awesome
12.03.2022 23:37
Rowaýata görä, ol örän owadan gyz ekeni. Bir gezek meýdana gezelenje çykanda göripleriň biri, onuň haýsy tarapa gidenligini duşmana aýdýar. Duşman ýaş gyzy kowalap başlaýar. Dagyň düýbünde gaçyp gizlenen Parawbibi «Duşman namysymy depelemesin, maňa ýol salgy bereweri!» diýip, Hudaýtagala ýalbarýar weli, dag darka ýarylyp, açylyp Parawbibi girip gidýär. Dag hem ýapylýar. Şeýlelikde, Parawbibi halallygyň nyşany hökmünde halk arasynda tanalýar. Çaga garaşýan aýallar hem Parawbibiden medet dileýärler.

***

Rowaýata görä, Ybraýym Halylulla haýat dikeldýärmiş weli, ýykylýarmyş. Şonda Azazyl (şeýtan) seredip duran ekeni. Ol örän bilimli perişde bolupdyr. Ol Ybraýyma «Pahna bilen galdyr» diýipdir. Şondan soň Ybraýym pygamber pahna bilen berkidip salypdyr weli, ymarat ýykylman durupdyr. «Käbäniň salynmagynda şeýtanyň hem goşandy bar» diýen gürrüň şondan galypdyr.

***

Rowaýata görä, Eýýup pygamberiň endamyny 40 ýyl ýüpek gurçugy iýip ýatypdyr. Ahyrda sabyr edip, sabyr edip, ýere gaçan bir gurçugy (doýup ýere gaçan) alyp «Senem iý, janawer» diýip, öňki iýen ýerine goýberýär weli, ol öňküden hem beter iýip başlaýar. Eýýup pygamber şonda Allatagala nalyş edýär: «Eý, Taňrym, meniň ne ýazygym bardy, bu indi öňküden hem beter iýip başlady» diýip, zarynlaýar weli, Allatagalanyň rehimi inýär-de, Eýýup pygambere şeýle diýýär: «Sen ol gurçuga nesibesinden artyk iýdirjek bolduň, ol doýup ýere gaçdy, sen bolsa ony ýene-de öňki ýerinde goýduň, hiç kim nesibesinden artyk iýip bilmez» diýýär-de, Eýýup pygamberi şeýle sabyr edeni üçin halas edýär. Ol halk arasynda sabyrlylygyň hem ýüpek gurçugynyň piri hökmünde tanalypdyr.


***

Rowaýata görä, Idris baba bir gezek yssyda günüň aşagynda galypdyr. Ol ýakyp-ýandyryp barýan gün şöhlesine çydaman, «Günüň ýanynda bolýan erenler nädip çydaýarlarka, olary hem Allatagala az wagt bolsa-da, azat edäýmeli ahyry» diýip, pikirlenipdir. Ýerdäki adamynyň erenleriň aladasyny etmegi Allatagalanyň hoşuna gelipdir-de, erenleri bir gün boşadypdyr. Olar «Näme üçin bizi boşadýarsyňyz?» diýip, soranlarynda «Ýerdäki bir bende siziň aladaňyzy etdi, şonuň üçin boşatdym» diýip, jogap beren. Onda erenler: «Bize-de şol bendä bir ýagşylyk etmäge rugsat ber» diýipdirler. Allatagala rugsat berensoň, erenler Idris babanyň ýanyna barypdyrlar-da, onuň näme isleginiň bardygyny sorapdyrlar. Onda Idris baba behişti göresiniň gelýänligini aýdypdyr. Olar «Behişti göresiň gelse, öňürti sen ölmeli, ondan soň görüp bilersiň» diýipdirler. Idris baba razy bolupdyr. Olar Idris babanyň janyny alyp, soňra ony behişte düşüripdirler. Idris baba görse, behiştiň içi görüp doýar ýaly däl ekeni. Onuň gaýdasy gelenokmyş. Erenler ony yzyna alyp gaýtmaga gelipdirler. Ony yzyna äkitmek üçin öldürmekçi bolupdyrlar. Idris baba jennetden gaýtmak islemän, köwşüni galdyryp gaýdypdyr. Şony almak bahanasy bilen hem yzyna gaýdyp, jennetde galypdyr. Idris baba diri behişdi hasaplanylýar.
9
51
awesome
12.03.2022 18:17
1. Pýotr l arakhorluga garşy gyzykly göreş usulyny oýlap tapypdyr. Arakhory agramy 7 kg bolan medal bilen "sylaglapdyrlar". Medaly hiç wagt boýnuňdan aýyrmaly däl eken (aragyny goýýança). Aýyranyny bilseler ýa-da eşitseler jeza beripdirler.

2. Taýlandyň gimnini rus kompozitory ýazypdyr.

3. Dünýädäki iň gysga wagt dowam eden uruş Angliýa we Zanzibaryň arasynda bolupdyr. Uruş bary-ýogy 38 minut dowam edipdir.

4. Gadymy Rim imperatorlaryndan biri Neron özüniň gul erkegine öýlenipdir.

5. Gadymy Hindistanda rehimsiz jeza hökmünde jenaýatçynyň gulagyny kesipdirler.

6. Arap sanlaryny araplaryň özi dälde hindistanly matematikler döredipdirler.

7. Iň uzak dowam eden uruş 335 ýyla çekipdir. Emma urşuň dowamynda iki tarapdanam ýitgi bolmandyr. (şu barada-da tema açaryn,zametka belläpdim. Eger tapsam)

8. Bir wagtlar morfin (narkotik derman,tirýek) üsgülewige garşy giňden ulanylypdyr.

9. Gadymy Müsür frawuny Tutanhamonyň ata-enesi süýtdeş dogan bolupdyrlar.

10. 18- asyra çenli Rossiýaň öz baýdagy bolmandyr.

