awesome
27.01.2022 18:48
WILÝAM ŞEKSPIR

DÜRDÄNE SETIRLER

“Arzuwlardyr ar almak ýaly duýgular akylyň sesini eşitmez”.
Wilýam Şekspir
***
“Sözleriň asmana galasy gelýär, emma pikirleriň ýerde. Özen bolmadymy, sözler asmana göterilmeýär”.
Wilýam Şekspir
***
“Bir töhmet başga töhmetleriň döremegine sebäp bolar”.
Wilýam Şekspir
***
“Erkinlik daşaryda bolsa, sürgünlik siziň ýanyňyzdadyr”.
Wilýam Şekspir
***
“Alla size bir ýüz beripdir, sizem oňa ýene birini goşmaň”.
Wilýam Şekspir
***
“Meniň düşünýänim seniň sözleriňdäki gazapdyr, o sözleriň manysy däl”.
Wilýam Şekspir
***
“Iň süýji balyňam artykmajy adamy irizer”.
Wilýam Şekspir
***
“Käbir ýykylmalar, has ajaýyp turmalaryň höweslendirijisidir”.
Wilýam Şekspir
***
“Ýara bilen öýun eder, ýaralanyp görmedik adam…”.
Wilýam Şekspir
***
“Günäli kelle şübhäniň hemişe ýüz tapýan ýeri”.
Wilýam Şekspir
***

“Galan miraslaryň hiç biri dogrulyk kimin baý bolup bilmez”.
Wilýam Şekspir
***
“Geplemänkäň oňatja pikirlen, gepläniňden soň pikirlenmeziň ýaly”.
Wilýam Şekspir
***
“Hiç zadyň eýesi bolmasaňyz, ýitirjek hiç zadyňyz ýokdur”.
Wilýam Şekspir
***
“Hakykat keteginde gabagda oturan sadyk köpekdir”.
Wilýam Şekspir
***
“Dowzah boşdur. Çünki ähli şeýtanlar bärde…”
Wilýam Şekspir
***
“Hyýanata sezewar bolmagyň ajysyny diňe haýynlar biler”.
Wilýam Şekspir
***
“Ynam ruha çalymdaş bir zat, terk eden bedenine gaýdyp dolanmaýar”.
Wilýam Şekspir
***
“Adam söýmäge başladymy, şol bir wagtyň özünde ýaşamaga-da başlar”.
Wilýam Şekspir
***
“Nähak dawa üçin göreşmegi, hakyky batyrlyk hasap edip bolmaz”.
Wilýam Şekspir
***
7
73
ideallider
27 Yanwar 2022
KöWsEr, dogrysy meň özüm barlapgördüm. Etmeli zatlryň 10%-edip yzyma dolandym. Şondan ynamly aýdýan!
ideallider
27 Yanwar 2022
KöWsEr, jan çykmanka ruh çykyp gidip yzyna gelip bilýär
ideallider
27 Yanwar 2022
KöWsEr, ine meselem: koma. Jan bar, ruh ýok. Ruh wagtyň geçmegi bilen soň gelýär!
м....
27 Yanwar 2022
Adam doranibari olen son sol bada jan girip gelen ynsan yekeje bir ynsan bar olam.....
ideallider
27 Yanwar 2022
KöWsEr, jan başga ruh başga🙂👍
ideallider
27 Yanwar 2022
KöWsEr, bedenden ruh çykyp köp wagtdan soň dolanyp gelip yzyna girip hem bilýär!
ideallider
27 Yanwar 2022
Ajaýyp sözler🙂👍
Возможность комментирования данной публикации было отключена.