuwlardyr ar almak ýaly duýgular akylyň sesini eşitmez”.
Wilýam Şekspir
***
“Sözleriň asmana galasy gelýär, emma pikirleriň ýerde. Özen bolmadymy, sözler asmana göterilmeýär”.
Wilýam Şekspir
***
“Bir töhmet başga töhmetleriň döremegine sebäp bolar”.
Wilýam Şekspir
***
“Erkinlik daşaryda bolsa, sürgünlik siziň ýanyňyzdadyr”.
Wilýam Şekspir
***
“Alla size bir ýüz beripdir, sizem oňa ýene birini goşmaň”.
Wilýam Şekspir
***
“Meniň düşünýänim seniň sözleriňdäki gazapdyr, o sözleriň manysy däl”.
Wilýam Şekspir
***
“Iň süýji balyňam artykmajy adamy irizer”.
Wilýam Şekspir
***
“Käbir ýykylmalar, has ajaýyp turmalaryň höweslendirijisidir”.
Wilýam Şekspir
***
“Ýara bilen öýun eder, ýaralanyp görmedik adam…”.
Wilýam Şekspir
***
“Günäli kelle şübhäniň hemişe ýüz tapýan ýeri”.
Wilýam Şekspir
***

“Galan miraslaryň hiç biri dogrulyk kimin baý bolup bilmez”.
Wilýam Şekspir
***
“Geplemänkäň oňatja pikirlen, gepläniňden soň pikirlenmeziň ýaly”.
Wilýam Şekspir
***
“Hiç zadyň eýesi bolmasaňyz, ýitirjek hiç zadyňyz ýokdur”.
Wilýam Şekspir
***
“Hakykat keteginde gabagda oturan sadyk köpekdir”.
Wilýam Şekspir
***
“Dowzah boşdur. Çünki ähli şeýtanlar bärde…”
Wilýam Şekspir
***
“Hyýanata sezewar bolmagyň ajysyny diňe haýynlar biler”.
Wilýam Şekspir
***
“Ynam ruha çalymdaş bir zat, terk eden bedenine gaýdyp dolanmaýar”.
Wilýam Şekspir
***
“Adam söýmäge başladymy, şol bir wagtyň özünde ýaşamaga-da başlar”.
Wilýam Şekspir
***
“Nähak dawa üçin göreşmegi, hakyky batyrlyk hasap edip bolmaz”.
Wilýam Şekspir
***
7
73
awesome
26.01.2022 21:34
GYZ BOLMASA..

Diýipdirler: "Gyzyl ýüzli ýigidiň,
Diýipdirler: "Gyz dogany bolmasyn!"
Çuň manysam bolsa her bir öwüdiň,
Ol durmuşyň kanunyny bozmasyn!

Tawus guş dek tez Maral gyz bolmasa,
Mähek deýin mele gelin bolarmy?!
Agyr aýak gelin törden galmasa,
Ak bäbekli ene saýa salarmy?!

Gyz bolmasa gelinem ýok, ene-de,
Men diýen ýigidem kaka bolaýmaz.
Tymsal kändir bu durmuşa belede,
Ýer bolmasa tohum örňäp galaýmaz.

Goý, gyz bolsun il göwnüne kybaply,
"Gyz dogdy" -diýp, ýigit saçyn ýolmasyn!
Ýöne, asla gyz uýasy sebäpli,
Ner ýigidiň güler ýüzi solmasyn!

Gülälek Nurberdiýewa.
9
54