11. Napoleon goşunyndaky esgerler generallara "sen" diýip ýüzlenipdirler.

12. Ikinji jahan uruşynda Gyzyllar armiýasynda Semýon Konstantinowiç Gitler diýen pulemýotçy gulluk edipdir. Onuň milleti ýewreý eken.

13. 17- asyrda termometri simap dälde konýak bilen doldurupdyrlar.

14. 1983 ýylda Watikanda ýekeje-de çaga dogulmandyr.
12
77
awesome
12.03.2022 18:16
ULY ÝAZYJYLARYÑ ÝAŞ ÝAZYJYLARA SARGYTLARY

Uilýam FOLKNER, amerikan ýazyjysy:



Okañ, diñe okañ, eliñize düşen her zady okañ. Çala-çapdyr eserleri, klassyk eserleri, gowy ýa-da gowşak ýazgylary, hemme zady... Okap başga ýazyjylaryñ nähili we nämeleri ýazýandygyny görüñ. Soñra olary seljeriñ we ýazmaga başlañ. Eger ýazmaga başlanyñyzda şowly dowam etse, ýazyberiñ. Ýok, ýazgyñyz erbet bolup göwnüñize ýaramasa, ýyrtyp äpişgeden zyñyp goýberiñ.

***

Lew TOLSTOÝ, rus ýazyjysy:

Säher bilen ýerimden turup-turmanka edýän işim - ýazmak. Russo hem oýanan badyna az-kem gezmeläp, yzyndanam ýazyp başlaýan eken. Adamyñ kellesindäki pikirleriñ iñ dury wagty säher çagydyr. Iñ gowy pikirler şol wagt kellämize gelýär.

***

Miranda JULAÝ, amerikan ýazyjysy: 

Ilkinji romanymu ýazyp ýörkäm, dünýä boýunça iñ ýaramaz ýazyjy özümdir öýderdim. Ýazýan zatlaryma seredip "Mundan has gowy ýazmalydym" diýip öz-özüme gaharlanardym. Soñabaka ýazanlarmyñ heniz ýönebir garalamadygyna we ilkinji garalamalaryñ hemişe iñ kyny bolýandygyna göz ýetirdim. Dowam ediberseniz has gowusyny ýazarsyñyz.

***

Frensis Skott FISDJERALD, iñlis ýazyjysy:

Ýazyp ýören döwürlerimde alkogolly içgiler bilen döredijiligiñ ýolunyñ bir däldigine göz ýetirdim. Belkäm, bir hekaýany bir çüýşe arak içip ýazsa-da bolar, ýöne roman ýazmak üçin dury pikirli kelle gerek.

***

Mýuriel SPARK, iñlis ýazyjysy:

Ýazýan zadyñyza bar ünsüñizi jemlemekçi bolsañyz, işleýän otagyñyzda pişik saklañ. Pişik bilen ikiçäk galanyñyzda, ýazyp otyrkañyz onuñ stoluñ üstüne çykyp, stol çyrasynyñ aşagyna süýnýändigini görersiñiz. Çyranyñ ýagtysyna rahatlanyp myrryldaýan pişigiñ bolşy siziñem göwnüñize rahatlyk berer we ýiti täsir eder. Soñra ruhubelentlik bilen ýazmaga başlarsyñyz.

***

Ernest HEMINGUEÝ, amerikan ýazyjysy:

Ýazyp oturan eseriñizi iñ gowy ýerinde taşlañ we ertesi gün gaýtadan stol başyna geçýänçäñiz bu barada pikir etmäñ. Sebäbi siz muny pikir etmäniñizde-de, ýazjak zadyñyz añasty añyñyzda aýlanar durar. Arakesme berendigiñize garamazdan ýazýan zadyñyzy pikriñizden çykarmasañyz, hem-ä ýazjak eseriñizi zaýalarsyñyz, hemem heniz işe başlamanka beýniñizi ýadadarsyñyz.


Toplan we terjime eden: Has TÜRKMEN.
14
43
awesome
11.03.2022 19:02
"GARRYLAR GEREK"

"Ten ýapmana köýnek islär ýalaňaç,
Köýnekli diýr: "Wah, üstünden don bolsa!"
Baş saglyk diýp Hakdan dilär garny aç,
Bäşin tapan arzuw eder: "On bolsa!"
Magtymguly Pyragy.

Serdaryň dokuzy düzüw bolanda,
Onunjy, ellinji, ýüzünji gerek.
Oň göwnün tapmana ýaranjaňlara
Ýüz alada bilen ýüz ünji gerek.

Ýurdy alahekge soraýan bolsa,
Bile gagyldaşýan gargalar gerek.
Ömürleri uzyn, dilleri gysga,
Baş atyp oturan garrylar gerek.

Ýurduň depesinde şuwlaýan gamçy,
Halkyň kebzesinde dürreler gerek.
Ylymly-bilimli nesil gerek däl,
Ertir eşek çykjak kürreler gerek.

Nadan gerek ykbalyna biperwaý,
Dünýäden bihabar gözli kör gerek.
Alty milliard dollar sogrulyp ýele,
Düňle çölüň jümmüşinde köl gerek.

