awesome
06.02.2022 19:40
Nedir śa hakdaky rowaÿatdan bölekler.

Nedir śa! Dôrt yklymy basyp alany ûçin dôrt jygaly tàji baśyna geÿen Nedir śa! XVlll asyryñ birinji ÿarymynda gul bolup Hywa bazarynda satylanyndan, tà śalaryñ śasy diÿen derejá ÿeten Nedir śa indi ûç asyr bári dûnÿàniñ taryhśynas alymlaryny añkardyp gelÿàr.
Nedir śa barada Eÿranda, Arabystanda, Hindistanda, Ÿewropa
ÿurtlarynda, Ermenistanda, Azerbaÿjanda, Dagystanda, Moskwada, Sankt-Peterburgda kôp- kôp ylymy kitaplar, çeper eserler çap bolup çykdy we çykÿar. Emma onuñ ôz dogduk mekany Tûrkmenistanda ne ylymy iś bar, ne çeper eserler.
Bolaÿmaly ÿaly. Sebàbi ol iñlis alymy Lokkart ÿazmyślaÿyn, Kabkanda dàl-de, ondan 16 mil demirgazyk gûndigarda we Muhammedabatdan 3 mil gûnorta- gûndigarda Destgir diÿen bir gyślakdanam gaÿrarakda 1688 nji ÿylyñ 22 nji noÿabrynda dogulÿar. Bu aÿdylÿanlar Nediriñ dogulan ÿeri hàzirki Kaka tôweregi diÿdirÿàr.
Ikinjiden, Nedir elmidama, hatda 1740 nji ÿylda Delide śalaryñ śasy diÿen ady alanda-da ôzûniñ tûrkmendigini, tûÿs tûrkmendigini tôweregindàkilere guwanc bilen aÿdÿar. Nedir özûniñ tûrkmendigini birnàçe permanlarda aÿratyn nygtap hem magtanyp ÿazÿar. Nedir śanyñ zamandaśy bagdatly alym Abdylla ependiniñ ôz kitabynda ÿazyśyna gôrá, Nedir śa beÿleki myhmanlar bilen tûrkçe gûrleśse, Abdylla ependi bilen tûrkmençe gûrleśipdir. 
Ÿene-de śu alymyñ ÿazyśyna gôrà, àhli metjitlerde okalÿan hutbada Nediriñ tûrkmendigi nygtalypdyr. 


***


Nedir śa her bir zadyñ sebàbini adamlaryñ ezelden mañlaÿyna ÿazylan ÿazgy bilen baglanśykly diÿip dûśûnipdir. Hatda kábir derñewçiler Nediriñ çozuślar arkaly kôp gyrgynçylyklar eden mahaly ôzûni ar alyjy Allatagalanyñ islegini ÿerine ÿetirÿàn adam diÿip bilipdir. Śuny añladÿan śeÿle bir gûrrûñ hem ÿaÿrapdyr. Gûnleriñ birinde Nedir śanyñ bolÿan ôÿûne bir ok atylypdyr. Śol oka bolsa bir tike kagyz ÿelmenen eken. Kagyzyñ ÿûzûnde- de śeÿle ÿazgy bar eken:
,, Eger patyśa bolsañ, raÿata màhribanlyk, ÿagśylyk et, eger pygamber bolÿan bolsañ, halas bolmaklygyñ ÿoluny bize gôrkez, eger Hudaÿ bolsañ- da halka rehim et" diÿilip ÿazylypdyr. Nedir śa haty ÿazany tapmak ûçin nàçe tagalla etse-de tapmansoñ, śol hatdan birnàçe nusga gôçûrip, gośun esgerleriniñ arasynda ÿaÿratmagy tabśyrÿar. Šol hatyñ yzyna aśakdaky jogabyda gośmagy sargaÿar: ,,Men raÿatdan hemaÿat eder ÿaly patyśa dàl: men halas bolmaklyk ÿoluny gôzlàr ÿaly pygamberem dàl: men bendelerine rehim eder ÿaly hudaÿ hem dàl. Eÿsem, men ÿeñiji Allatagalanyñ elinde bolan bir gural, men gûnàkàrleri jezalandyrmak ûçin geldim!"


Nediriñ gudratu.

