awesome
07.02.2022 15:45
GYRKYLAN SAÇLAR / ýarym degişme 

Aýallar salony dellekhananyñ, - 
Gelýän kän-de, biri gidýär her zaman. 
Talabyna laýyk soñky modanyñ, 
Saçyny bejerdýär bir topar zenan. 

Dellekler hars urýar galjañlyk bilen, 
Köpelýär günsaýyn şeýle dabara. 
(Gürrüñ bar: aýallañ başy jem bolan 
bolsa, baýdyr bu ýer dürli habara). 

(Gep ýüwürtmek erkekleriñ işi däl, 
Nesip etsin aýallaryñ özüne!) 
Hanha-da nobaty ýeten ýaş aýal 
dyngy berýär gutarmadyk sözüne... 
Eýeläp dur eýýäm, (şoña mähetdel) 
Saçyn bejerdeniñ boşan ornuny. 
Gör, bu nirelerden gelen modanyñ 
Aýallañ başyna salýan oýnuny! 

Uzyn saçy dal gerdenin ýapan, gyz, 
Saçyny har edip ýeñil gopan gyz, 
Çal reñkli parigi elinde oýnap, 
Aýnadaky keşbin synlaýar aýnap, 
Endigine görä soraýar dellek: 
- Nähiliräk?! 
- Moda laýyk gyrkyber! 
- Ne ajap saç, elim barmaz gyrkmaga! 
- Gyrkyber. Saçyñ däl, modañ görki bar! 

Tolkunýar, daragyñ dişinden sypýar, 
Ýeñles kelledäki ýüpek ýaly saç. 
Towlanjyrap bir tutumdan añyrsy 
Gaýyp ýere düşýär bolmansoñ alaç. 

Şeýdip jyda düşdi sadyk gözellik, 
Ine, şeýdip ýasama görk başlandy. 
Täç deñinde depä göterlen şol saç, 
Aýaklaryñ aşagyna taşlandy. 

Ýigitleñ bagtydy atana bije, 
Şol uzyn saçlar. 
Ýigitleñ düýşüdi ýatanda gije, 
Şol uzyn saçlar. 

Ah, gyrkylan saçlar! 
Neneñ mukaddes 
Synadyñyz zenanlara bir çakda. 
Saçyn gyrkyp jeza berer ekenler, 
Zenan aýyplansa biwepalykda, 
A indi wepaly görünmek üçin, 
Zenanlar buýsanşyp gyrkýarlar saçyn. 

Ah, gyrkylan saçlar! 
Gören badyma 
Oswensim lageri düşdi ýadyma. 
Entegem ýatladyp merhum başlary, 
Ýatyr onda zenanlaryñ saçlary. 
A indi owadan görünmek üçin, 
Zenanlar dözümsiz gyrkýarlar saçyn. 

Nämemiş parikde has amatlymyş, 
Daramak gerek däl, ýuwmak gerek däl. 
Ýatmaly bolanda aýryp goýmaly, 
Şeýle bir, şeýle bir ol biderek däl. 
Şeýdiñ! Saçyñyzy parige çalşyñ! 
Barmagñyzy proteze çalyşyñ! 
Metal bilen dişiñizi çalyşyñ! 
Robot bilen işiñizi çalyşyñ! 
Newrozmy!? - Beýnini elektrona... 
Sançýarmy!? - Ýüregi akkumulýatora... 
Garrasañyz ýaşyñyzy çalyşyñ! 

Ýöne unutmañ siz zenan görki saç, 
Dogrusyny diýmek borjum-gylygym. 
Men şeýle modalañ garşysna çykýan, 
Baýdagyn göteril Tebigylygyñ. 
Uzyn saçy, näzikligi zenana 
Tebigat owaldan bilip beripdir. 
Şu iki gymmatyn ýitiren zenan 
Moda diýp saçynyñ işin görüpdir. 

Kimler etmişine ökünip soñra, 
Görüñ bolýan zady, tutup ýör için. 
Moda gahar edip erkekler bolsa, 
Aýallara derek ösdürýär saçyn.


Abdyreşit TAŞOW.
9
38
ylham_gurbanaly
7 Fewral 2022
Gaty jaýdar aýdylan👏👏👏
Älem
7 Fewral 2022
gaty gowy ýazylan goşgy👏👏👏👏👍
Возможность комментирования данной публикации было отключена.