Gije-gündüz mes hojaýyny wasp edýän
Suwjukdan bihaýa gazallar gerek.
Baý ýurtlardan jalaý myhman gelende
Öňünde tans edýän gözeller gerek.

Mertebe gerek däl galam tutana,
At, dereje, sylag, baýraklar gerek.
Samankepbeleriň, gara öýleriň,
Depesinde ýaşyl baýdaklar gerek.

Serdaryň dokuzy düzüw bolanda,
Onunjy, ýüzünji, müňünji gerek.
Ýurdumy beladan halas etmäne
Müň alada bilen müň ünji gerek.

Şiraly NURMYRADOW
10
69
awesome
09.03.2022 19:18
"Maña 1 harp öwredeniñ 40 ýyl guly bolaryn" Hz.Ali.

Terbiýeçi (Pedagog) sözi Grek dilinden gelip çykyp, öñler bu söz hiç iş başarmaýan gullara ýüzlenmegi añladýar ekeni.

Ilkinji mugallymlar biziñ eramyzdan öñ V-IV asyrlarda peýda bolupdyr.(Gresiýada, Wawilonda)

Barlaglara görä mugallymçylyk käri, alymlyk kärinden soñ iñ ynam bildirilýän ugurdyr. Emma ene-atalaryñ öz çagalarynyñ mugallym bolmagyna islegler boýunça iñ pesleriñ hataryndadyr.

Barlaglara görä dünýäde çaga wagty mugallym boljak däl diýen adamlaryñ 38%-ni mugallym bolýar. Çaga wagty men mugallym boljak diýen adamlaryñ 76%-ni bu kärden ýüz öwürýär.

Adatça bir adam iñ köp 2-3 sagat hiç säginmesiz gygyryp durup bilýär. Mugallym kärine baş goşanlar wagtyñ geçmegi bilen bu ukyby 4-6 sagat aralygyna çenli uzaldyp bilýär.

Dünýäde mugallymlaryñ 21%-i okuwçylara okadýan mowzugyny aslynda özi hem öwredip duran wagty öwrenýändir.

7-10 ýaşly çagalar mugallymlaryna edil uly adamlar meşhur aýdymçynyñ konsertine gideninde aýdymçyny edil öz gahrymany kimin hasap edişi ýaly hasap edýärler.

"Maña 1 harp öwredeniñ 40 ýyl guly bolaryn"
Hz.Ali.
15
76
awesome
02.03.2022 19:50
Zerurlyk

Meniñ al-asmana uçasym gelýär,
Ganatlarmy ýaýyp, kakyp pelesañ.
Bulutlardan añryk uçasym gelýär
Diýseler-de: "Uçup bilmez kelesañ".

Ýa-da, uçjak -
bolup bilsem eger-de,
Iñ añyrbaş uçarlaryñ kysmyndan.
Gonjagam däl başym göge degende,
Keýpden çykjak, tä gaçýançam ysgyndan.

Dogrusy,
uçasym gelse-de, gorkýan
(Görüñ-ä bedenmiñ gagşaýanyny).
Ýöne meñ barybir uçmagym hökman
Gizlemeklik üçin agsaýanymy...

BAKY AMANÝAZOW
8
57
awesome
01.03.2022 16:35
HEÝKELLER ÝYLGYRMAÝAR

Bir ömrüñ şerbedi näçe köp bolsa,
Şoňça ajy bolýar ölüm awusy.
Näçe beýik boldugyça şahsyýet,
Şonça uzak bolýar onuñ agysy.

Menden gowy bilýäň bu zatlary sen,
Menden köpem bilýäň.
Ýok oňa dawam.
Bir zady bileňok:
Ikimiz gitsek,
Adamlaň näçe wagt ýüregi awar?

Näçe wagtlap agymyzy aglarlar?
Üç günmi?
Kyrk günmi?
Ýigrimi ýylmy?
(Adam galan däldir dodak çöwire,
Görseň, hemme kişiň ýetendir ylmy!)

... Dessanyň iñ soňky şahasyn okap,
Ýyldyz daga owsundyryp hyýaly,
Göroglyň ölmüne aglamadyňmy,
Göýä ol soňky jeň düýn bolan ýaly?

Eýsem, indi türkmen iki asyrlap
Aglanokmy Magtymgulyñ agysyn?
Gaýdyp berip bilerismi ikimiz
Bu halka, söýgüli Berdi agasyn?

Indi:
«Öldüm, eý waý, gelinler!» diýip,
Kim gygyrsyn Sahy bagşyñ deregne?
(Bak,
Heýkeller gamgyn bolup durýandyr,
Delä guş gonýandyr,
Alada — egne).

Namart busar,
Mert galar ör-boýuna.
Şir özüni ýeke gezek awladar.
«Güýz, güýz» diýip,
Güýz gününde hoşlaşan
Gurbannazar entek bizi agladar.

... Gowy görşi ýaly gelin-gyzlary
Sekizinji martda hoşlaşan Halyl
Ýatyr gapdalynda Gurbannazaryň
Gygyryp:
«Näm bold-ow,
Oglanlar hany?»

Hany Täşli?
Hany Saýlaw?
Italmaz?
Kynmy bir-biriňi saklamak aýap?
Her haýsy bir deräň şir-peleňidi,
Doňdular,
Öwrülip hersi bir gaýa.

Näme beýle gysga biziň ömrümiz?
Bizi öldürýen zat —
Dostlaryň ölmi.
Hazan ýeli kürsäp, girende baga,
Soldurýar —
Parhy ýok —
Tikenmi, gülmi.

