awesome
12.03.2022 18:17
1. Pýotr l arakhorluga garşy gyzykly göreş usulyny oýlap tapypdyr. Arakhory agramy 7 kg bolan medal bilen "sylaglapdyrlar". Medaly hiç wagt boýnuňdan aýyrmaly däl eken (aragyny goýýança). Aýyranyny bilseler ýa-da eşitseler jeza beripdirler.

2. Taýlandyň gimnini rus kompozitory ýazypdyr.

3. Dünýädäki iň gysga wagt dowam eden uruş Angliýa we Zanzibaryň arasynda bolupdyr. Uruş bary-ýogy 38 minut dowam edipdir.

4. Gadymy Rim imperatorlaryndan biri Neron özüniň gul erkegine öýlenipdir.

5. Gadymy Hindistanda rehimsiz jeza hökmünde jenaýatçynyň gulagyny kesipdirler.

6. Arap sanlaryny araplaryň özi dälde hindistanly matematikler döredipdirler.

7. Iň uzak dowam eden uruş 335 ýyla çekipdir. Emma urşuň dowamynda iki tarapdanam ýitgi bolmandyr. (şu barada-da tema açaryn,zametka belläpdim. Eger tapsam)

8. Bir wagtlar morfin (narkotik derman,tirýek) üsgülewige garşy giňden ulanylypdyr.

9. Gadymy Müsür frawuny Tutanhamonyň ata-enesi süýtdeş dogan bolupdyrlar.

10. 18- asyra çenli Rossiýaň öz baýdagy bolmandyr.

11. Napoleon goşunyndaky esgerler generallara "sen" diýip ýüzlenipdirler.

12. Ikinji jahan uruşynda Gyzyllar armiýasynda Semýon Konstantinowiç Gitler diýen pulemýotçy gulluk edipdir. Onuň milleti ýewreý eken.

13. 17- asyrda termometri simap dälde konýak bilen doldurupdyrlar.

14. 1983 ýylda Watikanda ýekeje-de çaga dogulmandyr.
12
77
ideallider
13 Mart 2022
8-garaşly edýärmikäraý!?😊👍🏼
.ೃ࿐⦑A⦒ý⦑n⦒⦑a⦒𓆩༢࿔ྀુ
12 Mart 2022
Sonagyz, tok urdurup ýörmüň adamlary🤣
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
12 Mart 2022
Frawun däl faraon 👍
.ೃ࿐⦑A⦒ý⦑n⦒⦑a⦒𓆩༢࿔ྀુ
12 Mart 2022
Sonagyz, baybuuuu şolar ýaly halaňňokmy, nädip 5 lik
.ೃ࿐⦑A⦒ý⦑n⦒⦑a⦒𓆩༢࿔ྀુ
12 Mart 2022
Sonagyz, aaaaa näme üçin halaňňok hezilä😊😇
.ೃ࿐⦑A⦒ý⦑n⦒⦑a⦒𓆩༢࿔ྀુ
12 Mart 2022
Ugrum taryh bolansoň gaty gowy maglumatlar, minnetdar😊😇
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
12 Mart 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
Возможность комментирования данной публикации было отключена.