Nedir śanyñ gośuny Hindistany eñip, Deli śàherine girenlerinde, ilatdan olja alyp baślaÿarlar. Soñ Nedir olja almagy bes etmeli diÿip buÿruk berÿàr. Šonda bir hindi aÿaly içi gôwherden doly bir gapjygy getirip, śonuñ içindàki gôwherleri esgerlere paÿlap bermegi Nedir śadan haÿyś edÿàr. Nedir śa munyñ sebàbini soraÿar. Hindi aÿaly śeÿle jigap berÿàr:
- Esgerler talañ eden wagty, iki esger meniñ ôÿûme gelip, śu gapjygy aldylar we ony açyp, içindàki gôwherleri ôz aralarynda paÿlaśjak bolup duran wagtlary birden jarçynyñ ,, patyśanyñ buÿrugy boÿunça olja almagy bes etmeli, hiç kimiñ malyna gol uzatmaly dàl" diÿen sesini eśitdiler. Śol pursatyñ ôzûnde ÿañky esgerler gôwherli gapjygy ÿerinde goÿup, ôÿden çykyp gotdiler.
Siziñ śeÿle gudratuñyz we esgerleriñiziñ buÿruga śeÿle tabynlygynyñ hatyrasyna men śu gôwherleri size peśgeś berÿàrin!- diÿÿàr.


Muhammet śanyñ dildûwśûgi.

Nedir śa Deli śàherini alanda, hindi śasy Muhammet ša onuñ garśysyna dildûwśûk edÿàr. Bir meÿlis gurap, śoña Nedir śany-da çagyrÿar. Goñśy jaÿda bolsa bir topar ÿaragly adamlary goÿup olara:
,,Her haçan men el çarpsam, tiz geliñde Nedir śanyñ janyny alyñ" diÿip buÿrÿar. Hûjûm etjek śol adamlar meÿlisiñ dowam edÿàn zamanynda nàçe garaśsalar-da Muhammet śanyñ el çarpmasyny eśitmeÿàrler. Meÿlis gutarandan soñ, munyñ sebàbini ondan soraÿarlar. Šonda Muhammet śa śeÿle diÿen:
- Nediriñ merdana keśbi, haÿbaty we gûÿç- kuwwaryny bildirip duran kaddy- kamaty maña jady ÿaly śeÿle çuñ tàsir etdi welin, birdenkà el çarpsam, ol sizden ôñûrti meni ôldûrer diÿip bildim. Šoña gôrà el çarpmadan saklandym.

***

Nedir śanyñ owganlara garśy uruślarynyñ birinde bir tûrkmen esgerine gôzi dûśÿàr. Ol gośunyñ oñ hatarlarynda duśman bilen aldym- berdimli sôweś edip, olardan ençemesini ôldûrÿàr, ÿene-de gahrymanlarça ôñe okdurylÿar. Onuñ śeÿle batyrlygyny gôren Nedir śa ony ÿanyna çagyrÿa-da ondan:
,, Sen ôñ niredediñ, safawiler dôwrûnde Eÿran gośunlarynyñ owganlardan masgara bolup ÿeñilÿàn wagtlary ÿokmudyñ?" diÿip soraÿar. Šonda ol esger:
,, Śahym, meniñ ÿaly esgerler śol wagtda-da kôpdi, ÿône siziñ ÿaly serdarymyz ÿokdy" diÿip jogap berÿàr.
9
63
Älem
7 Fewral 2022
Myrat2000(BİZ we DÜNÝÄ),18-nji asyrda Eýranda şalyk süren Nedir şa 1688-nji ýylda dünýä inýär. Ol gelip çykyşy boýunça türkmenleriñ awşar taýpasynyñ garakly tiresindendir. Nediriñ ýaşlygy Alywert - Deregöz (häzirki Kaka etrabynyñ territoriýasyndaky serhet ýakasy) etraplarynda geçýär. 1711-nji ýylda kakasy Ymamguly han ýogalandan soñ, Nedir kerwenleri talaýan garakçylara baştutanlyk edip başlaýar, şeýle hem ol Abywerdiñ häkimi Babaly begiñ hyzmatynda bolup, türkmenleri hem-de kürtleri özüne tabyn etmek üçin birnäçe harby ýörişler geçiripdir.
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
6 Fewral 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
Älem
6 Fewral 2022
Atayeva, Nedir şa hakynda " Türkmen hanlary we Serdarlary "kitapda bar....👍👍👍
Возможность комментирования данной публикации было отключена.