Kemelende her gezek bir dostumyz,
Bir salym ýuwaşap,
Ümsümje gezýäs.
Soňam sessiz aglap
(Ne alaç başga!),
Ýürekden bagyşlap
Hem ýatlap ýazýas.

Şäher Borjak.
Öwezmyrat.
Hanguly...
Sana,
Näçe sapar agzymyz bişdi?
Haýsy biri gitdi gojalyp-garrap,
Haýsy biri hasa tutup ýetişdi?

Irräk gitmedimi Gara Seýitli?
Kaýda mesgen tutdy gardaş Abdylla?
Ussadyň yzynda galýan eserler
Gör, kim üçin — kagyz,
Kim üçin — tylla!

Bizi ýene näçe ýyllap agladar
Nury Halmämmediň jadygöý sazy?
Näçe ýyllap ýürekleri elendir
Annaberdi Atdanowyň owazy?

Eýsem, Gurt Ýakubyň «Serwi agajy»
Wagtyndan ir dökmedimi ýapragyn?
Ynha indem Memmet Seýit bimahal
Ýassanmaly boldy Durun topragyn.

Aglap ýetişmänkäk onuñ agysyn,
(Näm bolany köpimize näbelli!)
Lowlap-lowlap ýanyp,
Köräbem söndi
Elli ýaşdan ýaňy geçen Ýa. Belli.

Eýsem, indi bu merhumlaň agysyn
Şeýdip ýuwaş-ýuwaş soňlaýarysmy?
Ýa yzynda toplap eserlerini,
Baýraga hödürläp oňaýarysmy?

Şükür,
Wezipe bar ikimizde-de,
Ýöne, ol hakda däl meniň söhbetim.
Kesgitlemek saňa, maňa galmandyr
Uly ýitgä aglamagyň möhletin.

Deýýuslaň gybaty,
Golsuz arzasy
Ýene näçe äriň başyna ýeter?!
Şolardan goraly galanlarmyzy,
Şeýtsek,
Gidenlerem rahadrak ýatar.

Men ýazýançam,
Sen atanak çekýänçäň,
Bir näkesiň gurdy gündiz uwlapdyr:
Halkyň eziz görýän ogullarynyň
Ýene biri keselhana ugrapdyr.

Ýetişeli!
Gopar syrtyň kürsüden!
(Pikir etme,
Sen hiç haçan ölmersiň!)
Şeýdip, men-ä onça ýyllap aglaman,
Senem meni diñdirmeli bolmarsyñ.

Şiraly N.
10
38
awesome
13.02.2022 07:39
Dostoýewskiý hakynda bilmeýänlerimiz ýa-da az bilÿànlerimiz

Hemme zatdan ötri, ýazyjy barada öñki edýän pikirlerimize az-kem düzediş girizsek gowy bolardy. Megerem, Dostoýewskiý dünýäniñ häzire çenli ýaşap geçen iñ gowy ýazyjylarynyñ biridir. Muña söz ýok. Ýöne onuñ inkär edip bolmajak derejede ýaramaz gylykly adam bolandygyny-da ýatdan çykarmazlyk gerek. Has takygy, ol ussat ýazyjylygynyñ tersine, adamkärçilik nukdaýnazardan alanda, o diýen özüne çekijiligi ýok. Elbetde, bizi we okyjylary onuñ şahsy gylyklary däl-de, diñe eserleri gyzyklandyrmaly. Herniçigem bolsa, awtobiografik maglumatlara esaslanyp, edebiýat muşdaklarynyñ arasynda gowur turzup biljek bu söhbetimiz arkaly ýazyjynyñ ähli gowy we ýaramaz taraplaryna obýektiw nukdaýnazardan göz gezdirmek isleýäris.
Dostoýewskiý ölemen humarbazyñ biridir. Ol humara şeýle bir añyny aldyrypdyr welin, belli bir wagtdan soñ gazanç etmekden, bar işini-pişesinden ýüz öwrüp, humar oýnap başlaýar. Meselem, ol Ýewropa eden syýahatlarynda Mikelanjelo ýaly genial heýkeltaraşlaryñ sungat eserlerini synlanynda-da, humar döwresini görenindäki ýaly heýjana gelmändir.
Kümsük ogry bolupdyr. Humarbaz bolandygy sebäpli, aýalynyñ pullaryny ogurlaýan eken. Hatda aýalynyñ eşiklerini ogurlap satmakdanam gaýtmandyr. 
Ýaranjañ bolupdyr. Bu boýunça iki mysal bar. Rus ýazyjy Turgenewiñ aşa baý bolandygy köplere mälim. Dostoýewskiý ite bir sümek bergili döwürlerinde, onuñ şanyna odalar düzüp, odanyñ ahyryn hemişe karz pul diläp jemläpdir. Ýogsam bolmasa, onuñ bu ýazyjy bilen kän jyny-da jyñkyşmaýan eken...
Ikinji mysal has gorkunç. Moskwa we Peterburga girmek gadagan edilen ýyllarynda rus patyşasynyñ şanyna onlarça öwgüli hatlar ugradýar. Elbetde, onuñ maksady Peterburga we Moskwa girmäge ejaza almakdy. Ýogsam bolmasa, ýazyjy hut şol patyşa garşy gidip, döredijiliginiñ iñ öndümli boljak ýyllaryny gar kürekläp geçiripdi.
 
