awesome
02.03.2022 19:50
Zerurlyk

Meniñ al-asmana uçasym gelýär,
Ganatlarmy ýaýyp, kakyp pelesañ.
Bulutlardan añryk uçasym gelýär
Diýseler-de: "Uçup bilmez kelesañ".

Ýa-da, uçjak -
bolup bilsem eger-de,
Iñ añyrbaş uçarlaryñ kysmyndan.
Gonjagam däl başym göge degende,
Keýpden çykjak, tä gaçýançam ysgyndan.

Dogrusy,
uçasym gelse-de, gorkýan
(Görüñ-ä bedenmiñ gagşaýanyny).
Ýöne meñ barybir uçmagym hökman
Gizlemeklik üçin agsaýanymy...

BAKY AMANÝAZOW
8
57
ideallider
3 Mart 2022
Dove, düýn agşam smple girl agza goýdy. Gaýtalasaňam bilmedim, duzsuz bolaýmasa🙂👍🏼
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
2 Mart 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
ideallider
2 Mart 2022
Shamko, ýazmasaň belli bolmaz. Birwagtlar Albert Eýnşteýinede "Däli" diýipdirler. Onsaňam sungata biz düşünmerslaý. Ýagny daşary ýurtda suratlar bar, meselem "Gara dörtburçluk" ýada "Gyzyl nokat". Olaryň bahasy plança milýon dollar. Gülkünç ýeri olar suratdäl ýönekeý bir gara dört-burçlyk we ak kagyzda bir gyzylja nokat. Etjek bolýanymyz suratdälleweli, düzjek goşgularymyz hem sungat bolarda🙂👍🏼
Melikee
2 Mart 2022
IDEALLIDER,hää şuňa diýýäňmi!?
ideallider
2 Mart 2022
Dove, ýene bir täze ýaryşly tema açsana. Ýaryşyň düzgüni "Küplet goşgy düzmeli. Emma küplediň hemme sözi bir harpdan başlanýan bolmaly" bizde şahyrlar köp ahyry. Düzsünler🤩👍🏼
Возможность комментирования данной публикации было отключена.