awesome
01.03.2022 16:35
HEÝKELLER ÝYLGYRMAÝAR

Bir ömrüñ şerbedi näçe köp bolsa,
Şoňça ajy bolýar ölüm awusy.
Näçe beýik boldugyça şahsyýet,
Şonça uzak bolýar onuñ agysy.

Menden gowy bilýäň bu zatlary sen,
Menden köpem bilýäň.
Ýok oňa dawam.
Bir zady bileňok:
Ikimiz gitsek,
Adamlaň näçe wagt ýüregi awar?

Näçe wagtlap agymyzy aglarlar?
Üç günmi?
Kyrk günmi?
Ýigrimi ýylmy?
(Adam galan däldir dodak çöwire,
Görseň, hemme kişiň ýetendir ylmy!)

... Dessanyň iñ soňky şahasyn okap,
Ýyldyz daga owsundyryp hyýaly,
Göroglyň ölmüne aglamadyňmy,
Göýä ol soňky jeň düýn bolan ýaly?

Eýsem, indi türkmen iki asyrlap
Aglanokmy Magtymgulyñ agysyn?
Gaýdyp berip bilerismi ikimiz
Bu halka, söýgüli Berdi agasyn?

Indi:
«Öldüm, eý waý, gelinler!» diýip,
Kim gygyrsyn Sahy bagşyñ deregne?
(Bak,
Heýkeller gamgyn bolup durýandyr,
Delä guş gonýandyr,
Alada — egne).

Namart busar,
Mert galar ör-boýuna.
Şir özüni ýeke gezek awladar.
«Güýz, güýz» diýip,
Güýz gününde hoşlaşan
Gurbannazar entek bizi agladar.

... Gowy görşi ýaly gelin-gyzlary
Sekizinji martda hoşlaşan Halyl
Ýatyr gapdalynda Gurbannazaryň
Gygyryp:
«Näm bold-ow,
Oglanlar hany?»

Hany Täşli?
Hany Saýlaw?
Italmaz?
Kynmy bir-biriňi saklamak aýap?
Her haýsy bir deräň şir-peleňidi,
Doňdular,
Öwrülip hersi bir gaýa.

Näme beýle gysga biziň ömrümiz?
Bizi öldürýen zat —
Dostlaryň ölmi.
Hazan ýeli kürsäp, girende baga,
Soldurýar —
Parhy ýok —
Tikenmi, gülmi.

Kemelende her gezek bir dostumyz,
Bir salym ýuwaşap,
Ümsümje gezýäs.
Soňam sessiz aglap
(Ne alaç başga!),
Ýürekden bagyşlap
Hem ýatlap ýazýas.

Şäher Borjak.
Öwezmyrat.
Hanguly...
Sana,
Näçe sapar agzymyz bişdi?
Haýsy biri gitdi gojalyp-garrap,
Haýsy biri hasa tutup ýetişdi?

Irräk gitmedimi Gara Seýitli?
Kaýda mesgen tutdy gardaş Abdylla?
Ussadyň yzynda galýan eserler
Gör, kim üçin — kagyz,
Kim üçin — tylla!

Bizi ýene näçe ýyllap agladar
Nury Halmämmediň jadygöý sazy?
Näçe ýyllap ýürekleri elendir
Annaberdi Atdanowyň owazy?

Eýsem, Gurt Ýakubyň «Serwi agajy»
Wagtyndan ir dökmedimi ýapragyn?
Ynha indem Memmet Seýit bimahal
Ýassanmaly boldy Durun topragyn.

Aglap ýetişmänkäk onuñ agysyn,
(Näm bolany köpimize näbelli!)
Lowlap-lowlap ýanyp,
Köräbem söndi
Elli ýaşdan ýaňy geçen Ýa. Belli.

Eýsem, indi bu merhumlaň agysyn
Şeýdip ýuwaş-ýuwaş soňlaýarysmy?
Ýa yzynda toplap eserlerini,
Baýraga hödürläp oňaýarysmy?

Şükür,
Wezipe bar ikimizde-de,
Ýöne, ol hakda däl meniň söhbetim.
Kesgitlemek saňa, maňa galmandyr
Uly ýitgä aglamagyň möhletin.

Deýýuslaň gybaty,
Golsuz arzasy
Ýene näçe äriň başyna ýeter?!
Şolardan goraly galanlarmyzy,
Şeýtsek,
Gidenlerem rahadrak ýatar.

Men ýazýançam,
Sen atanak çekýänçäň,
Bir näkesiň gurdy gündiz uwlapdyr:
Halkyň eziz görýän ogullarynyň
Ýene biri keselhana ugrapdyr.

Ýetişeli!
Gopar syrtyň kürsüden!
(Pikir etme,
Sen hiç haçan ölmersiň!)
Şeýdip, men-ä onça ýyllap aglaman,
Senem meni diñdirmeli bolmarsyñ.

Şiraly N.
10
38
gulshatayewa97
3 Mart 2022
Tüweleme 👌
MissBoss♕
1 Mart 2022
Dove,sohbetdeslik bolumine gecay
Myhman Myhman
1 Mart 2022
👍👏👍👏👍👏
Возможность комментирования данной публикации было отключена.