Abraýyny, öz hormatyny gorap saklamakda-da gowşak bolypdyr. Bary-ýogy birnäçe rubl üçin bir hatynda bäş gezek Hezreti Isanyñ adyny tutýar. Pul üçin ähli at-abraýyny aýak astyna oklamagy eşege palan atança-da görmändir. Sebäbi aşa humarbazlygyndan ýaña elmyda bergide bolupdyr. Turgenew bilen arasynda bolup geçenler hem şol sebäplidir.
Çakdanaşa milletçi we funtamentalist prawoslaw ynançly bolupdyr. Özem muny diline çolamakdan çekinip durmandyr. Hatda Ýewropany diñe ruslaryñ halas edip biljekdigi we Isanyñ rus bolandygy baradaky gülkünç gipotezalary bolupdyr. Türki halklara bolan ýigrenji bolsa hemmelere bellidir. Ol bu ýigrenjini "Doganlar Karamazowlar" romanynda açykdan-açyk beýan edýär.
Wagt geler, Stambul rus şäheri bolar" ýa-da "Aýasofýa metjidine haç dakylmalydyr" ýaly duşmançylykly sözler bu ýigrenjiñ aýdyñ subutnamasydyr.
Döwrüniñ tanymal tankytçysy Strahowyñ aýtmagyna görä, Dostoýewskiý aşa husyt, zehinsiz dagy bolsa nebsiñ agyrmaga we üstünden gülünmäge degişli adam bolupdyr. Bolgusyzlyk etmekden başga zady bilmändir. Ol öz bolgusyzlyklaryny özüne edermenlik saýypdyr. Hatda tankytçy "Ýerastyndan hatlar" eserinde ýazyjynyñ öz bolşuny suratlandyrýandygyny aýdýar.
Öz aýdyşynyñ tersine, garamaýaklardan gelip çykmandyr. Hawa, Tolstoý ýa-da Turgenew ýaly baý aristokratlardanam däl. Ýöne Gorkiý ýaly iñ aşakdanam gelmändir. Kakasy ýüz sany guly bolan harby lukman, ejesi bolsa kakasy tarapyndan pula satyn alynan obaly pukara gyzlaryñ biri eken. Kakasy rehimsiz hem arakhor, ejesi bolsa ýuka ýürekli, duýguçyl ene bolupdyr.
Ynha, Dostoýewskiý hem 60 ýyllyk ömrüniñ dowamynda şeýle çaprazlygy özünde göterip gezipdir. Iñ soñky pesligi-de, iñ belent derejäni-de başyndan geçirýär. Kakasy ýaly pyssy-pyjurlykly işleri-de etmegi oñarýar, ejesi ýaly adamzat üçin ýüregini agyrtmagy-da başarýar.
Kakasy zalym adamam bolsa, o diýenem bir haramzada adam bolmanmyş. Gyzykly kitap bolsa, esasanam goşgy bolsa okamagy gowy görýän eken. Stol başynda nahar iýlip durka, çagalaryna her gün gezekleşdirip goşgy we roman okadýamyş. Şeýle-de olary latyn dilinden hut özi okadypdyr, fransuz dilini öwretmek üçinem ýorite mugallym hakyna tutupdyr. Özem kakasy latyn dilinden okadan bir sagat wagtynda Dostoýewskä oturmak gadagan bolupdyr.
Dostoýewskiý gyzylymtyk ýüzli bolupdyr. Hatda ol Wan Goga hem azajyk meñzemän durmandyr. Edil olam Wan Gog ýaly ejiz bedenli we gyzyl sakgally eken. Bu iki şahsyýetiñ durmuşy-da biri-birine meñzemän duranok. Olar gedaý durmuşy başdan geçirip, bergileri zerarly ýurtdan ýurda selpäp ýörüpdirler. Dost-ýarlary bilenem mydama dawa-jenjelleşmekden gaýtmandyrlar. Spirtli içgileriñ, pully kartyñ we neşe serişdeleriniñ içinde boýlapdyrlar. 
Dostoýewskiý ene-atasyndan ir jyda düşüpdir. Ýöne ejesiniñ däl-de, kakasynyñ ölümi oña ýiti täsir edipdir. Has dogrusy kakasynyñ ölüm sebäbi... Şeýle-de bolsa, ol kakasyny ömürboýy ýigrenip gezipdir. Muny "Doganlar Karamazowlardaky" kaka obrazyndanam añmak bolýar. 
Ýokarda Dostoýewskiniñ kakasynyñ zalym adam bolandygyny agzap geçipdik. Onuñ rehimsizligine çydaman golastyndaky gullary hojaýyny öldürmegi niýetlerine düwýärler. Bir gezek ony güpbasdy edip, el-aýagyny dañýarlar. Daş we taýak bilen çem gelen ýerine, ylaýta-da uýat ýerine urup-urup para-para edýärler. Bolan wakany Dostoýewskiniñ garyndaşlary bilmezlige salýarlar we üstüni örtýärler. Netijede hiç kim jezalandyrylmaýar. 
Dostoýewskiniñ inžener hünäri bar. Ýöne ol hünäri boýunça hiç ýerde işlemändir.
Ilkinji romany "Biçäreleri" ýazanda, romanyñ bir nusgasyny şahyr dosty Nekrasowa okamaga berýär. Şol günüñ agşamy Nekrasow aglap Dostoýewskiniñ ýanyna gelýär. Ol dostuna ajaýyp eser ýazandygyny we muny Belinskiniñ görmeginiñ gerekdigini aýdýar. Belinskiý şol döwrüñ iñ görnükli tankytçysy bolandygy üçin, eger eseri ol halasa, bütin Russiýa hem halar diýip umyt edipdirler. Nekrasow eseri okamak üçin Belinskä berende tolgunmakdan ýaña "täze Gogol döredi" diýipdir. Mälim bolşy ýaly, Gogol şol döwre çenli ýaşap geçen rus ýazyjylarynyñ iñ görnüklisidi.
 Belinskiniñ bu söze gahary gelýär we olary ýañsylap "Size galsa Gogollar kömelek ýaly köpeler" diýipdir. Şeýle-de bolsa, beýik tankytçy birnäçe ýyl geçensoñ bu sözüni gaýdyp almaga mejbur bolupdyr.
Bir gije ýazyjynyñ gapysyny kakýarlar. Bu gezek gapyny kakanlar onuñ muşdaklary däl-de, ýaragly ofiserler we esgerler bolup çykýar.
Hiç bir düşündirişsiz ähli golýazmalary elinden alnyp, ýazyjy tussag astyna alynýar. Tutuş dört aýlap näme günäsiniñ bardygyny bilmän zeýli zyndanda ýatýar. Ahyrynda eden etmişini aýdýarlar: Patyşany tankyt edýän goşgy ýazmakda aýyplanýar. Jezasy hem açyklanýar: atuw!
Dostoýewskiniñ ömrüniñ ilkinji öwrülişik pursaty hut şol atuwyñ beriljek pursatydyr. Gün dogan badyna Dostoýewskiý we onuñ sekiz ýoldaşy turuzylyp, atuwa höküm edilenlere geýdirilýän ýörite eşikler geýdirilýär. Elleri we gözleri bagly üç-üçden üç topara bölüp, yzly-yzyna üç hatara düzýärler. Dostoýewskiý ikinji topara düşýär. Ilki atuw baradaky höküm okalýar. Yzyndanam jeza beriji atuwçylar olary didiwana mündürýär. Dostoýewskiý bilen ölümiñ arasy birnäçe minutlyk ýakyn gelýär. Mäşäni gysybermeli bolanda bir ýerlerden bir atly çykýar güpürdäp. Gelen atly patyşanyñ täze permanyny okamaga başlaýar. Şeýdip bu dokuz sany rewolýusioneriñ atuwy goýbolsun edilýär. Patyşa "beýiklik" görkezip, olary iñ soñky minutda bagyşlanmyşyn! Ölümiñ erñeginden dolanan Dostoýewskiý bu pursatyñ täsirinden ömürboýy çykyp bilmändir.
Atuw jezasy goýbolsun edilenem bolsa, başbozarlar temmisiz galdyrylmaýar. Dostoýewskiý dört ýyl katorgada (sürgünde), alty ýyl mejbury harby gullukda bolýar. Has beteri bolsa Moskwa we Peterburga girmek gadagan edilýär. 
Ynha, onuñ ömrünuñ ikinji öwrülişik pursaty-da katorgada bolan ýyllarydyr.
Ol Sibire sürgün edilende ýesirler bilen bile 40° sowukda iñ agyr işlerde işleýär...
Dostoýewskiniñ iki goluna zannyýaman jenaýatkärlere, ganhorlara, ogrulara basylşy dag basylýar, saçy syrylýar. Şolar ýaly sowukda iki aýagy zynjyrlanan ýagdaýda işledilip ýörkä, ýanlarynda mydam eli gamçyly gözegçi durupdyr. "Injilden" başga kitaby okamak gadagan. Ýöne şol ýerde-de Dostoýewskiý ýeke bolmandyr, bendilik döwründe iki dosty bolupdyr: biri selkildäp ýören bir it, beýlekisi ganadynyñ biri döwük bolandygy sebäpli uçup bilmeýän bürgüt.
Sürgün möhleti gutaransoñ, şol agyr ýyllardan söz açýan "Ölüler öýünden hatlar" romanyny ýazýar. Roman neşir edilen badyna Russiýada gyzgyn seslenme döredýär. Hatda rus patyşasynyñ özü-de bu kitaby gözýaşlara boglup okandygyny we şondan soñ gulçulygy ýatyrandygyny aýdýarlar.
Dostoýewskiý öz ýurdunda giñden tanalýan ýazyjy bolsa-da, Tolstoý we Turgenew ýaly Ýewropada onçakly tanalmandyr. Belkäm şonuñ üçindir, haýsydyr bir ýewropaly ýazyjynyñ biriniñem Dostoýewskiý bilen baglanyşykly ýazan ýatlamasy we şuña meñzeş ýazgysy bolmandyr. Ýewropda bu gyzyl sakgally kişini diñe bankirler tanapdyr. Çünki Dostoýewskiniñ örän köp bergisiniñ bolandygy we juda mätäç ýagdaýdalygy sebäpli, Russiýadaky tanyşlaryndan pul gelip-gelmändigini bilmek üçin her gün banka gidip "maña çek gelmedimi?" diýip sorapdyr. Daşary ýurtda bolmagynyñ sebäbi-de belli: Russiýada onuñ algydarlary barmak büküp sanardan köp bolupdyr
"Humarbaz" atly ajaýyp eserini bary-ýogy 29 günde ýazypdyr. Has dogrusy, ýazmaga mejbur bolupdyr. Sebäbi neşirýatdan galam hakyny nagt alypdyr. Ol romanyñ neşir ediljek diýip bellenen gününe 29 gün galanda ýazyp başlapdyr. Eger ýazyp ýetişmedik bolsa, şol günden soñky ýazjak ähli eserleriniñ gonoraryndan mahrum boljak eken.
Çalt ýazmaga mejbur bolunan roman onuñ durmuşyny başga tarapa üýtgedýär. Ol romany çalt ýazyp dynmak üçin eli çakgan ýigrimi ýaşly kätip gyzy hakyna tutýar. Kyrk bäş ýaşly Dostoýewskiý soñ şol gyza öýlenýär. Iki gözi dört bolan Dostoýewskiniñ durmuşy şondan soñ tertibe girýär. Ýaş gyz onuñ ähli ýazgylaryny rejeleýär, ýazyja goltgy bolýar. Adamsy aradan çykansoñam, oña wepaly bolup galýar we beýik ýazyjy bilen geçiren pursatlaryny beýan edip ýatlama kitabyny ýazýar.
Melgunlar" romanyny ýazanda geñ-tañsy ahwallary başdan geçirýär, ysytma tutup özünden gitmelere uçraýar. Özüne gelensoñ, ýazyp oturan romanyna degişli hiç zady ýatlap bilmeýär. Hyýalynda beslän ähli sýužeti, obrazlary duw-dagyn bolýar. Şeýdip romany täzeden başlamaga mejbur bolýar. Onuñ düşen bu ýagdaýy soñam gaýtalanyp durupdyr.
Döwrüniñ iñ görnükli iki ýazyjysy Tolstoý bilen Dostoýewskiý bir döwürde ýaşandyklaryna garamazdan, hiç haçan duşuşyp görmändir. Şeýle-de bolsa, Tolstoý 1910-njy ýylda ölüm ýassygynda ýatyrka "Ölüler öýünden hatlary" okap "Puşkiniñ ýazanlarynda-da şundan gowy eseri okamandym" diýipdir.
Dostoýewskini Tolstoýdan we Turgenewden öñe geçiren onuñ "Jenaýat we jezasy", "Doganlar Karamazowlary" dälmişin. Ony rus halkynyñ gözünde ähli ýazyjylardan öñe geçiren bir zat, olam Puşkiniñ haýsydyr bir heýkeliniñ açylyş dabarasynda sözlän täsirli sözümişin. Dabara Turgenew we başga-da birnäçe tanymal ýazyjylar gatnaşypdyr. Gezekli-gezegine çykyş edilipdir. Nobat Dostoýewskä gelipdir, ol diýseñ tolgunduryjy we hyjuwly çykyş edipdir welin, märeke aññalyp galypdyr. Nutuk gutaran badyna ähli ýazyjylar onuñ daşyna üýşüp, elini ogşamaga başlaýar. Ömürboýy pul dilenip ýören we halamaýan adamy bolan Günbatar tarapdary Turgenewiñ özi gelip gözi ýaşly ony gujaklaýar. Märeke "пророк, пророк!" diýip gygyryşýar. Şu pursatdan başlap ýazyjy şöhratyñ çür depesine çykýar. Bütin Russiýa onuñ pikirlerine arka çykýar. Gezek özlerine gelendigine garamazdan hiç ýazyjy Dostoýewskiniñ yzyndan orta çykyp söz sözlemäge milt etmeýär
Nebsimiz agyrsa-da, ol ömürboýy zaryny çeken bu üstünliginiñ miwesini bary-ýogy bir ýyl görýär. Çünki, soñky ýyl (1881) ýazyjy aradan çykýar. Ýazyjy jaýlananda jynazasyna 30 müñ adam gatnaşypdyr. Bu bolsa Russiýanyñ şol wagta çenli görüp-eşitmedik jemendesidi. Bärde başga bir üns bermeli ýagdaý bar. Aglabasy rewolýusiýanyñ tarapdary bolan talyplar aýaklaryna zynjyr dakyp ýazyjynyñ tabydynyñ yzyndan ýöremek isleýärler. Talyplar şeýtmek bilen Dostoýewskiniñ Sibirde geçiren agyr günlerine yşarat edýärdiler. Patyşa tolgunşyk döremeginden çekinip, talyplaryñ talabyna sessizje razy bolýar. Patyşanyñ özem şondan kän wagt geçmänkä bombaly hüjüme uçrap, öldürilýär.
Dostoýewskiniñ öz ýurdunda hudaýlaşdyrylmagy bilen, psihologiýa ylmynyñ ösmegi netijesinde onuñ dünýädäki at-abraýy hem belende galýar. Ýöne siñe seljerme geçirilende, Dostoýewskiniñ eserleriniñ psihologiki taýdan ýöntem gelýändigini duýmak kyn däl. Z.Freýd bilen F.Nitşsäniñ Dostoýewskiý hakyndaky öwgüli sözleri, Jahan uruşlary sebäpli Hudaý we adamzat gaýratynyñ derñelmegi onuñ at-abraýynyñ artmagynda pozitiw täsirleri ýetiripdir. Belki-de, Dostoýewskiý köstsüz kämil prozaçy däl, ýöne onuñ beýikligi gürrüñsiz täsir edip bilýänligindedir. Roman ýazyş stilinde-de kemçilikleri az däl. Muña garamazdan adamzady şondan gowy beýan etmegi başaran başga ýazyjy ýok bolsa gerek.
 Sözümizi ussat ýazyjynyñ durmuş barada aýdan bir gowy sözi bilen jemläliñ:
"Durmuşdan gorkmañ, dostlar! Hemme zatdan öñ durmuşy söýmegi öwreniñ. Durmuş bizi gurşap alan dünýäde däl, öz içimizdedir. Daş-töweregiñ adamlar bilen gurşalan adam bolmak, nähili ýagdaýda bolañda-da adam bolup galmak, ejizlemezlik, ýykylmazlyk... ynha, durmuş şudur! Durmuşyñ hakyky manysy şudur!"
8
33
awesome
11.02.2022 21:02
Kämahal şeýle bir kör duýgy gelýä:
Mizan terezisi atyp dur hallan.
Küteklik ýitelýä,
Hyjuw kütelýä,
Gün ýaşýa kalbyňa gozgalaň salman.

Zemin abatlykmy,
Ýalançy ýazmy,
Ýagşy känmi,
Ýaman känmi —
Parhy ýok.
Ah, ozal bu dünýäň gussasy azmy?!
Bu derdiň-ä bir köpügem nyrhy ýok.

Çeken bilýä ýekeligiň hupbatyn,
Bu derdiň agramyn göteren bilýä.
Bu dert mugt berlenok,
Alnanok satyn —
Ony ilden çykyp gazanyp bolýa...

Kämahal şeýle bir ýalňyşýa adam.
Aldanýa,
Aldaýa,
Garaz, ýalňyşýa...
Şeýdip, ýüz öwürýä ýakynam,
Ýadam,
Ýalñyzlyk labyry gerdene düşýä.

Günäñ ötüldigi —
Allaň berdigi,
Ýogsa-da ýagşydan umydyň üzýäň.
On üçünji süňňüñ deýin derdiňi
Synañda gülle deý göterip gezýän.


Salam berilmeg-ä beýlede dursun,
Taňry salamyňam alynýa zordan.
(Ýazykly är başyndan gum sowursyn.
Şeýdip, maňlaýyny saplasyn şordan)...

Kämahal şeýle bir dag gonýa egne:
Jigeriň ot alýa bialaçlyga
Ýeke günlük ýalňyzlygyň deregne
Dözesiñ ger on sekiz gün açlyga.

Bu dertden
Mert bolsaň
Çykarsyň üstün,
Ýazygyňy boýun alsañ,
Ökünseň...
Goý, depäňde hazan ýeli öwüssin —
Ahmyr etmän...
Namartlyga çokunsaň.

Wagty ger,
Geziber içiň hümledip,
Bu derdiňi paýlaşjagam tapylar.
Şonda-da ýalňyşsaň...
Gedemlik edip —
Ile barýan iň soňky ýol ýapylar.

Soňra...
Çarp urarsyñ
Gözlärsiň höwür,
Ýitiren pursatyň tapmarsyň aňsat.
Adamlar öňküdir,
Üýtgändir döwür.
A sen düýnki güni ýörensiň aňtap...

Bu dert bir miwe däl,
Bitenok ýerde:
Ýa ýokardan ýagmyr bolup ýaganok...
Ýüzüňde şeýle bir ýukajyk perde —
Hudaý kessin,
Gizlenenňe degenok!..

Şiraly N.
10
33
awesome
11.02.2022 12:56
Görmeksiz gyz

Ine, barýaň umydya büdräp , 
Egnin horlugyňa utanyp çala , 
Uzakda orkestor joşup –titräp, 
Tans edýär owadan gyzlary bile . 


Hor elleriňi çykaraňok ýeňiňden , 
Olar birden ýere ýetäýjek ýaly . 
Geçip barýaň ýigitleriň deňinden , 
Gulaga ýakymsyz bir saz mysaly. 


Unudyp bilmän görmeksizje doglanyň , 
Ÿüregiňde hoş arzuwlar besleýäň. 


Emma ýigitleriň öz gaýgysy bar : 
Ÿörite ýag bilen saçlaryn darap . 
Olar wagytdanam ozup barýarlar , 
Özleriniň owadan gyzlaryna tarap. 


Ah, horja gyz ,horluguňdan horlanýaň. 
Saňa hoş söz diýjek ýigit nirede ? 
Bu şäherde näçe diýseň ýigit bar , 
Seni oýe ugradanok biri-de. 


Gyzlaram ýanyňa delmuryp gelip , 
Owadan gülüşip ýüregiňe düşýär . 
Olar görmegini artdyrjak bolup . 
Gezegine seniň bilen tirkeşýär. 


Öýe gelýäň .Gyýýar ýüregiňi ünjiň , 
Harasatdan çekilýär iki owurdyň . 
Aglaýarsyň :”Ah ,eje jan , name üçin 
Meni beýle betgelişik dogurdyň ?” 


Emma goňşy gelin –bir görmegeý dul . 
Atasyz ogluna günäli bakýar. 
Hem seniň tersiňe , 
Gussa-gam çekýär; 
“Owadan dogulma ,bagytly dogul “ 


Aglama,gyz! Uýajygym gam çekme , 
Bilip bolmaz ykbalyňy öňüňden . 
Bu howlukmaç ýigitlere at dakma . 
Kim gecenok öz bagtynyň deňinden . 


Käte şeýle bolýar :görkdür –görmek 
Gidip otyr il –içinde at alyp , 
Ÿöne namüçindir ,tylla ýüzük dek . 
Ÿolda.Gum içinde galýar sadalyk . 


Tekepbir bol ,çykyp bolmaz gaýa dek , 
Sada bol, aýlaryň doguşy ýaly . 
Şeýle ýigitler bar (olar bar entek ) 
Sen dek gaýalarda olaň hyýaly ! 

Gurbannazar Eziz
14
59